Ï Hepdäniň wakalary: parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen

view-icon 3299
Geçen hepde Türkmenistanyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýan ähmiýetli wakalara baý boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Milli asylly däplere laýyklykda, Beýik Biribaryň gadyr goýan gijesi hasaplanylýan Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda agzaçar sadakalary berildi. Olarda agzybir halkymyzyň bagtyýarlygy, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi barada doga-dilegler edildi.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden we dabaraly baýram edilýän şu ýylda milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen çagyryşy nurana geljege tarap ynamly gadam urýan biziň halkymyzy täze beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.

27-nji iýunda milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda ähli watandaşlarymyzy, aýratyn-da, döredijilik işgärlerini ýurdumyzda giňden hem-de dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy aýawly saklamak we baýlaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda şu ýyly biz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly hökmünde yglan etdik, türkmen medeniýetini, halkymyzyň baý mirasyny we taryhy gymmatlyklaryny öwrenmekde hem-de ony wagyz etmekde bu ýyla aýratyn ähmiýet berilýär.

29-njy iýunda milli Liderimiz doglan güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden - Mejlisiniň başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi. Ýygnananlar milli Liderimize Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň yzygiderli artmagynyň, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar milli Liderimiziň öňdengörüjilikli paýhasly syýasatyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýan hem-de Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň ornuny artdyrýan ynsanperwer ýörelgelerine çäksiz buýsanýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň täsin, özboluşly milli nusgasy döredildi.

Türkmenistanyň her bir raýatynyň bagtly, abadan durmuşy üçin oňyn şertleriň döredilmegini ähli özgertmeleriň möhüm ugry hökmünde kesgitlän milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşiniň baş şertini we esasy maksadyny halkymyzyň sagdynlygyny üpjün etmekde görýär. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylyk meseleleriniň oňyn çözgüdinde öz beýanyny tapýar. Bu ulgama täze lukmançylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmazdan, geljegi uly gözlegleriň esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmazdan, olaryň netijeliligini has-da artdyrmazdan ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek mümkin däldir.

Iň häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezleri, häzirki döwürde enjamlaşdyrylyşy we hödürlenýän hyzmatlary boýunça dünýäniň ugurdaş edaralaryndan pes bolmadyk lukmançylyk we şypahana-dynç alyş ugurly dürli ulgamlar hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz kakasy Mälikguly aganyň bejeriş alýan ýeri bolan Halkara kardiologiýa merkezine bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Olar döwlet Baştutanymyza täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda ýurdumyzyň bejeriş–öňüni alyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler.

Duşuşygyň barşynda paýtagtymyzdaky saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalaryndaky işleriň ýagdaýy, olary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanymyza giňişleýin hasabat berildi. Olaryň hatarynda Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Morfologiýa merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi bar. Umuman, 2016-njy ýylyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň 16-sy ulanylmaga berler.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda, oba ýerlerinde 44 hassahana, 72 saglyk öýleri we merkezleri gurlar.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalary, hususan-da, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF), BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Milli Liderimiz ilatyň saglygyny goramak babatda täze döwlet syýasatynyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, adamlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň aýry-aýry ugurlarynyň tapgyrlaýyn esasda däl-de, eýsem, düýpli usulyýet taýdan uzakmöhletleýin maksatnamalara we çärelere esaslanýan toplumlaýyn häsiýetde ösdürilmelidigini nygtady.

Geçen hepdede geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň möhüm meseleleri, milli maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, gürrüň dürli pudaklaryň ösüşiniň döwlet maksatnamalarynyň çäklerindäki möhüm wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda boldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli agrotehniki çäreler, galla oragyny guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada aýdyldy.

Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen senagat önümlerini öndürýän kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyza sebitiň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Lebap welaýatynyň Magdanly şäheriniň çäginde gaýtadan işleýän pudagy toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň Senagat ministrligi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Milli önüm” hususy kärhanasy bilen bilelikde ýerli çig mallaryň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça “Magdanly gurluşyk materiallary” pudaklaýyn kärhanany açmagyň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. “Hilli gurluşyk önümleri” kärhanasy geljekde bir ýylda 100 müň tonna gips, gipsiň esasynda gury gurluşyk garyndylarynyň 250 müň tonnasyny we 12 million inedördül metr gipsokorton öndürer. Döwlet Baştutanymyza ýurdumyza hlorly kaliý dökünini getirmek boýunça halkara bäsleşiginiň geçirilendigi, Lebap welaýatynda dürli maksatly döwrebap binalary ulanmaga bermek, täze desgalaryň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Mejlisde paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmagyň meselelerine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri ýerlemegiň tertibini kämilleşdirmek, 25—30-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilen türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynyň netijeleri barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe Kararlara, şol sanda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň we halkara guramalarynyň arasyndaky halkara resminamalaryny tassyklamak hakyndaky; 2016-njy ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek hakyndaky; “Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky”, “Türkmenistanyň raýatlaryna daşary döwletlerde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” resminamalara gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 6-njy iýulynda Oraza baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi we şol güni iş güni däl diýip yglan etdi. Şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň 586 we daşary ýurtlaryň 26 raýatynyň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Beýik Biribaryň ruhy tämizlige, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige çagyrýan Gurhanyň ilkinji sürelerini ýere inderen pursady bolan Gadyr gijesi mynasybetli milli Liderimiz ýurdumyzyň Gypjakda ýerleşýän Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa Türkmenistanyň müftüsi, ýurdumyzyň Baş metjidiniň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, paýtagtymyzdan we sebitlerden gelen hormatly ýaşulular, Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, milli parlamentiň deputatlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ruhuny hatyralap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aramgähe gül çemenini goýdy. Bu ýerde guralan çärä gatnaşyjylar hem aramgähe gül desselerini goýdular. Aramgähde hatyra dogasy okaldy. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň maşgalasynyň aram tapan ýerinde Gurhandan süreler okaldy.

Döwlet Baştutanymyz sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, pederlerimiziň Remezan aýyna gadyr goýýandygyny, Gadyr gijesini iň arzyly gije hasaplandyklaryny belledi. Bu gije agzybirlikde, hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşylanypdyr. Biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleriň, beýik ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede gadymy däplerimizi mynasyp dowam edýäris we yzygiderli ösdürýäris.

Hormatly Prezidentimiz milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşynyň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň möçberli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini hem-de Watanymyzyň şäherleriniň, obalarynyň ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler alnyp baryljakdygyny belledi. Milli Liderimiz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şanly 25 ýyllygy giňden dabaralandyryljakdygyny aýdyp, her bir türkmenistanlynyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk duşuşygynyň barşynda bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy, Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edilýän buggaz elektrik bekediniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak we Russiýanyň “BTK Holding” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýew bilen bolan duşuşygynyň barşynda netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýasynyň baştutany jenap Žil Remi bilen bolan duşuşygynda ýangyç-energetika toplumyndaky, gurluşyk we ulag düzümlerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Jenap Žil Remi “Sifal” kompaniýasynyň TOPH taslamasyny, başga-da milli we sebit ähmiýetli desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bu babatda birnäçe teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amatly geosyýasy ýagdaýy bolan ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň ulag ulgamy boýunça öňe süren başlangyçlaryny esasy ugur edinýän halkara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda iri möçberli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, bu ugurda köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” köp şahaly döwrebap ulag geçelgelerini işjeň döredýär. Şunda, deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlary ösdürilýär, sebit ähmiýetli birnäçe möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli ulag-logistik ulgamyny giňeltmek maksatnamasy hut şu ugra gönükdirilendir. Munuň özi ýük daşalyşyny artdyrmaga, işiň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde, geçen hepdede Ýewropanyň iri “Cargolux Airlines International S.A.” awiakompaniýasynyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gezek gondy. 2015-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, bu awiakompaniýa Lýuksemburg-Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede 8 gatnawy amala aşyrýar. Indi bu kompaniýa Türkmenistanyň howa menzilleriniň üsti bilen 10 gatnawy ýerine ýetirer. 2017-nji ýylda “Cargolux” kompaniýasynyň uçarlary her gün Türkmenbaşynyň we Aşgabadyň üsti bilen ýük daşar.

Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek babatda öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ählumumy durmuş-ykdysady ösüş bu babatda möhüm şertleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygy boýunça taslama gatnaşyjy döwletler bilen bilelikde amala aşyrylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleýin bölümleriniň tagallasy bilen, Atamyrat—Ymamnazar demir ýol şahasynyň 80 kilometri gurlup, Ymamnazar bekedine ýetdi. Şunuň bilen bir hatarda, elektrik geçiriji ulgamy, Gülüstan we Ymamnazar beketlerinde düzümleýin desgalary, şu ugurda iki sany iri demir ýol köprülerini gurmak işleri alnyp barylýar. Olaryň biriniň uzynlygy 363, beýlekisiniňki bolsa 256 metre barabardyr.

Mary welaýatynyň merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeligi – 2016 tamamlandy. Onuň maksatnamasyna halk aýdymlary, häzirki zaman estrada, wokal aýdym-sazlary, şol sanda milli we dünýäniň nusgawy saz eserleri girizildi. Belli tans toparlarynyň folklor äheňdäki horeografiýa çykyşlary konserte özboluşly bezeg berdi. Baýramçylyk konserti türkmen halkynyň täze zähmet ýeňişlerine, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüniň senasyna öwrüldi.

“Türkmeniň ak öýünde” geçirilen dabarada Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky geçiriljek ýeriniň yglan edilmegi baýramçylyk konsertiniň has-da täsirli pursady boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Geçen hepdede Aziada—2017-niň hormatyna guralan dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar Balkan welaýaty boýunça ýoluny dowam etdiler. Atlylar şäherlerde we obalarda bolup, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni ýadygärliklerine, ýurdumyzyň Günorta—Günbatar künjeginiň syýahatçylyk ähmiýetli ajaýyp tebigy aýratynlyklaryna baryp gördüler. Olar bilen geçirilen duşuşyklar ýaşlygyň, sportuň nurana baýramçylygyna öwrüldi. Atly ýöriş döredijilik toparlarynyň konsert maksatnamasy, ýaşajyk türgenleriň görkezme çykyşlary bilen utgaşdy.

Hepdäniň sport wakalary barada aýdylanda, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde söweş sungatynyň görnüşi boýunça Aziýa çempionaty barada aýratyn durup geçmeli. Guşakly göreş boýunça türkmen türgenleri umumy toparlaýyn bäsleşikde birinji ýeri eýelediler.

Türkmen pälwanlarynyň üstünligine hormatly Prezidentimiz ýokary baha berdi we Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda olara minnetdarlyk bildirdi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary garaşsyz ösüşiň ýyllarynda ýurdumyzda ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň toplanandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Türkmenistanda ähli ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyny, ylmyň hem-de tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagyny ugur edinýändigini, bu çäreleriň döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtamaly. Munuň özi ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ruhy we ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar.