Ï Türkmenistanda nobatdaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsümi badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda nobatdaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsümi badalga aldy

view-icon 1243
> Möwsüm 27-nji awgusta çenli dowam eder. 2016-2017-nji täze okuw ýylynda täze ugurlar boýunça, esasan hem tölegli esasda okuwlar giriziler. Bu täzelikler Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk, türkmen döwlet maliýe we dolandyryş, Türkmenistanyň döwlet energetika institutlarynda we Halkara nebitgaz uniwersitetinde giriziler.

2016-2017-nji täze okuw ýylynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň bazasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini öz işine başlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda bu ýokary okuw mekdebi ylym, bilim, ykdysadyýet ulgamlary üçin himiýa , biotehnologiýa, metallurgiýa, maşyngurluşyk, metallary täzeden işlemek, nanotehnologiýalar, nanomateriallar, tebigy ylymlar, informatika we hasap tehnikasy, awtomatlaşdyrmak we dolandyryş, elektronika , radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary üçin ökde hünärmenleri taýýarlamaklyk göz öňünde tutýar. Umuman alanyňda okuw on bir ugur boýunça hünärmenleri taýýarlar.

Hökümetara we edaraara ylalaşyklaryň çäklerinde türkmen ýigitleri we gyzlary daşary ýurtlara abraýly ýokary we orta hünär mekdeplerine her ýyl bilim almaga iberilýär. Olar milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna zerur bolan hünärler boýunça hünär alýarlar.

Aprel aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Hytaý Halk respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine talyplar saýlandy. Maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekindäki Hytaý lukmançylyk uniwersiteti üçin talyplaryň saýlama tapgyry geçirildi.

Halkara nebit gaz uniwersitetinde bolsa MEXT maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň we Türkiýe respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin talyplar saýlandy.



Iýunda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýapon hökümetiniň ylym-bilim, tehnologiýalar, medeniýet we sport ministrliginiň MEXT maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň okuwlaryna dalaşgärleriniň arasynda testler geçirildi. 2005-nji ýyldan başlap, MEXT maksatnamasynyň çäklerinde ellä golaý türkmen ýaşlary okady.

Birnäçe gün mundan öň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Hytaý Halk respublikasynyň we Rumyniýa döwletiniň ýokary okuw mekdeplerine okuwçylary kabul etmek tapgyry tamamlandy. Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwçylar ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edara – kärhanalarynyň hünär isleglerine görä amala aşyrylýar.