Ï Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramaga täzeçe çemeleşmegi teklip edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramaga täzeçe çemeleşmegi teklip edýär

view-icon 2301
Ýurtda döredilen ekologiki kanunçylyk ulgamy döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny netijeli amala aşyrmaga we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Esasy üns Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawyny goramaga berilýär.

Bu ýerde Hazar döwlet tebigy goraghanasy ýerleşip, onda onlarça ýyl bäri deňiz aýlagynyň giňişliginiň baý dünýäsi goralýar. Bu goraghananyň suw-batgalyk ýerleri dünýä ähmiýetli ornitologiki çäkler hökmünde BMG-niň suw-batgalyk ýerler baradaky Konwensiýasynyň sanawyna goşuldy.


Hazar deňziniň döwlet ekologiki strategiýasy we tebigaty goraýyş meselelerini hukuk taýdan sazlaşdyrýan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ýörüteleşdirilen gurluş düzüminiň “Hazarekogözegçilik” Hazar ekologiki gullugynyň işgärleri deňiz we kenarýaka suwunyň ýagdaýy boýunça monitoring geçirýärler. Gullugyň işi barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy Batyr Ballyýew gürrüň berýär:

- “Hazarekogözegçilik” öz işini türkmen kenarynyň ekologiki ähmiýetli gurluşyklaryny hem-de dürli senagat we önümçilik desgalarynyň işlerini barlamak bilen, Türkmenistanyň “Tebigaty goramak hakynda”, “Döwlet ekologiki ekspertizasy hakynda”, “Atmosfer howasyny goramak hakynda”, “Galyndylar hakynda” Kanunlaryň talaplaryna laýyklykda alyp barýar. Gulluk deňizde ýük daşamak, nebiti we gazy gazyp almak, geofiziki we geologiki gözlegler, şeýle hem energiýa serişdelerini daşamak bilen meşgullanýan daşary ýurt we ýurdumyzyň kompaniýalarynda, kärhanalarynda wagtal-wagtal ekologiki barlaglary geçirip durýar. Gullugyň barlag ulgamyna ýurdumyzyň genji-hazynasy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hem girýär. Bu ýerde hem Awazanyň çäklerinde, hem onuň üç kilometrlik zolagynda deňiz we kenarýaka suwunyň, atrmosfera howasynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek geçirilýär.


Soňky ýyllarda deňiz suwunyň monitoring seljermeleriniň netijeleri Hazar deňziniň türkmen böleginde zyýanly garyndylary ýol berilýän kadalarynyň çäklerinde saklanýandygyny görkezýär. Ekologlar Awazanyň töwereginde deňiz suwunyň himiki düzüminiň we ölçegleriniň möwsümleýin we beýleki şertlere bagly bolýandygyny, umuman durnukly we howpsuz ýagdaýyň saklaýandygyny tassyklaýarlar. Gullugyň hünärmenleri tarapyndan ekologiki seljermäniň netijeli we öňdebaryjy tehnologiýalary, zerur gerek bolan tehniki we ulag serişdeleri we häzirki zaman barlag gurallary ulanylýar.


Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Edaraara toparynyň işi Hazarda ekologiki howpsuzlygynyň ölçegleri boýunça ýurduň belli senagat toplumlarynyň önümçilik işiniň mundan beýläk hem öňe ilerlemegine ýardam berýär. Bu toparyň işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylýar. Bu işe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeoroloiýa baradaky milli komiteti, ýurduň Döwlet balyk hojalygy komiteti, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti we beýleki birnäçe edaralar çekilendir. Türkmenistan beýleki hazarýaka döwletleri bilen bilelikde Hazar deňziniň hapalanmagynyň gidrometeorologiýasy we monitoringi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (KASPKOM) düzümine girýär.


Türkmenistan halkara ýöriteleşdirilen guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda bar bolan we bolup biläýjek ekologik meseleleri çözmekde öňünden duýdurmagyň täzeçe çemeleşmesini teklip edýär. Ýurdumyz resmi taýdan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren BMG-niň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça (Tähran konwensiýasy) Çarçuwaly konwensiýasyny ratifisirledi. Hazarýaka ýurtlary bilen bilelikde nebit bilen hapalanma hadysasy bolan ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk görmek, seslenme we hyzmatdaşlyk Protokoly hem-de gury ýerde amala aşyrylýan işleriň netijesinde Hazar deňziniň hapalanmagyny goramak boýunça Protokol kabul edildi. Hazarýaka döwletleriniň wekilleri 2014-nji ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna biologiki dürliligi saklap galmak boýunça Protokoly kabul etdiler. Nobatda – serhetüsti babatda daşky gurşawa täsir etmelere baha bermek boýunça Protokol dur. Häzirki wagtda onuň üstün işlemek dowam etdirilýär.


Döwlet tarapyndan alnyp barylýan köp ugurly ekologiýa syýasaty Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerinde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Tähran konwensiýasynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Sebitiň ýurtlary Hazaryň ajaýyp tebigy gurşawyny we biologiki dürli-dürliligini goramak we saklamak boýunça boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ylalaşykly ädimlerini ätmegi dowam etdirýärler.