Ï Türkmenistanyň “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Kanuny ýaramsyz antropogen faktorlary azaltmaga gönükdirilendir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Kanuny ýaramsyz antropogen faktorlary azaltmaga gönükdirilendir

view-icon 7056
Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysadyýetiň energetika, senagat we ulag ulgamlarynyň işlemegi netijesinde ýüze çykan ekologiki meseleleri azaltmak boýunça örän uly işler edildi. Şeýlelikde, howa ýaýraýan zyýanly zyňyndylaryň birnäçe stasionar çeşmeleriniň durky täzelendi ýa-da olar ilatly nokatlarynyň çäklerinden daşary çykaryldy. Elektrik beketleriniň tehniki derejesini kämilleşdirmek, energiýa we ýyladyş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, gök zolaklara büremek işleri dowam etdirilýär. Birnäçe ýyl mundan ozal täze ýangyç hil standartlary, ulag infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglylykda daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän köne ulag serişdelerini ýurda getirmegi gadagan etmek girizildi. Şeýle hem ýurtda ekologiki ekspertiza ulgamy netijeli işleýär. Senagat desgalarynda we önümçilikde hökmany suratda zyýanly zyňyndylaryň inwentarizasiýasy geçirilýär, olary azaltmak boýunça tebigaty goraýyş çäreleri amala aşyrylýar. Täze kanunyň esasy pikirlerini Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy Batyr Ballyýew şeýle teswirleýär:

- Daşky gurşawy hil düzümlerini kesgitlemek dürli hünärmenleriň ýerine ýetirýän işlerinden emele gelýär. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti – tebigaty goramak ulgamynda döwleti dolandyrmakda ygtyýarlandyrylan edara bolup durýar, ol atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar. Döwlet komitetiniň orny ol atmosfera howasyny goranmak ulgamynda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy üpjün etmek we olaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny tassyklamak, atmosfera howasynyň ýagdaýynyň monitoringini gurnamak we geçirmek, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň we parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň tükellenilişini geçirmegiň tertbini bellemek bolup durýar.

Ilatly nokatalarda howanyň hiliniň standartlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde bolýar, ýakylýan ýangyjyň standartalaryny nebitgaz, senagat we energetika edaralary kesgitleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet meteorologiýa bilen meşgullanýar, Statistika baradaky döwlet komiteti atmosfera zyňyndylar barada maglumatlary ýygnaýar we olary her ýylda statistika ýygyndylarynda çap edýär.

“Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” atmosfera howasyny goramagy esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär. Monitoringiň netijeleri her günki býulletenler görnüşinde ýygnalýar we degişli guramalar boýunça paýlanylýar. Mundan hem başga, her aýlyk we ýyllyk hasabatlar taýýarlanylýar. Bu seljermelerde alymlary näme gyzyklandyrýar? Ilkinji nobatda, tozanyň derejesi ölçenilýär we ondaky dürli maddalaryň gaty bölekleriň barlygy, şeýle hem howada kükürdiň zyýanly diosidi, azodyň, agyr demirleriň okisi we beýlekiler ölçenilýär.

Atmosfera howasyny goramak ulgamynyň öň kabul edilen kanuny howanyň hilini goramagyň esasy çarçuwaly ugurlaryny we elementlerini görkezdi. Kanunyň täze redaksiýasy işlenilip taýýarlanylmazyndan ozal köp ugurly işler edildi. Howany hapalamagyň çeşmeleriniň we görnüşleriniň milli sanawy düzüldi, zyňyndylary barlamagyň usullary taýýarlanyldy, atmosfera howasynyň ýagdaýyny barlamagyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipler işlenilip taýýarlanyldy, strategiki senagat pudaklary üçin ygtyýar edilen zyňyndylarynyň standartlaryna gaýtadan seredildi. Bir wagtyň özünde bu işi utgaşdyrmak boýunça usullar işlenilip taýýarlanyldy. Bir söz bilen aýdanyňda, ilkibaşda hojalyk we beýleki işlerde daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsir etmeleriň öňüni alýan milli standartlara – hukuk we guramaçylyk esaslary we mehanizmleri emele getirmek üçin platforma taýýarlanyldy.

“Atmosfera howasyny goramak hakynda” Kanun kabul edilenden soňra, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB), Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň howa hil standartlary bilen deňeşdirip bolýan has köp howany hapalaýjylar yzygiderli barlanyp başlady. Geçirilen barlaglar Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin aňrybaş rugsat berilen esasy hasaplamalary bolar. Bu işde halkara ýangyç standartlary we aňrybaş rugsat berilen zyňyndylaryň kadalary ulanylar.

Täze kanunda Atmosfera howasyny goramak ulgamynda adalgalar birinji sapar girizildi, onuň ýagdaýyna döwlet monitoringiniň esasy ýörelgeleri anyklaşdyryldy. Zyňyndylaryň we hapalaýjy maddalaryň çeşmeleri toparlara bölündi, daşky gurşawy goramak ulgamynda ygtyýarly döwlet guramasynyň ygtyýary giňeldildi we has takyk beýan edildi, hojalyk işleri taslananda, ýerleşdirilende, gurluşygynda, durky täzelenende we ulanylanda talaplar giňeldildi. Şeýle hem galyndylar saklananda, gaýtadan işlenilende we zyýansyzlandyrylanda atmosfera howasyny goramaga bildirilýän talaplar takyklandy. Kanunda zyýanly zyňyndylaryň döwlet hasabyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlendi.