Ï Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynda halkara olimpiýadalarynyň ýeňijileri mübäreklendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynda halkara olimpiýadalarynyň ýeňijileri mübäreklendi

view-icon 2071
«Erudit» Ylym-bilim merkeziniň (Russiýa, Saratow ş.) geçirilen bilimler bäsleşiginde şu mekdebiň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň şowly çykyş edenligine şaýatlyk edýän ýörüte Kubok bilen medal hem-de onuň şahadatnamasy, şeýle hem diplomlaryň we minnetdarlyk hatlarynyň birnäçesi intenata poçta arkaly iberilipdir.


Bu sylaglara ýurdumyzyň milli topary mynasyp boldy, ol 2015-2016-njy okuw ýylynda „Ýylyň bilim edarasy“ bäsleşiginde ýeňiş gazanan Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň wekillerinden ybaratdy.

«Erudit» YBM-niň baş direktory, fizika-matematika ylumlarynyň doktory, professor M. Abrosimowyň goly bilen gowşan ýörüte minnetdarlyk hatynda umumytoparlaýyn birinji orun mekdebiň okuwçylarynyň bilim taýýarlygynyň ýokarylygyna we täze düşünjeli nesliň kemala gelmegine ýardam edýän bilim işiniň netijeliligine şaýatlyk edýär- diýlip, aýratyn nygtalýar.


Bu mekdebiň mugallymlaryndan üçüsi: «Ýylyň utgaşdyryjysy» bäsleşiginiň altyn medalyna mynasyp bolup, dünýä ýurtlarynyň ençemesinden mugallymlaryň 650-siniň arasynda iň güýçlisi diýlip ykrar edilen Ýusupguly Öwezow, şeýle hem halyplaryň görkezijilerinde ýedinji we sekizinji orny eýelän Enegül Tulýakowa bilen Aknabat Hudaýberdiýewa hormatly diplomlar bilen sylaglanyldy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden aýratyn zehinli çagalar okaýan Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň ýedinji-on birinji synp okuwçylary geçen okuw ýylynda dürli halkara ders bäsleşiklerinde, şol sanda «Erudit» Ylym-bilim merkeziniň guran bäsleşiginde gazanan ýeňşi üçin diplomlaryň üç ýüzüsine mynasyp boldular.


Türkmen ýaşlarynyň halkara ders olimpiýadalarynda we beýleki paýhas bäsleşiklerinde şowly çykyş etmegi ýurdumyzyň dünýä innowasion bilim giňişligie ynamly gadam başýanlygyny görkezýär.