Däp bolşy ýaly, ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwerlikli içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetine bagyşlanan ilkinji watançylyk sapaklary geçirildi.
Baýramçylygyň hormatyna geçirilen dabaralara ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda bilim syýasatynyň esasy maksadynyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin bilim almagyň elýeterli bolmagyny gazanmakdan, her bir adamyň bilim babatda öz ukybyny, zehinini doly ulanyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdygy nygtalýar. “Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ösüşler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýaş nesiller hakyndaky aladadyr. Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde jemgyýetiň we döwletiň mundan beýläkki ösüşi üçin binýatlyk esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösmegi, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda özleriniň köpugurly zehinlerini we ukyplaryny ýüze çykarmagy babatda türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan görülýän yzygiderli çäreler, ilkinji nobatda, netijeli we doly derejeli okuw-terbiýeçilik işi, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýeläp ýetişdirmek üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Geljekde ýaşlarymyz eziz Watanymyzy täze belentliklere çykarmalydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Şol ösüşler bolsa bilimiň, magaryfyň we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş derejesi, ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Soňky ýyllarda iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Her ýyl täze mekdepler we mekdep ýaşyna çenli edaralar hem-de umumybilim berýän orta mekdepler açylýar. Ine, şu gün hem, täze okuw ýylynyň başynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Şu gün irden türkmen paýtagtynda Köşi we Parahat—7/1 ýaşaýyş toplumlarynda her biri 500 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň hem-de Ruhabat etrabynda 1200 orunlyk mekdebiň açylyş dabaralary hakyky baýramçylyga öwrüldi.
Parahat—7/1 ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk çagalar bagynyň binalar toplumy peýda boldy. Bu ýerde dynç almaga hem-de oýun oýnamaga niýetlenen ýagty we giň otaglar, aýdym-saz hem-de gimnastika zallary bar. Sapaklary geçmek üçin multimediýa tagtalary hem-de giň oýun meýdançalary körpeleriň ygtyýaryndadyr.
Täze binalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Ol özüne binagärligiň milli däplerini hem-de inženerçilik pikiriniň häzirki zaman gazananlaryny birleşdirdi.
Şu gün Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary hem täze mekdep binasynyň jaý toýuny toýladylar. Sarahs etrabynyň “Kiçiaga” geňeşliginiň Rysgally obasynda ak mermerli, 3 gatly 600 orunlyk mekdep açyldy. Degişlilikde, 320 we 180 orunlyk çagalar baglary Baharly etrabynyň Börme obasynyň hem-de Altyn asyr etrabynyň Altyn asyr şäheriniň körpe ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Güýz paslynyň birinji gününde, tutuş ýurdumyz boýunça Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilýän gününde Mary welaýatynyň ýaşaýjylary täze orta mekdepleriň hem-de mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň şaýatlary boldular. Mary etrabynyň “Akybaý” geňeşliginiň Akybaý obasynyň okuwçylary 620 orunlyk iki gatly binada bilim almak üçin ajaýyp mümkinçilik aldylar.
Wekilbazar etrabynyň “Mülkýusup” geňeşliginiň Kaklydepe obasynda 500 orunlyk, Ýolöten şäherinde 640 orunlyk, Baýramaly etrabynyň “Azat” geňeşliginiň Hazarly obasynda 160 orunlyk, Türkmengala etrabynyň “Serdarýap” geňeşliginiň Rahat obasynda 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriniň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi. Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesiniň çagalary 100 orunlyk çagalar bagynda jaý toýuny toýladylar, Baýramaly etrabynyň Murgap obasynyň körpeleri bolsa 90 orunlyk “çagalar şäherjigini” sowgat aldylar.
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň “Pelwert” geňeşliginiň Pelwert obasynyň ýaşaýjylary üçin hem bu gün ajaýyp wakalara beslendi. Bu ýerde 600 orunlyk orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Atamyrat etrabynyň “Çekir” geňeşliginiň Güýç obasynda hem-de Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň “Daşrabat” geňeşliginiň Daşrabat obasynda 160 orunlyk çagalar baglary peýda boldy.
Täze mekdeplerde amatly mebeller hem-de döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglar bar. Ýöriteleşdirilen otaglarda daşary ýurt dillerini öwrenmek, informatika, biologiýa, fizika, himiýa, geografiýa we beýleki okuw dersleri üçin multimediýa hem-de interaktiw enjamlary ornaşdyryldy. Aýdym-saz we surat çekmek üçin niýetlenen otaglar hem ösüp gelýän nesli göwnejaý terbiýelemek babatdaky wezipelere doly laýyk gelýär. Okuw mekdepleriniň ählisinde zerur bolan okuw we çeper edebiýat bilen üpjün edilen kitaphanalar, mekdepleriň mugallymlary üçin niýetlenen okuw-usulyýet otaglary bar.
Eýýäm birinji okuw gününde ajaýyp sport zallarynda, sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin niýetlenen açyk meýdançalarda çagalaryň şadyýan sesleri belentden ýaňlandy. Bu ýerde lukmançylyk otaglary, naharhanalar hem bar. Ýörite dynç alynýan ýerler hem-de oturdylan ýaş agaç nahallary mekdepleriň abadanlaşdyrylan howlularynyň bezegine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýurdumyzyň ähli 1-nji synp okuwçylaryna okuw kompýuterleriniň gowşurylmagy şu gün mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagalar üçin örän şatlykly waka boldy.
Täze mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň açylyş dabaralarynyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda çagalaryň terbiýesine uly ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň ähmiýetiniň okuwçylaryň we bilim işgärleriniň baýramçylygynyň çäginden çykýandygy öz-özünden düşnüklidir. Şu gün täze desgalaryň açylmagy mynasybetli guralan dabaralaryň hemmesi ählihalk baýramçylygyna mynasyp ýagdaýda ruhubelentlik bilen geçirildi we konsertler guraldy.
Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmegiň uly ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.