27-nji awgustda orta hünär okuw mekdepleriniň kyrkdan gowragynyň dalaşgärleri nobatdaky giriş möwsümini soňky bolup tamamlaýarlar. Olaryň hatarynda – Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Dokma Senagaty ministrliginiň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ugurdaş okuw mekdepleri bar.
Şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň örän uly sanawynda – Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tabynlygyndaky sebitleýin agrosenagat mekdepleri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebi bar.
Edaralara degişli bolan – hünär okuw mekdepleriniň üstüniň yzygiderli ýetirilip durulýandygy uly ähmiýete eýedir, degişlilikde milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin orta hünär bilimli hünärmenleriň hatary hem artýar.
Umuman ýurduň bilim ulgamynda täze okuw mekdepleriniň sany ýylba-ýyldan artýar. Bu bolsa Bilim we talyp ýaşlar gününde oňyn däbe öwrüldi. Täze 2016-2017-nji okuw ýylynda iň häzirki zaman mekdepleri we çagalar baglarynyň köp sanlysy bilen bir hatarda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem dabaraly ýagdaýda açylyşy bolar.
Ýakynda täze ýokary okuw mekdebi üçin giriş synaglaryndan üstünlikli geçen talyplaryň ilkinji uly toparynyň kabul edilişi tamamlandy.
Umumylykda, biziň ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalarynyň 16 müňsi birinji ýyl talyplaryna gowşurylar. Bu bolsa geçen ýylka garanyňda ep esli köpdür. Bu – hünär taýýarlygynyň ugurlarynyň giňelendigine we birinji ýyl talyplygyna kabul edilýänleriň sanynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu öz nobatynda, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalary esasynda hem ýüze çykandyr.
Ýetip gelýän täze okuw ýylynda hünär taýýarlygynyň täze ugurlarynyň açylmagy bilen baglylykda birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň okuw işlerine möhüm düzedişler hem girizildi. Meselem, S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw tertibine “hytaý dili” hünäri girizildi. Ol häzire çenli diňe D.Azady adyndaky Dünýä dilleri institutynda we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetnde okadylýardy.
Şular ýaly täzelikler Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda hem girizildi. Bu ýerde täze okuw ýylyndan başlap, “sport tehnologiýalaryny tehniki taýdan üpjün etmek” hünäri boýunça okuw başlanýar. Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde iki ugur boýunça – “gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” we “himiýa tehnologiýasy” boýunça bakalawrlary taýýarlaýan ugur ornaşdyrylýar. Halkara standartlary boýunça guralan bilim işleri, bir ýyllyk dil taýýarlygy (iňlis dili) bilen bir hatarda hünär öwretmegiň iki basgançakly: dört ýyl – bakalawariat we iki ýyl - magistratura usuly boýunça alyp barmagy göz öňünde tutýar.
Häzirki günde nebitgaz ýokary okuw mekdebi eýýäm okuw işinde hünärmen taýýarlamagyň beýleki iki ugry boýunça – “logistika” (nebitgaz pudagynda) we “nebitgaz işi” boýunça bolan ulgamy standartlaryny üstünlikli ornaşdyrmakda tejribe toplandy. Olar iki ýyl mundan ozal ýokary okuw mekdebiniň iş tejribesine goşuldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bolan ulgamy halkara standartlarynyň üstünlikli ornaşdyrylmagyna ýurdymyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň hem goşulyşmagy guwandyryjy ýagdaýadyr. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara bilim toruna integrirlenmeginiň mynasyp nusgasy bolup durýar.
Türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň hökümetara, şol sanda edara ara ylalaşyklaryna laýyklykda, dürli döwletleriň meşhur orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okamak üçin bäsleşik esasynda saýlanyp alynmagy dünýäniň bilim giňişligine girýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Geçen okuw tamamlanyp barýarka Türkiýe Respublikasynda we Ýaponiýada, Hytaý halk Respublikasynda we Rumyniýada okamaga isleg bildiren türkmen ýaşlary üçin giriş möwsümi nobatma-nobat geçirildi. Türkmen ýaşlary bu ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde biziň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny işjeň ösdürilmegine zerur bolan hünärleri ele alarlar.
Mundan hem başga, Aşgabatda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň binýadynda, Belarusyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri ýokary bilim ulgamynyň ýarmarkasyny geçirdiler. Onda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplary tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi.
...Şeýlelikde, giriş möwsümi yzda galdy diýen ýaly. Ilkinji bolup ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri 25-nji awgustda giriş möwsümini tamamladylar, 27-ne bolsa Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleri oňa goşulşarlar.