Köpetdagyň gaýtalanmaz üýtgeşik tebigaty—onuň geologik taýdan gurluşy, landşafty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, çeşmeleri köpden bäri alymlaryňdyr ülkäni öwrenijileriň, syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işi bu özboluşly dag ekoulgamyny öwrenmäge gönükdirilendir, golaýda onuň döredilenine 40 ýyl doldy.
Goraghana Merkezi we Gündogar Köpetdagyň has gymmatly ýerlerini eýeleýär. Ol dag etek düzlüginiň ekoulgamyny, üýtgeşik arçalyk we ýabany miweli dag tokaýlaryny, özboluşly haýwanat dünýäsini—dag tekesini, goçlaryny, gaplaňyny, dag hindi towugyny we beýlekileri öwrenmek we goramak üçin döredilipdi. Goraghana Ahal welaýatynda daglaryň orta guşagynda 50 müň gektardan gowrak ýerde ýerleşýär. Goraghananyň berk goralýan ýeri, ýada özeni 32,8 ga meýdan tutýar. Goraghananyň daglyk Guryhowdan we dag etek Mäne-Çäçe çäkli goraghanalary bardyr. Bu ýerler çeşmelere baý çuň jülgeli, belentligi deňiz derejesinden 700 metrden 2800 metre çenli tapawutlanýan gaýalary bilen tapawutlanýar, hatda tomsuň jöwzasynda-da gök otly tekizlikler, dag etek düzlükler bar. Goraghananyň golaýynda tebigy ýadygärlikleriň ikisi- Günbatar Köpetdag bilen serhetde—Garaýalçyda kiçeňräk hoz tokaýy we 20 ga ýerde arça jeňňeli, Gündogar Köpetdagyň etegindäki Çarlykda iki müň gektar meýdanda bolsa pisse tokaýjygy ýerleşýär.
Gurak we öte kontinental howa şertlerine garamazdan goraghananyň ösümlik dünýäsi baý we köpdürlidir- bu ýerde Türkmenistandaky ösümlikleriň 40 göterimi gögerýär.
Sebitiň aýratyn özboluşlylygy diňe bir olaryň görnüş köplüginde däl-de, eýsem gadymdan galan, seýrek we diňe şu ýerde ösýän ösümlikleriň bolmagyndadyr, olaryň köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna girizilendir. Bu ýerde ösýän Köpetdag-Horasan endemigi –hemişe gök öwüsýän türkmen arçasy ýada arça esasy tokaý emele getirýän dag agajydyr. Onuň ösýän seýrek tokaýlygy 20 müň gektardan gowrak meýdany tutýar, bu bolsa Köpetdag gerşlerindäki arça meýdanlarynyň ýarysydyr. Ol ýylda bary-ýogy 3-7 sm ösýän bolsa-da, ýaşy 600-800 ýyla ýetýär. Olaryň boýy 20 metre ýetse, sütüniniň ini 3 metrden aşyp biler. Arçanuň güýçli kökleri diňe bir kert gaýalary we ýalaňaç eňňitleri topragyň suwuň hem şemalyň täsiri bilen dargamagynyň öňüni alman, eýsem daş-töweregiň amatsyz şertlerine garşy göreşde üstün çykyp, golaýynda gögerýän ösümliklere-de oňaýly şertler döredýär. Grek hozy-da Orta ýer deňziniň ösümlik dünýäsiniň gadymdan galan gymmatly ösümligidir. Köpetdagyň ösümlikleriniň arasynda pars we türkmen rýabinasy aýratyn orun eýeleýär. Onuň kä ýerlerde gabat gelýän görnüşleri goraghananyň Germaw böleginde duş gelýär. Ýabany türkmen armydy we türkmen almasy-da çaknyşdyrmak üçin ýerlikli ösümliklerdir, sebäbi, mälim bolşy ýaly, almanyň ençeme görnüşleriniň kemala gelmeginde,-- häzirki wagtda olaryň 10 müňden-de gowrak görnüşleri bar,--almanyň hut ýabany görnüşleri ulanylypdy.
Uludyr kiçi, ýiti we göze ilmeýän, ömri gysga otlar goraghananyň dag ekoulgamynyň möhüm bir bölegidir. Köpetdag owadan gülli ösümliklere baýdyr, olar ir bahardan giç güýze çenli gögerýär. Türkmen topragynda duş gelýän çigildemiň 16 görnüşinden dördüsi Köpetdag goraghanasynda ösýär. Zakaspi giasintellasy we Litwinowyň giasianty gözelligi bilen göreni haýran edýär. Ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikler-de bar, olardan çopandag aýgülüni, Wawilowyň soganyny, Horasan sarysolmazyny, Köpetdag daş kekresini görkezmek bolar. Atabaýewiň haramçybygy tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna girizilendir.
Köpetdag dermanlyk ösümliklere-de baýdyr, olaryň arasynda yşgyn, sarysolmaz, aňňaza, böwürslen, çomuç, ýemşen, zirk, itburun we başga-da ençeme ösümlikler bar. Paporotnikler çygly ýerlerde, daşlaryň arasynda we gaýalaryň jaýryklarynda ösýär, olaryň üç görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde badam hem ösýär. Mohlardyr lişaýnikler miwesiz ýalaňaç ýerlerde ilkinji ornaşýan ösümliklerdir. Olaryň dürli görnüşlerine gaýalarda, topragyň ýokarky gatlagynda, agaçlaryň gabygynda duşmak bolýar. Daş-töwerekdäki özgerişlere duýgur bu ösümlikler tebigatyň arassalygynyň görkeziisidir. Olaryň bu ýerde gabat gelýän 442 görnüşiniň birnäçesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghananyň haýwanat dünýäsi-de örän baýdyr, bu ýerde diňe oňurgasyz jandarlaryň müňden gowrak görnüşi gabat gelýär. Olaryň arasynda kebelekler, hudaýatylar, teneçirler, şeýle hem Zeminiň iň gadymy jandarlarynda möýşekilliler—zäherli içýan, garagurt, ataýry ýaly jandarlar bar. Köpetdagda ýaşaýan mör-möjekleriň 17 görnüşi Gyzyl kitaba girizilenlerdendir, ganatsyz teneçir bolsa TGHB-niň Gyzyl sanawyna goşuldy. Köpetdagyň Arçabil, Kelteçynar, Çyrlak (Şarlawuk), Mäneçaý we beýleki ýalpak derýajyklarynda gündogar ýyndamy, hazar gara balygy we türkmen ýalaňajy, ýerde-suwda ýaşaýanlardan üç görnüşi gabat gelýär. Orta daglyk süýrenijileriň mekanydyr, olaryň dört görnüşi—menekli ýylançyr, elbrus suwulgany, eýran pişikgöz ýylany, Orta aziýa göklorsy döwlet tarapyndan goralýar.
Goraghanada guşlaryň 150 görnüşi bar. Olardan dazzarkeli, gajary we maslykçyny görkezse bolar. Düzlüklerde torgaýyň dürli görnüşleri,çgaýalarda sakally gyr gabat gelýär. Barmasy kyn belent ýerlerde gara leglek, kert gaýalarda özboluşly, gaty seýrek duşýan hazar hindi towugy höwürtge edinýär. Çal durnalar Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň üstünden güýz—ýaz göç edýärler, kä ýyllarda olaryň 20 müňe golaýy uçup geçýär. Gara leglek, adaty ýylançyr, bürgüt, sakally gyr we beýlekiler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we CITES Sanawyna goşuldy. Süýt emdirijileriň onlarça görnüşi bolup, olardan 17-si—nalburun, Şaubi gijekisi, itaýy we beýlekiler Gyzyl kitapdakylardandyr. Üç reňk gijeki, ala syrtlan, Orta Aziýa gaplaňy, gulan, keýik, dag tekesi, dag goçy TGHB-nyň Gyzyl sanawyndadyr.
ХIХ-ХХ asyrlarda Gündogar, Merkezi, Günbatar Köpetdagda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde bu sebitiň tebigy baýlygy barada gymmatly maglumatlar toplanyldy, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüşleri kesgitlenildi. Goraghana döredilenden bäri sebitiň ekologik ulgamynyň ýagdaýy barada maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, tükellenilýär, olar her ýyllyk “Tebigatryň ýyllyk ýazgylarynda” çap edilýär.