Aşgabatda we welaýatlarda tematiki ýarmarkalar söwdasyny ýaýbaňlandyrdylar, şeýle hem mekdep okuwçylary üçin harytlaryň söwdasy söwda merkezlerinde we kanselýar harytlary dükanlarynda guraldy. Umumylykda ýurt boýunça müň töweregi “mekdep bazarlary” hereket edýär, degişli ministrlikleriň we döwlet kärhanalarynyň düzümine degişli bolan “mekdep bazarlarynyň” 60-sy paýtagtda hereket edýär.
“Gülistan” we “Teke bazar” söwda merkezleriniň çäklerinde ýerleşýän “mekdep bazarlary” Aşgabatlylarda we paýtagtyň myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Bazarlarda hödür edilýän önümleriň ählisiniň 80 göterimi çagalar harytlaryna bildirilýän talaplaryň gigiýena we ekologiki kadalaryna laýyk gelýän ýurtda öndürilýän önümlerdir. Daşary ýurtlardan getirilen önümler bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýylda guralýan bilim hyzmatlarynyň halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýan Türkiýede, Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Hytaýda we beýleki döwletlerde öndürilýän önümlerdir. Mälim bolşy ýaly, bu forumlar bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdança bolup durýar.
Täze okuw ýylynyň barha golaýlaşyp gelmegi bilen “mekdep bazarlary” söwdanyň depginlerini barha artdyrýarlar. Olarda mekdep okuwçylary üçin niýetlenen geýim-gejimler, torbalar we ranesler, şeýle hem kanselýar harytlary giňden görkezilýär. Olaryň dürli-dürliligi, hili, nämä niýetlenenligi we bezegi ähli ýaşdaky mekdep okuwçylarynyň göwnünden turýar.
Gyzjagazlar we oglanjyklar üçin niýetlenen mekdep lybaslarynyň ýokary hilli biçilişi we tikilişi tapawutlandyrýar. Aýratyn hem, geýimler we aýakgaplar taýýarlananda hakyky tebigy önümleriň ulanylmagy çagalaryň saglygy üçin örän uly ähmiýete eýedigi möhümdir.
Mekdep okuwçylarynyň köpüsi Aziada-2017-niň nyşany şekillendirilen geýimleri almaga çalyşýarlar. Sport tematikasy boýunça köp dürli harytlar we aksessuarlar ýöriteleşdirilen dükanlarda, şol sanda ýurtda we onuň daşynda hem meşhur bolan “Altyn asyr” söwda merkeziniň nokatlarynda görkezilýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, “mekdep bazarlary” – bu dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary üçin niýetlenen harytlaryň bahasy we hili boýunça sazlaşykly jemlenen ýeridir. Owadan bezelen, mazamlamagy we düýpli bezegi talap etmeýän söwda hatarlary, mylakatlylyk duýgusyny döredýän satyjylar-maslahat berijiler öňde duran täze okuw ýylyna bolan yhlasyňy artdyrýar we döredijilikli başlangyja höweslendirýär.