Olaryň hatarynda ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän çagalar baglarynyň 10-ny we orta bilim berýän mekdepleriň 14-ni, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän täze ýokary okuw mekdebini – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnolgiýalar uniwersitetini - talyplar şäherçesini görkezmek bolar.
Şu günler Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyga işjeň taýýarlyk görülýär.
Türkmen paýtagtynda birnäçe täze iň häzirki zaman bilim edaralary açylmaga taýýar edildi.
Täze 114-nji çagalar bagy we 132-nji umumy bilim berýän orta okuw mekdebi 7-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň üstüni ýetirer.
Ruhabat etrabynda açyljak 1200 orunlyk täze orta okuw mekdebi – täze okuw ýylynyň ýene-de bir nusgasy bolup durýar. Bu binanyň dört gatynda multimediýa tehnologiýalar bilen üpjün edilen otaglar, baý okuw we çeper edebiýatlary bilen üpjün edilen kitaphana we birbada 400 adama hyzmat edip bolýan naharhana, sport zallarynyň ikisi ýerleşýär. Mekdebiň ýanyndaky giň meýdançada birnäçe sport meýdançalary ýerleşýär.
Lebap welaýatynda her biri 160 çaga niýetlenen iň häzirki zaman okuw – terbiýe toplumlarynyň ikisi açylar. Şunuň ýaly dabaralar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Serdar etrabynda geçiriler. Bu ýerde 320 we 160 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň ikisi öz gapylaryny giňden açar. 320 we 180 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi Ahal welaýatynyň degşlilikde Baharly we Altyn asyr etraplarynda açyalr.
Mary welaýatynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-sy we çagalar baglarynyň üçüsi aýylar.