2016-njy ýylyň iýul aýynda Awstriýanyň paýtagtynda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolynyň tarapdarlarynyň nobatdan daşary maslahaty geçirildi. Bu wakalar ozon gatlagyny döwýän (OGDM) maddalar boýunça işçi toparlaryň ikisiniň duşuşyklarynyň öň ýanynda bolup geçdi. Esasy maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde Monreal protokolyna gidroftoruglerodlar (GFU) babatda düzediş girizmek hakynda tekliplere garalyp geçildi. Olara garap geçmek şu ýylyň oktýabr aýynda Kigali şäherinde (Ruanda) bolup geýjek 28-nji Konwensiýasyna gatnaşjak taraplaryň protokoluna teklip ediler.
Taraplaryň ministrleriniň we wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň derejesinde soňra bolup geçen nobatdan daşary maslahatynda OGDM we GFU eksport we import edilmegine gözegçilik çärelerine, amala aşyrylýan taslamalaryň energetiki netijeliligi we bu maddalar ulgamynda milli strategiýalaryň institutusion taýdan goldamagyň esasy ugurlaryny höweslendirýän çärelere garaldy. Hususan-da, yssy howaly ýurtlar üçin OGDM ulanmagy azaltmak meselelerini differensial ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyna düşünişmek gazanyldy. br>
Wekilçilikli maslahatyň çäklerinde Monreal protokolunyň tarapdarlarynyň Dubaýda bolup geçen 27-nji Konferensiýasynda kabul edilen gidroftoruglerodlar babatda işleriniň täze düzgünine bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi. Düşündirişleri ýaly, Türkmenistanyň Tebigaty goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýanyndaky Ozon merkezinde Monreal protokolunyň çäklerinde OGDM – gidrohlorftoruglerodlary ulanyşdan aýyrmak babatda olaryň ornuny tutýan – GFU köp ulanylypdyr. Ýöne aýdyňlaşdyrylanda GFU-ň aglabasy howanyň üýtgemegini öjükdirýän parnik gazlarynyň güýji bolup durýar. Bu bolsa ekologlary ynjalyksyzlandyrýar. Bilermenler täze düzedişleriň girizilmegi howanyň global maýlamagyny 2050-nji ýyla çenli 0,5°C saklap bilmäge mümkinçilik berer diýip, hasap edýärler. Bu bolsa howa boýunça global Pariž ylalaşygyny we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň gazanylmagyna mynasyp goşant goşmaga hyzmat eder. Eger tersine bolsa, GFU-nyň ulanylmagy her ýylda 7 göterim, zyýanly zyňyndylar bolsa – ýylda kömürturşy gazyň ekwiwalenti 8,8 gigatonna çenli artar. br>
* * *
br>Aşgabatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan ýerine ýetirilýän “Monreal protokolyny ýerine ýetirmek üçin institusion berkime (4-nji döwür) we Türkmenistanda GHFU-ny tapgyrlaýyn azaltmagyň Meýilnamasyny amala aşyrmak” taslamasynyň çäklerinde iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Wenada beýan edilen Monreal protokolunyň çäklerinde, şol sanda oňa düzedişler bilen hem, OGD zyňyjrylary sazlaşdyrmak, howany sowadyjy täze gurallary we tehnologiýalary standartlaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň wekilleri, kondisionirleme ulgamyny abatlaýan we hyzmat edýän hünärmenleri taýýarlaýan 4-nji hünär okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň sowadyş ulgamyna hyzmat edýän “Sähra” HK we şular ýaly gurallaryň importy we gurnama ulgamyna ýöriteleşdirilen “Ussat inžener” HK wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda sowadyjy gurallara hyzmat etmek we abatlamak boýunça tehnikleri sertifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem ýöriteleşdirilen hünär okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna ozon gatlagyny goramak tematikasyny girizmek meselelerine garaldy.