Ï Ýurdumyz öz pälwanlaryny sarpalaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyz öz pälwanlaryny sarpalaýar

view-icon 1266
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýakynda türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş eden türgenleri sarpalamak çäresi geçirildi, çempionatda türkmen pälwanlary umumy toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen dabara ýurdumyzyň tälimçiler düzüminiň hem-de dürli sport guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen pälwanlarynyň gazanan ýeňşine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary baha berdi we ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda olara minnetdarlygyny beýan etdi hem-de tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň teklibi boýunça göreşiň hem-de guşakly göreşiň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini nygtady we şonuň üçin hem biz şol oýunlarda hem türkmen pälwanlaryndan ýokary netijelere garaşýarys diýip aýtdy.

Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda geçirilen Aziýa çempionatynda guşakly göreş boýunça türkmen türgenleriniň umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeläp, jemi 46 medala (20 altyn, 9 kümüş we 17 bürünç) eýe bolandyklaryny ýatladýarys.

Türkmen göreşi boýunça bäsleşiklerde hem (erkin we nusgawy görnüşleri) biziň pälwanlarymyz 48 medal gazanyp, ýeňiji boldular. Şeýlelikde, biziň türgenlerimiz göreşiň iki görnüşi boýunça dört günüň dowamynda geçirilen bäsleşiklerde jemi 98 – 44 altyn , 28 kümüş, 26 bürünç medala eýe boldular. Bu ajaýyp netije 16 ýurtdan 300-e golaý türgeniň arasynda Kubok ugrundaky bäsleşiklerde gürrüňsiz ýeňşi üpjün etdi.

Mundan başga-da çempionatyň barşynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Guşakly göreş boýunça Aziýa federasiýasynyň kongresi geçirildi, onda türkmen göreşini bu guramanyň düzümine girizmek barada çözgüt kabul edildi. Indiden beýläk bu gurama Göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa federasiýasy diýlip atlandyrylar.

Sport desgalarynyň iri halkara sport çärelerini geçirmäge taýýardygyny äşgär eden synag ýaryşlarynyň barşynda meýletinçileriň ýüzlerçesiniň gatnaşmagynda myhmanlary garşylamagyň we ugratmagyň düzgünleri, olary ulag bilen üpjün etmek, bellige almak, metbugat we telewideniýe bilen işleşmek, ýaryşlary guramak, lukmançylyk kömegini bermek, iýmitlendirmek, howpsuzlyk, logistika we dolandyrmak ýaly ugurlar boýunça başarnyklar kämilleşdirildi.

Şeýlelikde, göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty, ondan ozal sambo boýunça geçirilen Aziýa çempionaty ýaly işgärleriň hem-de meýletinçileriň taýýarlyk derejesini synap görmäge mümkinçilik berdi, biziň sport hünärmenlerimiziň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.