Ï Paýtagtyň “Orlan” hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýaş iňlis diliniň muşdaklary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtyň “Orlan” hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýaş iňlis diliniň muşdaklary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler

view-icon 1448
Adybir “Orlan” meşhur işgärler gullugynyň düzüminde iňlis dili okuwlary hem bar. Onuň işi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýörite ygtyýarnamasy esasynda guralandyr.

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt dillerini öwrenmek – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Kompaniýa tarapyndan iňlis dili sapaklary diňe bir dürli ýaşdakylar üçin niýetlenmän, eýsem buhgalterleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini maksatlaýyn hünär-dil taýdan taýýarlamaga hem gönükdirilendir.


Bu ýerde okaýanlaryň köpüsi mekdep okuwçylary bolup durýar. Olar okuwdan boş wagtlary okatmagy interaktiw-oýun usulynda alnyp barylýan sapaklarynda dil bilimlerini artdyrmak üçin “Orlana” barýarlar. Okuwlar ýörite enjamlaşdyrylan otaglarda bütin ýylyň dowamynda alnyp barylýar. Çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde köp wagtlaryny dil öwrenmeklige bagyşlaýarlar.

Okuw sapaklarynyň esasynda “müşderä niýetlenen syýasat” ýatyr: okuwa başlamazdan öňürti geljekki dil taýýarlygy bilen baglanyşykly okaýanlaryň isleg bildirýän zatlary öwrenilýär. Her ýörite okuw kursy tamamlanandan soňra jemleýji sapaklar geçirilýär. Onuň çäklerinde “uçurymlar” bu ýerde alan bilimlerini görkezýärler.


“Orlanyň” geçirýän “açyk gapylar” gününde çagalar iňlis dili boýunça ilki bilen “Baskin robbinsde”, ertesi gün bolsa “Şokaladnisada” gyzykly “synag” sapaklaryny geçýärler. Bu ýerde çagalara diňe bir süýji tortlardan, piroglardan we dünýäde iň meşhur doňdurmalardan dadyp görmek hödürlenmän, eýsem olary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredilýär. Ondan soňra olaryň özüne teklip edilen önümleriň esasynda dürli goşundulary – hozjagazlary, miweleri, şokoladlary ulanmak bilen, şirin nygmatlary taýýarlamak öwredilýär.

Şunuň ýaly okuwyň dowamynda çagalar şokoladyň, pop-korny, hozjagazlary we beýleki “iýilýän-bezeg” serişdeleri bilen panno-applikasiýalary döretdiler, şadyýan bäsleşiklere gatnaşdylar. Gyzykly “aşpezlik” bilen alnyp barylan okuw sapaklary bütin günüň dowamynda iňlis dilinde geçirildi.


“Orlan” HK direktory Ýelena Garryýewanyň belleýşi ýaly, kompaniýanyň işgärleri – hünärine ussat topar bolup durýar. Iňlis dili sapaklaryny dürli ýaşdaky toparlary okatmagyň häzirki zaman usullary bilen tanyş bolan baý hünär tejribeli mugallymlar alyp barýarlar.