Türkmenistanyň tebigaty örän owadandyr we ajaýypdyr: Ol jöwzaly çöle we çuň jülgeli daglara, tokaý ösümlikli, derýa giňişliklerine, kenaryny Hazar deňzi ýuwýan aňrysyna göz ýetmeýän adalara eýedir. Bu çäkler biosferanyň bir bölegi bolup durýan we durmuşyň esasyny düzýän dürli toprak-howa şertleri bilen dürli ösümliklere baýdyr. Aýratyn tagçany türkmen florasynyň ýabany ösýän görnüşleri eýeleýär. Onuň esasy baýlyklary Milletiň Baştutanynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eserinde görkezilendir.
Adamzadyň ewolýusion ösüş döwründe ösümlik dünýäsi bilen ýakyndan aragatnaşykda bolupdyr, ösümlikleriň köpüsi adam saglygyna oňaýly täsir edýän biologiki işjeň maddalara eýedir. Ösümlikler bizi kislorodlar bilen üpjün edýär, azyklyk iýmitlerini baýlaşdyrýar, geýim gejimleri öndürmek üçin çig mal bolup durýar, adam saglygynyň çeşmesi bolup durýar.
Bu baýlyklary ulanmagyň tejribesi müňýyllyklaryň dowamynda toplanypdyr we aşpezlik däp-dessurlaryny, bejeriş iýmitlerini we halk lukmançylygyny döretmäge şertleri döredipdir. Dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklaryna göz ýetirmek we bejeriji emleri taýýarlamagyň üsti täze maglumatlar bilen ýetirilipdir, nesillerden-nesillere geçirilipdir. Lukmançylyk maksatlary bilen dermanlyk ösümliklerini taýýarlamagyň köpasyrlyk däp-dessurlarynda häzirki zaman lukmançylygynyň – tejribe ähmiýetli farmasewtika we fitoterapiýa ugurlary emele gelipdir.
Dermanlyk ösümliklerini tanamak, gündelik durmuşda olary ulanmak, aýawly saklamak we ýerlikli peýdalanmak - her bir adamyň möhüm borjudyr diýip, Lukman Hekim müňlerçe ýyl mundan ozal sargyt edipdir. Häzirki zaman alymlary Türkmenistanyň gurak howa şertlerinde – çöllüklerde we daglyklarda – ösümlikler gymmatly birleşmeleri: dürli witaminleri, flawonoidleri, taninleri, fitonsidleri we köp sanly biologiki işjeň maddalary toplaýar, özi hem olaryň çygly sowuk howa giňişliklerinde ösýän dermanlyk ösümliklere garanyňda baý konsentrasiýalarynyň bardygyny subut edipdirler. Bu ösümlikleriň kömegi bilen adam işe ukyplylylygyny ýokarlandyrypdyr we immunitetini berkidipdir.
Gök çaýyň melhemlik häsiýetiniň bardygy hemmä mälimdir. Gündogar halklary üçin mahsus bolan bu içgi suwsuzlygyňy gandyrýar, şeýle hem gan emele gelşini stimulirleýär, kislorod we suw-duz çalşygyny gowulandyrýar, ýüregiň işleýşini gurplandyrýar, gan damarlarynyň ýeňil işlemegini ýokarlandyrýar, arterial basyşy we gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Mundan hem başga mikroba garşy güýçli häsiýete eýedir.
Biziň ýurdumyzda süýji buýan ýa-da “orta aziýa ženşeni” ösýär. Buýan “ýadawlygyň toksinasyny” sazlamak bilen, gormonlaryň bozulmasyny azaldýar. Şonuň üçin hem süýji buýanyň kökünden ýasalan içgiler önümçilikde we durmuşda giňden ulanylýar. Haçan-da gök çaý demlenilende gury buýan köküni goşmak maslahat berilýär. Şunuň ýaly biogen sazlaşdyryjy aýratyn maddalar üzümiň we yşgynyň düzüminde hem bar. Türkmenistanda türküstan yşgyny has meşhurdyr. Onuň köküniň gaýnatmasy umumy berkidiji serişde hasap edilýär. Şeýle hem onuň aýratyn işlenilip taýýarlanan ýaşajyk ýapraklary we baldaklary azyk iýmitlerinde ulanylýar.
Ukynyň esasy işe ukyplylygy dikeldýänligi hemmä mälimdir. Berk ukynyň pälwan ukysy diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däldir. Ýakymly ysly ösümliklerden: paporotnikden, lawrdan, gurygülüň güljagazlaryndan, narpyzdan, rozmarinden, bägüliň ýapraklaryndan, hmelden ýasalan ýassyjaklar bägülli, kalendulaly, çeredaly, şalfeýli wanna bilen bilelikde kabul edilende ukyny gowulandyrmagyň gowy usuly bolup durýar. Gowşaklyk, gaty ýadalan we ukusyzlyk ýagdaýalarda gündogar lukmançylygy tozgadan, duşisadan, zweroboýdan, timýandan taýýarlanan köşeşidiriji içgileri içmegi teklip edýär.