Ï Türkmen paýtagtynyň landşaft arhitekturasy seýilbag zolaklarynyň bezegine öwrülen ekzotiki ösümlikleriň köp dürliligi bilen guwandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtynyň landşaft arhitekturasy seýilbag zolaklarynyň bezegine öwrülen ekzotiki ösümlikleriň köp dürliligi bilen guwandyrýar

view-icon 4648
Merkezi Köpetdagyň eteginde 70 müň gektar töweregi meýdanda ak mermerli gözel Aşgabat ýerleşýär. Onuň bag-seýilgäh zolaklaryny bagy-bossanlyga öwürmekde giňden ulanylýan ekzotiki ösümlikleriniň köpdügi bilen haýran galdyrýar. Bu ösümlikleriň bir bölegi beýleki howa giňişliklerinden getirilip, akklimatizasiýany üstünlikli geçdiler ýa-da, botanikleriň aýdyşlary ýaly, ýurduň gyzgyn howa şertlerine öwrenişmedik introduksiýany geçdiler we şäherleriň we obalaryň töwereginde medeni we tebigy zolaklaryň öwrenişen agaçlary boldular. Ýöne olaryň köpüsi Garagum çölüniň ýakynynda kök urdular we häzirlikçe türkmen paýtagtynyň “ýaşyl” alleýalarynyň düzüminde ýekelikde duş gelýärler.

Ýaz paslynyň ahyrynda – tomus paslynyň başynda ýagynyň köp bolmagy rahatlandyryjy salkynlygy getirdi we dürli gülli otlary synlanyňda we gök baglaryň ýakymly yslaryndan dem alanyňda göwnüň göterilýär, şäher landşaftynyň bezegine öwrülen seýilgäh zolaklary gezelençlere çagyrýar. Agaçlaryň görnüşleri – baglar we gyrymsy agaçlar – öňden paýtagtyň “ýüzüne” öwrüldiler. Olar Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýellerden, yssydan, gury howadan, temperaturanyň birden üýtgäp durmagyndan goramak bilen, mikroklimatiki we arassaçylyk gigiýena şertleriniň aýratynlyklaryny kesgitleýär.


Şäheriň seýilgählerini we beýleki ýerlerini baglyga öwürmekde ulanylýan ekzotiki agaçlaryň arasynda gurak howa şertlerine durnukly agaçlaryň pürli görnüşleri – eldar sosnasy we gündogar iri baldakly agaçlary agdyklyk edýär. Howanyň optimal çyglylygyny saklamakda beýik sütünli ýaprakly, giň ýaýrawly şahaly görnüşleri aýratyn orun eýeleýär. Olar bize çagalyk döwrümizden bäri belet bolan tut agajy, aka akasiýa, gündogar çynary ýaly agaçlardyr. Ýöne şäheri baglyga öwürmekde, bu ýeriniň howa-toprak şertlerine bireýýäm öwrenişen we seýilgählerdir gök zolaklary bezäp oturan, emma bize mälim bolmadyk beýleki howa şertlerinden getirilen agaçlar hem ulanylýar.

Geçen asyryň birinji ýarymynda Missisipi (ABŞ) derýasynyň jülgesinden getirilip, Aşgabadyň howa we toprak şertlerinde grek hozunyň ýakyn garyndaşy bolan pekan ekildi. Bu ýapragy düşýän kuwwatly bezeg agajynyň boýy öz ýurdunda 50 metre ýetýär. Onuň ýapragy çylşyrymly bolup, ýaş baldaklarynda hozlaryň giden bogdagy emele gelýär we bişmezinden ozal ýoduň ysyny ýaýradýar. Daşyndan göreniňde goňur reňkde bolan pekan hozy gara zolakly we içki gabygy bolmadyk grek hozundan özüniň süýrüligi, ýiti ujunyň bolmagy bilen tapawutlanýar. Hozuň içinde – iýilýän, süýji, ýaglyrak maňzy bolýar. Mellek ýerlerinde ýeňillik bilen ösdürilip ýetişdirilýär we ajaýyp azyklyk hili bilen tapawutlanýar.


Seýil baglaryny we şäheriň daşyndaky gök zolaklar toplumlaýyn we ýekelikde ekilende watany ýewropa bolan adaty dub agajyna gabat gelmek bolýar. Bezeg baglary ekilende kaştan ýaprakly dub agajyna – relikt kawkaz görnüşine, iň meşhur görnüşlerinden dekoratiw we ajaýyp görnüşleriniň biri kaştan ýaprakly görnüşine seýrek duş gelmek bolýar. Bu beýik we ajaýyp agaçlaryň boýy Türkmenistanyň howa we toprak şertlerinde 20 we ondan hem köpräk metre ýetýär, gür pürli şahalary bar. Tohumlar ýapraklarynyň görnüşleri boýunça tapawutlanýar: gyýa ýaprakly we şine şekilli ýaprakly görnüşe bölünýär. Dubuň kükürdi derrew ýuwutmaga mümkinçiligi bardyr, tozany saklaýar we şäher şowhunyny azaldýar, Bu agaç adama oňyn energiýanyň kuwwatly güýjüni berýär diýlip hasap edilýär we gowy şertlerde ýüz ýyldan hem gowrak ýaşap bilýär. Şonuň üçin hem ony “asyrlar boýy” diýip atlandyrypdyrlar. Türkmenistanda köp ýaşan agaçlar kändir. Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherçesinde 125 ýaşly dub agajy ösüp otyr. Ony Sumbar jülgesiniň batyry diýip hasap edýärler. Onuň sütüniniň düýbüniň ýogynlygy 385 santimetre ýetýär. Bu agaç tebigatyň ýadygärligi diýen derejä eýe bolandyr.


Aşgabadyň seýilbag we bagçylyk toplumlarynda landşaft dizaýnini we janly germewleri döretmek üçin häzirki wagtda gyzyl miweli pirakanta – hemişe gök öwsüp oturan ösümlik – giňden ulanylýar. Ol özüne açyk-gyzyl ýa-da sary owunjak miweleri bilen çekýär. Onuň miweleri oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli edil onuň üstüne guýlan ýaly bitýär. Ony daşdan görseň oblepihany ýadyňa salýar. Alymlar hatda onuň tohumyndan sianist glikozidler bolandygy sebäpli iýmäge ýaramsyz diýip tapsalar-da, gyşda onuň miwelerini köplenç guşlar iýýärler. Ösümligiň bu görnüşi dag etekleriniň gyzgyn howaly şertlerine durnukly bolýar. Şonuň üçin hem ol giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ösümligiň watany Ortaýer deňziniň, Krymyň we Kawkazyň gury subtropikleri bolup durýar. Ony ilkinji gezek Aşgabadyň botanika bagynda 1951-nji ýylda ösdürip ýetişdirip başladylar.

Şäher seýilbaglarynda lenkoran albisiýasyna, ýa-da ýüpek akasiýasyna ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Bezeg ösümlikleriň arasynda bu iň bir owadan ýapragy düşýän agaçlaryň ýa-da gyrymsy agaçlaryň biri bolup durýar. Ol Azerbaýjanyň günorta-gündogarynda subtropiki Lenkoran pesliginde ösüp ýetişýär. Tebigatda bu akasiýa adatça Ýewropada, Ortaýer deňzinde, Krymda we Kawkazyň Gara deňiz kenarynda aram gyzgyn howaly sebitlerinde ösýär. Görlüp oturylsa, akasiýa Aşgabadyň landşaftynyň gyzgyn howasynda hem özüni gowy duýýar. Ösümligiň püri gaba, onuň ýapraklary örän näzik, şar görnüşindäki salkyma toplanan owadanja gülli. Daşyndan olar gaba we näzik ýagty-gülgüne we agymtyl-gülgüne reňkli – şar görnüşli gozajyga örän meňzeş. Bu gül täjine tomusky alagaraňkynyň düşmegi bilen, tozanlandyrmak üçin mör-möjekler – uly kebelekler gonýarlar. Bu gülleriň esasy owadanlygy ýapraklary bolman, eýsem uzyn, inçe gülgüne taýajyklary bolup durýar. Iýun-iýul aýlarynda gülländen soňra, sentýabr aýynda miweleýär-kösükleýär. Lenkoran agajy ýüz ýyla çenli ýaşap bilýär.


Aşgabadyň landşaft bezeginde giňden belli bolan adaty beýiden başga hem – tikensiz ýapragy düşýän agaçdan başga hem – owadan gülleýän tikenli ýapon beýisi hem köp gabat gelýär. Botanikaçylaryň henomelis diýip atlandyrýan bu ösümligi ýabany görnüşde Ýaponiýada, Hytaýda we Koreýada ösýär. Bu hemişelik gök öwsüp oturan miweli ösümligiň gülgüne-goňurymtyl reňki bolýar, onuň gyzylymtyl baldaklary we gülleri adaty däl ýagty gyzyl reňde bolýar. Miwesi iri, armyt ýa-da alma görnüşde bolýar. Miwäniň örän köp С witamini bolandygy üçin ony demirgazyk limony diýip hem atlandyrýarlar. Henomelisiň miweleri oktýabr-noýabr aýlarynda bişýär. Bu ösümlik örän bally ösümlikdir.

Şäher baglarynyň medeniýetinde käýerde has täsin galdyrýan gymmat bahaly azyklyk we derman ösümligi bolan adaty unaby gabat gelýär. Ony hytaý hurmasy ýa-da žužbasy diýip atlandyrýarlar. Bu ösümlik gadymdan bäri ösdürilip gelinýär we Günorta, Gündoar we Merkezi Aziýada, Ortaýer deňzinde, Ýaponiýada we Awstraliýada giňden ýaýrandyr. Onuň şahalaryndan jübüt pytanak ösýär, olaryň biri uzyn we göni, beýlekisi gysga we gaňyrçakly bolýar. Agajyň pürleri ýuka, ýaýrawly we garamtyl-gök ýaprakly bolýar. Agaç aprel-maý aýlarynda owunjak gögümtil-ak reňkli ýyldyz şekilli güllere bürenýär. Agajyň miwesi turşy-süýjümtik ýa-da süýji bolýar.


Çybyk görnüşli sübselik (Metelnik) ýa-da ispan drogy Aşgabadyň ekologiki durmuşyna uýgunlaşdy. Bu örän uly, ýapragy düşýän, owadan gülleýän ösümlik owadan, aýratyn hem bol we uzak wagtlap gülleýän döwri owadan. Göni garamtyl baldaklary inçe, çybyk görnüşli we tikensizdir. Az-owlak ýapraklary mawy-ýaşyl reňkde we owunjakdyr. Gülleri açyk altynsow-sarymtyl, hoşboý ysly bolup, baldaklarynyň ýokary ösüntgilerinde ýygnandyr. Bu ösümlik maý-iýul aýlarynda bol gülleýär, iýul-sentýabr aýlarynda miweleýär. Onuň miweleri – uly bolmadyk dar zolakly kösükleriniň daşyna ýumşak tüýjagazlar örtülendir.