Ýaş hünärmenleri işlemeli ýerlerine paýlap belleýän komissiýanyň çözgüdi esasynda şu ýyl okuwyny tamamlan talyplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we başga ministrliklerine we pudak edaralaryna iberildi.
Belli bolşy ýaly bu diplomatik ýokary okuw mekdebi 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany esasynda döredildi. Bu ýerde halkara hukugy, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistika ýaly ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Geçen ýyllaryň dowamynda bu ýokary okuw mekdebi ýüzlerçe talyp tamamlady we olaryň ençemesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli ulgamlarda zähmet çekýärler.
Ýylsaýyn bu ýerde okatmak usullary kämilleşdirilýär, okuw prossesine okatmagyň häzirkizaman usullary işjeň ornaşdyrylýar. Institut dünýäniň köp sebitleri bilen bilim ugrunda hyzmatdaşlygy , şol sanda hünär kämilleşdiriş ulgamda hem halkara hyzmatdaşlygy ýola goýýar. 2014-nji ýyldan bäri geljekgi türkmen diplomatlary biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatiki wekilhanalarynda tejribeçiligi geçmeklige mümkinçilik aldylar.
Bilim ugrundaky döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde geljekgi türkmen diplomatlary daşary ýurtlarda bolup, dil taýýarlyklaryny geçýärler.
Bu täze girizilen usullar diplomatik işlerini alyp barmaklyga we gözýetimi giňeltmeklige öz oňyn täsirini ýetirdi. Bu barada uçurumlaryň diplom işleri aýdyň şaýatlyk edýär.
Dabarada okuwynda tapawutlanan we halkara ders olimpiadalaryň we ylmy bäsleşikleriň ýeňijilerine has aýratyn üns berildi. Ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň we ýokary okuw mekdebiň kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan olara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we ýörite hormat hatlary gowşuryldy.
Uçurymlar üçin dabaraly baýramçylyk konserti geçirildi. Bu konsertde ýokary okuw mekdebiň döredijilik talyplary bilen bilelikde Alp Arslan adyndaky Ýaşlar teatrynyň artistleri hem çykyş etdiler.