Ï Balkan welaýaty ekologiki syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýaty ekologiki syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir

view-icon 2801
Hazar deňziniň ekologiki taýdan arassa kenary, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy, Sumbar deresiniň, Çendir, Aýdere jülgeleriniň goralýan künjekleri, şaglawuklar, derýajyklar, nar, üzüm baglyklary, Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň ösümliklere baý dünýäsi, Balkan daglarynyň taryhy ýadygärlikleri – gadymy taryhly we özboluşly däp-dessurly owadan, jenneti mekanly Balkan welaýatynyň rekreasion baýlyklary bolup durýar. Halkyň medeniýeti we durmuş gurluşy, ajaýyp tebigy landşaftynyň köp dürliligi bilen tanyşmak isleýän biziň ýurdumyzyň myhmanlary bu gadymy topragyň baýlyklaryna haýran galarlar.

Dynç almak üçin ajaýyp ýerleriň biri hem – Hazar deňziniň kenarydyr. Bu ýerde altyn çäge dag gaýaly kenar bilen utgaşyp gidýär. Hazar deňziniň suwunyň üstünde gaýyp ýören çarlaklaryň sesi eşidilýär, günüň ýaşyp barýan wagtlary uzaklarda gyzyl reňkli gyzylinjikler görünýär. Ördekler we gazlar, beýleki suwda ýüzýän guşlar planktonlary we ownuk balyklary awlamak ugrunda göreşip, kenarýaka çäkleri özleşdirýärler. Olaryň birnäçesi, kyn uçuşlara gitmezlik kararyna gelip, hazaryň kenarynda ýaz paslyna çenli gyşlamaga galýarlar. Şonuň üçin hem bu ýerlerde ekologlar we höwesjeňler – tebigaty söýüjiler – ýerli faunany we florany öwrenmek boýunça ýeňil ekologiki çärä öwürýärler.


Türkmenbaşy deňiz portundan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän ajaýyp desgalaryň biri hem – birnäçe metr deňze gidýän we täsin şekilleri bilen suwdan çykýan “gara daşlardyr”. Ol darajyk oýjagazlar tory bilen örtülip, dury deňiz suwuna ýuwulýar we owunjak balyjaklar şadyýan oýnaýalar, gijelerine bolsa ýagly gapdallary bilen meduzalar ýaldyldap görünýärler. Eger-de syýahatçylyk şowuna düşse, onda uzaklykda gyzgyn daşlaryň üstünde ýatan hazar düwlenlerine gabat gelmek bolýar, olar garaşylmadyk myhmanlar gelende çaltlyk bilen öz ýatan ýerlerini taşlap, uly gykylyk bilen deňze çümüp gidýärler.


Golaýda – täsin galdyryjy owadan örän uly çägelik dunýäsi. Ýeliň täsiri bilen öz keşbini yzygiderli üýtgedip duran bu çägelik bilen ýöräniňde, kontrabasyň kirşiniň alta owazyny ýadyňa salýan owaz eşidilýär. Ýa-da bu deňiz tolkunlarynyň owazy, ýa-da şemalyň sesi bilen bilelikde güne ýalpyldaýan çäge zerleriniň owazy. Hut şu “owazlar” üçin hem ýerli ýaşaýjylar bu ýeri “aýdym aýdýan alaňlar” diýip atlandyrypdyrlar. Çägelikde haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň aýak yzlary gowy saklanyp galýar. Ynha gorizontal zolaklar merdiwan görnüşinde. Bu bu ýerleriniň eýesi alahöwren, ol öz teniniň her egrelýän ýeri bilen “ýöreýän” ýaly akyp duran çägelikde ýokary dyrmaşýar. Ynha-da inçe ýylanyň yzy. Ol mekdep galamyndan ýogyn däl, ony çalt hereket etmäge ukyplylygy üçin diňe açyk ýerlerde görüp bolar. Onuň golaýyndan çägede “güle” meňzeş yzyny goýup hažžyk süýşüp gelýär. Ol howpy duýup, guma gömlüp, birden gözden ýitýär. Töwerek daşymyz – towşanlaryň we tilkileriň gijeki gezimlerine şaýatlyk edýän yzlardan doly. Bu ýerleriň gijeki faunasynyň durmuşy işjeň ýagdaýda dowam edýär. Öňümizdäki burundan daşdan owadan galdyrylan – köne Maýagyň ajaýyp görnüşi açylýar. Ol deňiz tolkunlarynyň mysalynda örän owadan görünýär. Bu goraghana ýerlerinden taryhyň ýaňy eşidilýär..


Türkmenbaşy şäheriniň islendik nokadyndan dag syýahatçylygyny söýýänler üçin söýülýän ýer – Gubadag gerşiniň görnüşleri açylýar. Şäher çäklerine golaý ýerleşýändigi üçin bu ýerler ekstremal syýahatçylygyny söýýänleriň köp sanlysyny özüne çekýär. Iň batyrlar üçin tejribeli hünärmeniň ýolbaşçylygynda gaýanyň ýokarsyndaky uly bolmadyk Umçaly gowagyna galmak diýip hasap etse bolar. Gubadag gerşiniň aýratynlygy onuň ýokarsyndaky örän uly tekizlikden ybarat bolan gerşine ulagda baryp bolýanlygy bolup durýar. Bir tarapdan bu tekizlik çöl pesligine baryp ýetýär, beýleki bir tarapdan – şäher ugrunda birden gaýa kesýär. Bu gaýa birnäçe belentlikden ybarat bolup, onuň iň beýik ýeri – “Şagadamdyr”. Bu ýerden kenar ýakasynyň şäheriniň ajaýyp görnüşi açylýar, ondan soň – gözýetime çenli – günüň şöhleleri deňiz suwunyň üstüni ýalpylladýar. Kenarda köpürjikli tolkunlar jyglymlary we balykgulaklary ýuwýar. Bu ýerde, guş uçar belentlikden açyk howada Hazar deňziniň ýakynda ýerleşýän ýarym adalaryny, Gyzylsuw adasyny, Türkmenbaşy aýlagyny we “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň ak mermere beslenen myhmanhanalaryny görüp bolýar.


Köp günlük syýahatçylygy söýýänler üçin Günbatar Köpetdag boýunça dürli çylşyrymlyk derejesindäki ýörüşler guralar. Uly Balkan daglary – bu çeşmelerden, türkmen arçalyklaryndan – arçalar, ýakymly ysly zirk agajyndan, itburundan, injirli daş jülgelerinden ybaratdyr. Olar adatdan daşary owadanlygy döredip, demirgazykdan günorta tarap uzap gidýär. Gerşiň belentligi deňiz derejesinden 1800 metrden gowrakdyr. Ösümlikleriň we dag eňňitlerinde dag toýnakly haýwanlary, şeýle hem tilkiler, towşanlar we oklukirpiler duş gelýär. Bu ýerden, kertden, beýiklikleriň tapawudyny nazara alyp, günüň ýaşmagy sebäpli emele gelýän şapagy we asmandaky ýyldyzlar ýaýrawyny synlap bolýar, dag otlarynyň ýakymly yslaryndan doly arassa howadan dem alyp bolýar.


Aýratynlykda duran – Kiçi Balkan daglaryň beýikligi ep-esli pesdir – 780 metr. Olar özüniň gaýtalanmajak aý peýzažlary bilen owadandyr. Adatdan daşary relýef goralýan tebigaty söýýänleri özüne çekýär. Bu gerişde bilesigelýän ýolagça görmäge zat kän. Özüniň baý ruhy mirasy, owadanlygy we gadymy yrymlary bilen özüne çekýän bu toprak bilen tanyşmak üçin dagyň ýowuz we owadan dünýäsini öz gözüň bilen görmeli.


Günbatar Köpetdag – Türkmenistanyň genji-hazynasydyr. Tebigat bu ajaýyp sebite özüniň baýlyklaryny eçilipdir. Ýerli subtropiki howaly – Magtymguly şäherçesinden Sumbar jülgesi boýunça Gerkez şäherçesinden – beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň watanyndan – birnäçe ekologiki ugurlary çekip bolar. Ugry Arwaz jülgesinden Ýylysuwa we ondan soňra Köwata ýerasty kölüne çenli çekip bolar. Zirik agaçlarynyň, böwürslen agajynyň, ýemşeniň, ýabany naryň, grek hozunyň, badamyň we üzümiň ösüp oturan ýerleri bolan Aýderäniň ýazga geçirip bolmajak owadanlygy bardyr. Bu ýerler mekdep okuwçylarynyň – ýaş syýahatçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminde iň bir gowy görýän ýerleriniň biridir. Giň jülgeden tizlik bilen akýan adybir dag derýasy bu ýerlere aýratyn öwüşgin berýär. Aýylar bu sebitleri birwagt taşlap idipdirler, indi olary diňe jülgäniň “Aýdere” diýip atlandyrmagy ýatladýar.


Bu ýerler Sünt-Hasardag goraghanasynyň öňündäki zolakda ýerleşýär. Ol gürrüňsiz ülkäni öwrenijiler üçin gyzykly bolar. Jülgeleriň belentliklerinden gaýdýan köp sanly şaglawuklar, gowy saklanyp galan suw degirmenleri we howuzlar, asma köprüler ýerli ýaşaýjylaryň myhmansöýerligi bilen bilelikde syýahatçylyga aýratyn öwüşgin berer, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ýokary dag subtropikasy bilen tanyşmak ýerli ýaşulylar tarapyndan aýawly saklanýan ýerli yrymlar we etniki rowaýatlary bilen bezär. Gülzarlyga öwrülen bägülli meýdanlar, ýokary dyrmaşyp barýan dag goçlary, çuňňur jülgelerdäki derýajyklaryň özboluşly owazlary – ýatdan çykmajak pursatlar bolup, ynsan kalbynda mähirli duýgulary oýarar.


Sumbar jülgesiniň ajaýyp tebigy landşafty köp dürlidir we bir jadyly ertekiden beýlekisine düşýän ýalydyr. Çöpürçynar suw howdanynyň ýanynda Nohur tekizliginde çopanlara gabat gelmek bolýar. Olar seni uly hormat bilen sada çopan saçagynyň başyna çaý içmäge çagyrarlar. Tebigat bilen ýakyndan tanyşmak, türkmen orta dag ýaşaýjylarynyň durmuş gurluşy bilen tanyşmak – bu şol bir köp ugurly syýahatçylygyň biridir – ekologiki ýa-da etnografiki syýahatçylykdyr. Has hem Balkan diňe bir tebigy desgalara baý bolman, eýsem dürli taryhy we arheologiki ýadygärliklerine hem baý mekandyr.