Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Gözlegler Hazarýaka çöllüginiň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş suw toplanyş kollektorynyň töwereklerinde we Garaşor çöketliginiň, Üçtagan we Çilmämmetgumlygynyň çägeliklerinde, şeýle hem Köpetdagyň etekleriniň biodürliligini öwrenmäge gönükdirilendir. Ýylda iki sapar bu ýerlerde ösümlikleriň, düzüm görnüşlerini takyklamak, ösümlikleriň durmuş ýagdaýlaryny, ösümlikler toparlarynyň önümliligini, gymmatly iýmlik, öri meýdanlarynyň ösümliklerini kesgitlemek üçin ekologiki we geobotamiki gözlegler dowam edýär. Gerbariý gaznasy, şeýle hem dermanlyk görnüşleri, olaryň himiki düzümini kesgitlemek üçin ösümlikleri ýygnamak işleri alnyp barylýar.
Şu ýyl esasy üns şorlaşan topraklarda ýaşamaga uýgunlaşan galofit ösümliklerine berildi. Şeýle ösümlikleri peýdalanmagyň geljegi barada, çöliň zaýalanan böleklerini dikeltmek we önümliligini ýokarlandyrmak barada alymlar öňden ara alyp maslahatlaşýarlar. Bilermenleriň pikirlerine görä, galofitleriň bir bölegi iýmitlik, ýag berýän we dermanlyk ekinleriniň genetiki serişdesi ýaly senagat ähmiýetiniň bolmagy mümkindir, olaryň görnüşleri we ekotipleri bolsa beýleki ösümlikleriň ösüp bilmeýän ýerleri bolan şorlaşan topraklar ýaly, ekologik tagçalary, kenarýaka çägelikleri, gury takyr ýerleri özleşdirmäge mümkinçiligi bardyr. Köp ýyllyk galofitler topragy durnuklaşdyrýar, köp ýyllaryň dowamynda ulanyp bolýan öri meýdanlaryny döretmek bilen, çalt ösüp boýuny alýarlar. Şorlaşan toprakda şular ýaly çöl ösümliklerinden gorag agaçlarynyň ekilmegi ýerasty suwlarynyň azalmagyna, çölleşmegiň we ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almaga şertleri döredýär, bir wagtyň özünde çölüň ekoulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýar diýip, alymlar hasap edýärler. Şu ýylky ekspedisiýanyň dowamynda kölüň zolagynda dürli ekologiki toparlara: şory üuwudýan, onuň artykamçlaryny bölüp çykarýan, we bütinlikde özüne sorýan galofitleriň görnüşleriniň 52-si ýüze çykaryldy. Galofitler – örän uly çäkleri eýeleýän – azyndan kyrk million gektar meýdany eýeleýän Garagumyň öri meýdanlarynyň esasy iýmitlik serişdeleri bolup durýandygyny ýatlap geçeliň.
Biodürliligi köp taraplaýyn öwrenmek üçin ekspedisiýanyň düzümine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri - J.Saparmyradow, P.Ýerohin we G. Gurbanmämmedow ýaly biologlar girdi. Meýdan iş saparlaryna gatnaşan TYA Tehnologiýalar merkeziniň işgärleri – K.Annanyýazow, M.Nikolaýew we A.Rejepow birnäçe ýyldan bäri ýörite guralyň kömegi bilen kölüň zolagynda we oňa ýakyn ýerleşýän ýerlerde floranyň gabat gelen görnüşleriniň ählisini hasaba almak bilen, ösümlikleriň we topragyň spektral katalogynyň üstüni ýetirmek üçin geobotaniki maglumatlary ýygnaýarlar. Bu belli bir aralykdan düşürilen suratlary aýdyňlaşdyrmak, şol sanda öri meýdanlarynyň ösümliklerini ýagdaýlaryny belli bir aralykdaky monitoringi üçin zerur bolup durýar.
Botanikaçylar ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň “Öri meýdanlary hakynda” Kanunyna laýyklykda, bu sebitiň öri meýdanlaryny netijeli ulanmak boýunça teklipnamalary taýýarlamak üçin köp ýyllyk deňeşdirme seljermesini geçirýärler. A.Pawlenko bilelikdäki gözlegleriň barşynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş suw toplaýyş kollektorynyň töwereginiň çäklerinde suw gelmezden ozalky we soňky geobotaniki kartasyny döretdi. Bu karta onlarça inedördül kilometr çäkleri, ösümlik köp dürliligi we ösümlikler toparynyň serhetleriniň üýtgemesini öz içine alýar. Gözlegler birnäçe ýylyň dowamynda kölüň kollektorynyň töwereginde çöl ösümlikleriniň ösendigini, tokaýlyklaryň çäkleriniň artandygyny, ýarym gyrymsy ösümlikleriň we ýylgynlaryň ýagdaýynyň gowulanandygyny, bu ýerler üçin täze ösümlikleriň peýda bolandygyny görkezdi. Çöl florasyny öwrenmek – tebigy şertleriň möhüm görkezijisi bolup, geljekde bu çäkleri özleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ýerlerde hojalyk gatnaşyklary babatda gymmatly ýowşan-şoraly, ak sazakly, çerkezli, borjakly we beýleki ösümlikli öri meýdanlary jemlenendir. Alymlaryň gözleg işleri 2012-nji ýyldan bäri dowam edýär. Häzirki günde bu ýerlerde ýokary hilli ösümlikleriň 250 görnüşi ýüze çykaryldy, olardan 89-sy dermanlyk häsiýetlerine eýedir.
Barlaghana müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ýa.Rahmanow, uly ylmy işgär M.Sähedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň doktoranty A.Ýollybaýew Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň işgerleri bilen bilelikde biziň ýurdumyzyň ajaýyp künjeginiň florasynyň we faunasynyň görnüş düzümini öwrenmäge ünslerini jemlediler. Gözlegleriň netijesi Köýtendagyň dürli guşaklarynda daşky gurşaw şertleri barada maglumatlar bolar, bu ýerlerde ösýän floranyň görnüşleriniň giňişlikleri kesgitlener, olary goramak we netijeli peýdalanmak boýunça teklipler berler.