Ï 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziada mynasybetli guralan atly ýörüş taryhy gadymdan gaýdýan gözel, sahawatly toprak - Balkan welaýatynda dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziada mynasybetli guralan atly ýörüş taryhy gadymdan gaýdýan gözel, sahawatly toprak - Balkan welaýatynda dowam edýär

view-icon 3609
Ýüz günüň dowamynda atlylaryň on ýedisi ýurdumyzyň günbatar sebtiniň taryhy ýerlerinden geçerler, welaýatyň şäherlerinde we obalarynda düşlärler, Hazar deňziniň gündogar kenaryndan ýol aşarlar.

Balkan welaýaty –Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky gadymy ülkedir. Hazaryň günorta-gündogaryndaky Misserýan diýlip atlandyrylýan çöp-çalamsyz düzlük gadym döwürlerde gülläp ösen sahawatly Dehistan ady bilen belli bolan Missirýan oazisi eken. Onuň gözbaşyny daş asyry eýýamyndan alyp gaýdýan baý taryhy bar. Ilki durmuş adamlarynyň ýaşan ýeri bolan Jebel gowagy dünýäniň arheologlaryna bellidir, pederlerimiz mundan on müň ýyla golaý wagtdan öň şonda ýaşapdyrlar. Magtymguly etrabyndaky Çendir derýasynyň çep kenaryndaky Bezegli diýen ýerde Türkmenistanda ýeke-täk ýerde duşýan gaýa suratlary saklanyp galypdyr.Tebigy reňk ulanylyp çekilen suratlarda adamyň, düýeleriň suratlary, toýnakly ýabany haýwanlaryň awlanylyýan pursatlary şekillendirilipdir. Ol suratlarda adamlara esasy orun berlipdir, bu bolsa eýýäm şol döwürlerde onuň özüniň haýwanlardan ýokary saýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Hazarýaka sebiti Ýewraziýanyň merkezi we demirgazyk giňişliklerinde hojalyk ýöretmegiň ilkinji ojagynyň peýda bolan ýeri hökmünde bellidir. Biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllykda şol döwürler Girkaniýa diýlip atlandyrylan Missirýan düzlüginde Madaw depe, Yzzatguly ýaly gadymy siwilizasiýanyň iri şäherleri, Merkezi Aziýada iň güýçli suwaryş ulgamy bolupdyr.

Dehistanyň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Orta asyrlarda bu ülkäniň esasy şäheri Dehistan (Maşat- Misserýan) has meşhur bolupdyr. Bu ýere Stambuldan, Bagdatdan, Ürgehçden kerwenler gelipdir. 200 gektar ýerde ýerleşen şäheri daşyndan goşa diwarlar gorapdyr. Ussalar şäheri bolan Dehistan toýundan bişirilen ajaýyp faýans, syrçaly keramiki önümleri bilen şöhrat gazanypdyr. Göreni haýran edýän owadan mehrably, hersiniň boýy 25 metr bolan goşa minaraly, şeýle belentlikdäki sütünli metjitli Maşat ata metjidi- aramgähi (ХI- ХII asyrlar) Dehistanyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärlikleridir.


Balkan welaýatynda adamlaryň asyrlarboýy derdine derman gözläp we doga-dileglriniň kabul bolmagyna umyt baglap zyýarata gelýän keramatly ýerleri-de az däl.Olaryň biri-de Paraw bibi öwlüýäsidir, zenanlaryň käsi bu keramatly ýerden nesil dilese, beýlekileri aman-sag ile gowuşmagy dileýärler. Adamlar agzyndan ot çabran Şibli babanyň mazaryna-da zyýarata barýarlar, aýtmaklaryna gýrä, ruhy keselliler ondan derdine em tapýar. Rowaýatlarda aýdylşyna görä, adalatlylygy bilen tanalan weli hem şol ýeriň hökümdary bolan Magtym azymyň jesedi atarylan akmaýanyň çöken ýerinde häzirki wagtda Sumbar jülgesinde zyýaratçylara belli öwlüýä bar.

Balkan welaýaty iline şan-şöhrat getiren şahslar bilenem giňden tanalýandyr. Etrek ilinde, Hajygowşan obasynda doglup, ХVIII ýaşap geçen Magtymguly Pyragy il-gününi ýürekden söýen, türkmen edebiýatynyň naýbaşy hakyky watanperwer şahyrydyr. Onuň dogduk ilinde döredilen muzeýde Magtymguly bilen baglanşykly özboluşly zatlar-onuň öz söweri Meňlä niýetläp ýasan kümüş ýüzügi, uýasy Zubeýda niýetläp Hindistandan getiren nepis nagyşly çäýnegi saklanylýar.

Balkan welaýaty—senagat taýdan ösen sebitdir, bu ýerde ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi ösendir. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygy sebitiň ösüşine kuwwatly itergi berdi, 2014-nji ýylyň dekabrynda onuň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri gatnaşypdy.

Balkan welaýaty amatly dynç almagy halaýanlara-da bellidir. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazar deňziniň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana—„Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Taslamanyň aýratyn özboluşlylygy, bu ýerde ilata hyzmat etmegiň klaster usulynyň ornaşdyrylmagydyr. „Awaza“—hem şypahana, hem sagaldyş edarasy, şeýle hem işewür merkez we medeni-dynç alyş hem syýahatçylyk merkezidir.

Balkan welaýatynda tebigaty halaýanlary derde derman palçykly ýerleri hem bar - olaryň iň gadymysy Boýadagdyr, şor suwly özboluşly köl Mollagara, subtropik Sumbar jülgesi, 2,5 million ýyl mundan ozal düýe dabanynyň yzlary galan tebigy paleontologik ýadygärlikleri bilen özüne çekýär.


Özboluşly küştdepdi tansy Balkan welaýatynyň ýerli ilatynyň medeni däpleriniň iň bellisidir, halkyň taryhy-medeni dessurlary we ruhy tejribesi ondaky sazlaşykly hereketleriň arasyndan eriş-agaç bolup geçip çidýär. Küştdepdide halkyň gadymdan gelýän däp-dessurlary çeper hereketler arkaly beýan edilýär.

* * *

„Awaza“ millilige ýugrulan döwrebap amatlyklar mekanydyr

„Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr uzaklykda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýaýylyp ýatyr. Tebigatyň özi bu jenneti künjege päkize çageli kenary, derde derman ýodly howany, her dürli mineral duzly deňiz suwuny boldan eçilipdir. Ýokary amatlyklary bolan myhmanhanalar, bejeriş-sagaldyş, medeni-dynç alyş we sport merkezlerinde, çagalar sagaldyş meýdançalarynda we maşgala bolup dynç almaga niýetlenen kottejler toplumy oňaýly dynç almaga, saglygy dikeltmäge we bejermäge döwrebap şertler döredilendir.


2007-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi, şondan iki aý geçenden soň bolsa „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň ägirt uly taslamasy bilen tanyşdyrlyşyk boldy, sebitiň tebigy-dikeldiş mümkinçilikleri we özgertmeleriň takyk kesgitlenen strategiýasy onuň esasy binýadydyr. Daşary ýurt firmalarynyň ençemesiniň wekilleriniň oňa gatnaşmagy işewürler toparlarynyň Türkmenistanyň şypahanaçylyk biznesini ösdürmek üçin maýa goýumlarynyň netijeli geljegine içgin gyzyklanýandyklaryny görkezýär, munuň özi ägirt uly taslamanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligine şaýatlyk edýär. „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygynyň birinji tapgyryna ýurduň hökümeti ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy. Taslamanyň çalt depginlerde amala aşyrylmagy-da haýran galdyrýar.



Özboluşly arhitekturasy we nepis içki bezegleri bilen tapawutlanýan bäş we dört ýyldyzly myhmanhanalaryň, oňaýly sagaldyş merkezleridir pansionatlaryň ençemesinden başga-da, „Awazada“ döwrebap dynç alyş we tomaşalar pudagy döredilen. Landştaf bezegi taýdan tapawutlanýan „Älemgoşar“, „Deňiz merjeni“,“Jadyly kenar“ seýilgählerinde köpsanly attraksionlar bar. Syýahatçylar şol ýerleriň özünde Türkmenistanyň tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen tanşyp bilerler: „Deňiz merjeninde“ tematiki taryhy-binagärlik zolagy döredilip, olarda dünýä belli Soltan Sanjar mawzoleýiniň, Mäne baba mawzoleýiniň, Gutlug Temir minarasynyň, Daýahatyn kerwensaraýynyň, Gadymy Dehistanyň, şeýle-de Köýtendagdaky dinozawrlar tekizliginiň we başga-da ençeme ýadygärlikleriň nusgalary goýlupdyr.

Kafelerde, barlardyr garbanyşhanalarda we restoranlarda müşderilere her hili milli, Gündogar we Ýewropa tagamlary teklip edilýär. Daýhan hojalyklary olary has ýokary hilli et we balyk, ter miwe hem-de gök önümler, gawundyr garpyz, süýt önümleridir derde derman düýe çaly bilen üpjün edýärler.

Işewür adamlara dürli derejedäki duşuşyklar, biznes-maslahatlar geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Awazada banklaryň bölümleri, Western Union pul geçiriş ulgamy, has döwrebap tehnikalar we ýokary tizlilkli internet, Wi-fi bilen üpjün edilen telekeçilik merkezleri, ofisler we maslahatlar zallary hereket edýär. Sporta höwesekler üçin tennis meýdançalarynyň, türgenleşik zallarynyň, sauna hammamlarynyň, owkalama otaglarynyň, fitnes merkezleriniň gapylary hemişe açykdyr, saglygyny berkitmek isleýänler üçin bolsa, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bejeriş we fizioterapewtik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bejeriş bölümleri her dürli bejeriş çarelerini teklip edýärler.

„Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerleriniň biri-de-ýedi kilometrlik emeli derýadyr, onuň kenarlaryny kaşaň gümmezli ulag we ýolagçylar köprüleri birleşdirýär, özü-de şol nagyşlaryň hiçisi gaýtalanmaýar. Derýanyň ini onda deňiz ýahtalaryna ýöremäge-de mümkinçilik berýär, olar ýörüte geçiriş gatlalaryndan ötüp, açyk deňze çykyp bilýärler.


„Ýelken“ ýaht klubynyň bazasynda windsýorfing we sportuň suwdaky beýleki görnüşleriniň milli mekdebi hereket edýär. Ýaht-klubyň ygtyýarynda „Oceanis” kysymly ýelkenli owadan ýahtalary we “Antares” kysymly kruiz katerleri, “Yamaha” kysymly ýokary tizlikli suw motosiklleri, motorly sport gaýyklary, gezenç katerleri we paraşýut çekmek üçin katerler, şeýle hem „banan“, „gamburger“ we „kanape“, „uçýan balyklar“ kysmy suwda taýmak we beýleki suw güýmenjelerine niýetlenen ýel berilýän her hili enjamlar bar. Bulardan başga-da, „Ýelken“ klubynyň suw we ýelken merkezi sýorfing üçin zerur enjamlardyr esbaplaryň ählisi—suw lyžalarydyr tagtalary, her dürli ýelkenler bilen üpjün edilendir. Bu taýy ýahta sürmek we suwdaky beýleki sport görnüşleri üçin iň gowy ýerdir. Köp akymly dürli reňkli çüwdürimler toplumy „Awazanyň“ bezegine bezeg goşýar, deňiz çüwdürimi olaryň iň owadanydyr. „Arfa“ kysmy äpet suw çüwdürimi kenardan 185 metrlikde ýerleşipdir we onuň akymlary belentligi 24, ini 60 metrlik äpet ekrana meňzeýär. Garaňky gijeler saz ýaňlanyp, onda golografik şekiller we reňbe-reň etýudlar görünýär. Kenardaky älemgoşar reňkleriniň ählisi sazlaşaýan „tans edýän“ çüwdürimler hem şol mukamlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkara festiwallarynyň, daşary ýurt estradasynyň parlak ýyldyzlarynyň we beýleki iri çäreleriň geçirilýän ýeri bolan 2400 orunlyk açyk asmanyň astyndaky teatr „Awazany“ esasy sahnasydyr.


Şu günki güne çenli şypahana kadaly işlemek üçin zerur zatlaryň ählisi—ulaglardyr beýleki aragatnaşyk ulgamlary, agyz suwy, elektrik togy bilen üpjün edilendir.

„Awazanyň“ infrastrukturasy ýylsaýyn giňeýär we ösýär. Hazaryň türkmen kenarynda iri syýahatçylyk pudagynyň döretmek meýilnamasynyň ýetliklidigini wagtyň özi subut etdi. „Awaza“ Türkmenistanyň çalt depginli ykdysady ösüşiniň we maýa goýumy babatda oňaýlylygynyň anyk subutnamasydyr. Döwlet baştutanymyz onuň ähmiýetini we geljeginiň uludygyny , şeýle taslama şu kysmy zolaklary döretmegiň dünýä tejribesini özünde jemlemelidigini hem-de häzirki zaman bazar şertlerinde, dünýä ykdysady integrasiýasy eýýamynda netijeli iş ýöretmegiň hususy, türkmen nusgasyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi.


„Magtymguly diýip adym tutsalar...“

Magtymguly Pyragynyň muzeýi Balkan welaýatynyň gözel ýerleriniň arasynda aýtaratyn orun eýeleýär. ХVIII asyrda ýaşap geçen bu beýik dana şahyryň goşgulary halkymyzyň nusgawy edebiýatynyň naýbaşy eserleridir, onuň şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna altyn harplar bilen ýazylandyr. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda şahyryň watany Magtymguly etrabynyň merkezinde Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň täze binasy açyldy, onuň öňünde bolsa, ajaýyp türkmen şahyrlary Magrupynyň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Zeliliniň we Seýdiniň ýädygärlikleri goýlupdyr.


Umumy meýdany 5393 inedördül metr bolan muzeýiň iki gatly binasynda hemişelik hereket edýän sergi otaglary, 300 orunlyk mejlisler otagy, kitaphana bar. Şahyryň edebi mirasyna bagyşlanan otagda dioramalaryň üçüsi Magtymgulynyň döredijiliginiň kemala geliş tapgyrlaryny janlandyrýar. Olaryň birinde onuň Şirgazy medresisndäki talyplyk ýyllary beýan edilse, beýleki birinde bolsa, şahyrlaryň arasynda meşhur bolan aýdyşyk pursatlary şekillendirilýär. Hatda şahyrlaryň biriniň beýlekisine her dürli sowally şygyr ibermek däbi-de bolupdyr. Goşgyny alan şahyram oňa jogap beripdir. Meselem, Durdy şahyr, Orazmeňli şahyr bilen aýdyşygyny görkese bolar. Käte bolsa, şahyr belli bir kişä ýüzlenmän, umumy häsiýetli sorag berýär. Magtymgulynyň şeýle şygyrlaryndan „Utup durandyr“, „Üçi öwlatdan“, „Tumar gördüm“ we beýleki goşgularyny mysal getirse bolar. Üçünji diorama bolsa, Pyragynyň şahsyýetiniň ýene bir ugrundan—zergärliginden söhbet açýar. Muzeýde saklanýan zatlaryň arasynda şahyryň öz söweri Meňli üçin ýasan ýüzügi-de bar.


Muzeýiň şol otagynda Magtymguly Pyragynyň we türkmen edebiýatynyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň seýrek duşýan kitaplary, şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri hem saklanylýar. Dürli döwürlerde dürli dillerde çap edilen bu kitaplar muzeýiň „altyn gaznasydyr“. Bu ýerde şahyra bagyşlanan poçta markalary, ýübileý teňňeleri, onuň goşgularyna döredilen sahna eserleriniň ýazgylary, Magtymgulynyň ömri hem döredijiligi barada dokumental we çeper filmler hem bar. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde dünýä dilleriniň altysynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny diňlemäge mümkinçilik berýär.


Arheologiýa we etnografiýa otaglarynda welatda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan arheologik tapyndylar, saz gurallary, milli egin-eşikleriniň we türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň nusgalary bar. Geçen asyrlarda pederlerimiziň ýaşan ak öýnde olaryň durmuşda ulanan zatlary bu ýere gelýänlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. „Tebigat“ otagynda bolsa, şahyryň wasp eden dogduk diýaryň tebigatynyň şekilleri görkezilýär.


Şahyryň agzybir halkyň ajap geljegi, berkarar döwlet baradaky arzuw-hyýallary häzirki günleriň uly möçberli işlerinde amal bolýar. Garaşsyz, Bitatarap Türkmenistanyň, hususan-da ýurduň günbatar sebitiniň gazanan üstünlikleri „Garaşsyzlyk“ zalynda giňişleýin beýan edilýär.

Her ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň giňden bellenilýän güni muzeý köpsanly, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyndaky dabaralar merkezine öwrülýär.

Ady taryhda müdimi galan ülke

Dehistan... Ol Merkezi Aziýada Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky Missirýan jülgesindäki iri medeni merkez hökmünde taryha hemişelik girendir. Miladydan öňki III müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň ХIV asyryna çenli üç müň ýylyň dowamynda bu toprakda durmuş joşup, şäherler pajarlap ösüpdir, ýöne Dehistany Etregiň suwy bilen üpjün edýän 60 kilometrlik kanal guransoň bu ýerler tozap galýar. Suw ýok ýerde durmuş hem gutarýar.

Diňe ozalky kaşaň minaralaryň 25 metrlik sütünleridir metjitleriň gök syrçaly bezegli girelgeleri Dehistanyň baý geçmişine şaýatlyk edýär. Şol belent başly binalar uç-gyraksyz Missirýan düzlüginde alysdan göze ilýär. Alymlar gum astynda entek ençeme syrlaryň gömülip ýatanlygyny belleýärler.


Orta asyrlar şäherleriniň köpüsi ýaly Dehistan-da şähristana hem rabada bölünipdir. Şähristanyň daşynda ýarym aýlaw şeilli gözegçilik minaraly iki hatar giň diwar hem-de içi suwly çuň garym bolupdyr. Şähristanyň çar ýanynyda şäher eteginde giň zolak—rabat bolup, ol ýerde senetçiler mähellesi, bazar, kerwensaraý we metjitler ýerleşipdir. Dehistanda birnäçe medrese-de bar eken. Kerpiç düşelen köçeler, öz döwri üçin kämil suw we lagym desgalary şäher medeniýetiniň ýokary derejede ösenligine şaýatlyk edýär.

Indi haraba dönen gala bakyp, şa köşki-eýwanlarynyň, metjitleriň, mawzoleýleriň, minaralaryň neneňsi owadan bolanlygyny göz öňüne getirip bolar diýip, Maşady-Misserýana bagyşlanan goşgusynda şahyr Allaýr Çüriýew ýazýar. Köplenç Şir Kebir diýilýän Maşat ata metjidi Dehistandaky yslam medeniýetiniňiň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Belent gümmezli inedördül beýik binýatly bu binanyň ajaýyp içki bezegleri häzirki wagtda hem göreni haýran edýär.

Ondaky Mekkä bakdyrylyp gurlan mährap hem bu ýerde ozal metjit bolanlygyna şaýatlyk edýär. Kaşaň bezegleri hem-de diwarlara ýazylan Gurhan süreleri bu seýrek duşýan binanyň esasy aýratynlygydyr.

Beýlei iki minara hem Dehistanda azda-kände durkuny saklap galan ýadygärliklerdir. Bir-birinden 120 metr daşda duranan bu binalar arasyndan 200 ýyl (1004/5 nji ýyllar we ХIII asyr) geçirilip gurlupdyr. Olaryň biziň günlerimize çenli saklanyp galan 25 metr belentligi asyl beýikliginiň ýarysy bolmagy mümkin. Abu Jafar Ahmet atly demirgazyk minara Aly bini Ziýýad tarapyndan 1004/5-nji ýyllarda bina edilipdir. Onuň golaýynda gurlan metjit welin, ýer bilen ýegsan bolupdyr. Minaranyň depesine aýlawly basgançaklar alyp çykýar, onuň üç ýerinde arap hatlarynda ýazgylar bar. Horezmşalar döwründe şüherde ullakan metjit gurlupdyr, muňa onuň mawy reňkli we bişirilen toýundan her hili bezegli girelgesiniň galyndylary hem şaýatlyk edýär. Onda şol ýeriň hökümdary bolan Muhammet Tekeşiň adyndan başga-da, metjidiň we beýleki bir minarany guran ussalaryň ady—Abdul Huseýin ibn Muhammet an Nak we Muhammet ibn Al-Huseýin an Nak diýlip ýazylypdyr.


Dehistanyň eteginde syýahatçylara giň kerwen saraý görkezilýär. Onda 40-a golaý otag bolup, olaryň hersinde iki adam üçin dürli amatlyklar döredilipdir. Ýolagçylara kesgitlenen nyrhda çalt taýýarlanan gowy tagam, poçta ugratmak, geýim ýuwmak we beýleki hyzmatlar hödürlenipdir. Ýük daşalýan haýwanlar üçin hemişe ot-iým bol bolupdyr, ýükler ýörite jaýlarda saklanylyp, olaryň abatlygy kepillendirilipdir. Işewür adamlar üçin häzirki zaman kaşaň myhmahanasyndan näme tapawudy bar?!

Orta asyr şäheri bolan Dehistan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni ýadygärligi hökmünde „Gadymy Dehistan“ Döwlet medeni-taryhy goraghasynyň 242 binasynyň hataryna goşuldy, ekspertler bolsa, ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak barada iş alyp barýarlar.

Belent başy baýsançly Paraw bibi

...Türkmen taýpalarynyň birinden bir gözel gyz duşmandan gaçyp barýar. Onuň obasyna çozan talaňçylaryň öňbaşçysy gyzyň owadanlygyna başyny aldyryp, eger Paraw bibini bermeseler, obany weýran etjekdigini mälim edýär. Ýöne özüni duşmana rowa görmedik Paraw bibi daga gaçýar. Kert gaýalardan barha ýokary galýan gyzda güýç –kuwwat galmansoň, ol Biribardan delalat isläp, doga edýär. Duşman golaý gelende ol Allatagala mynajat edýär. Keremi Güýçli onuň nalasyny eşidip, keramat bilen dag darka ýarylýar welin, Paraw bibi birjik-de ikirjiňlenmän oňa girip gidýär. Gyz diriligine daga siňipdir welin, ýöne duşmana baş bermändir...

Bu owadan rowaýaty türkmen zenanlary gowy bilýärler, Paraw bibiniň gizlenen gaýasy gadym döwürlerden bäri keramatly saýylýar. Baryp IХ-Х asyrlarda gurlan bu aramgähiň ýeňse tarapy gaýa bloup, öň tarapynda direg diwarlar taraşlanan daşlardan ybarat bolup, gümmezli we girelgeli mazar tebigy manzar bilen sazlaşykly utgaşyp gidýär. Onuň esasy girelgesiniň beýikligi 4,8 metrdir. Onuň golaýyndaky apet daşda namaz okan Paraw bibiniň aýalarynyň, gaýada bolsa onuň tirseginiň, barmagynyň we maňlaýynyň yzy galypdyr. Ozallar mazar golaýynda çeşme bolupdyr, ol dertlilere derman eken, indi ol gurap galypdyr.


Häli-häzirem Türkmenistanyň çar künjeginden çaga, eger doglany diňe gyz bolsa ogul, şeýle-de çagasynyň sag-aman dünýä inmegini diläp Paraw bibä zyýarata gelýänler kän. Rowatda aýdylşyna görä, ol adamlary hem bejerýän eken. Hatda onuň ýanyna ady äleme dolan Lukman Hekimem gelipdir, oňa pata berende öz ýüzügini beripdirem diýýärler.

Zyýaratçylar Paraw bibiniň galan ýodasyndan barýarkalar onuň aýalarynyň galan yzyny togap edýärler, doga-töwür okaýarlar. Birneme aňyrrakda ýatan orak şekil daşlaram keramatly hasaplanylýar, rowaýata görä, olar gawun dilimlerimiş, ony gyz duşmandan gaçyp barýarka zyňyşdyrypdyr. Eger aýagyň astyndaky daş pyrlanyp ugrasa, onda dilegiň kabul boldugy, eger pyrlanmasa, ýene bir ýyldan gelmelimiş diýen yrym bar. Burçdaky we ýerasty hüjrede namaz okalýar, bu ýerde keçe namazlyklar hem bar.

Mazara barýan ýodanyň sag tarapynda ullakan daş üýşmegi göze ilýär. Rowaýata görä, Paraw bibiniň gaçan ýodasyny görkezen aýal şo taýda durupdyr. Bu ýere zyýarata gelýänler şol heleýi näletläp, şol daşlara bäş daş atmaly diýen yrym bar.

Türkmen alymlarynyň pikirine görä, Paraw bibiniň keşbi göwreli zenanlaryň howandary bolan ene-taňrynyň kultyna meňzeýär. Şol sebäplem, zenanlar çagasynyň sag-aman dünýä inmegine ýol açmagyny diläp, ýola ullakan gapda un çykarypdyrlar. Ony garyp-gasara paýlapdyrlar ýada ondan çörek bişirip, dul galan çagaly aýallara paýlapdyrlar.


Paraw bibi kümmeti gurluşy boýunça IХ-Х asyrlarda Orta Aziýa binagärligine mahsusdyr. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda arheologlar golaýynda çeşme bolan şu kysmy keramatly öwülýä Babadurmaz çeşmesiniň gözbaşynda hem gabat gelipdirler.

Şibli baba zyýarata

Magtymguly şäherçesinden on kilometr demirgazyk-gündogarda gyrymsy ot bilen örtülen eňňitde Şibli babanyň, ýada halk arasynda aýdylyşy ýaly, Şywlan babanyň mazary bar. Onuň ruhy kesellilere kömek edýänligi Sumbar jülgesinden alyslara-da ýaýrapdyr. Şonuň üçinem ýylboýy bu ýere sadaka bermäge gelýänleriň yzy kesilenok.

Şibli baba kümmetiniň galdyrylmagy Orta asyrlarda ýaşap geçen tanymal aş-Şibli Horasanynyň ady bilen baglanşyklydyr. Ol IХ asyryň ikinji ýarymynda Х asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçipdir we Bagdatda jaýlanypdyr. Onuň taglymaty ýaşan ýerlerinden alyslara-da ýaýrapdyr. Şibli baba Sumbar jülgesiniň ilaty uly sarpa goýýar. Ony hatyralap, kümmet hem gurlupdyr.

Zyýarat edilýän bu ýeriň arhitekturasy Türkmenistanda köp duşýar. Şibli baba aklyndan azaşanlara hemaýat berýärmiş.

Onuň töwereginiň garalan ot büremegi barada il arasynda aýdylýan rowaýatlaryň birinde, Şibli baba derwüş bolupdyr, Haky gözläp ilden-ile aşypdyr diýilýär. Haka ýol tapyp bilmändiginden ejir çeken Şibli baba uludan dem alanda agzyndan ot çabrap, daş-töweregini ýakyp-köýdüripdir.


Başga bir rowaýatda bolsa, ol bir peri görýär-de, oňa aşyk bolup, hüýr-melegi agtarýar, ýöne peri edil howa siňip giden ýaly bolupdyr. Ol pirinden periniň nirä sumat bolanyny soranda, onuň dagdan aşanyny aýdypdyr. Bialaç Şywlyjan ahmyrly dem alanda, demi dagy ýakypdyr. Şondan bärem o taýy garalyp durmuş we hiç zat ösmeýär. Rowaýatdan gelip çykýan netije—diňe ejir çeken dert-beladan, günäden saplanjak. Şibli baba zyýarata gelýänlerem ruhy kessellileriň gutulmagyny dileg edýärler.

Keramatly Magtym mýäzzem

Sumbar derýasynyň jülgesinde Magtymgala obasynyň golaýynda ýönekeýje aramgäh bar, oňa ýerli ilat Magtym mýäzzem diýýär. Arapçadan terjime edilende „mahdum“ (magsym) hojaýyn, „mýäzzem“—beýik many berýär. Mawzoleý magtymlaryň aňyrsynyň hormatyna gurlupdyr, ol Adam atanyň segsen birinji neberedir, Muhammet pygamber bolsa kyrk dokuzynjysydyr. Halk arasynda oňa Mahzum Agzam ýada Ymam Agzam diýipdirler, çünki bu piriň çyn adyny tutmak bolmaýan eken.

Ol Gürgende mongollaryň çozuşyndan iki ýüz ýyl soň dünýä inipdir, diňe bir nesilme-nesil gelýän pir bolman, eýsem Etrek bilen Gürgen aralykdaky welaýaty adalatly dolandyrypdyr. Ol ХV asyrda aradan çykypdyr we häzirki aramgäh duran ýerde jaýlanypdyr. Rowaýata görä, piriň jesedi atarylan akmaýa şol ýere çöküpdir, belki, piriň wesýeti şeýledir, ony şo ýerde hem depin edipdirler. Onuň sopylary düýäniň çökmeginde nyşan görüpdirler.


Mazaryň üstüne üç gezek gümmez galdyrmaga synanyşsalar-da, ol başa, barmandyr. ХVI asyrda ýene bir synaşyk bolupdyr, nebere şejeresine görä, onuň gurluşygyny Seýitguly sopy, Rahmanguly soltan we Temirbeg ýüzbaşy gurap, binagäri yspyhanly Musa ibn Abu Muhammet bolupdyr.

Daşyndan göräýmäge ýönekeýräk bu kümmetiň aýratynlygy, ol belli bir derejede belli ХV asyr ýadygärliklerine kybapdaşdyr. Esasy girelgesinde gümmez şekilli, onuň sag we çep taraplarynda iki gat arka şekilli tagçalar bar. Aýlawly basgançaklaryň ikisi kiçijik eýwana we kümmetiň depesine eltýär. Haç görnüşli zal iki gat gümmezlidir. Onuň ortasynda durup, gümmeze baksaň, onuň gyralarynyň on alty burçly ýyldyz şekillidigini görmek bolýar.

Magtymyň aramgähi nusgawy bina hökmünde milli binagärligiň taryhyna girdi.