Ï Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanyndaky Aşgabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebine 5 ýyl boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanyndaky Aşgabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebine 5 ýyl boldy

view-icon 2182
OST ösdürilmegi azyk bolçulygyny, önümçiligiň durnukly ösüşini, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Onuň düzüminiň ählisi – bütewi ulgam bolup, agrosenagat toplumynyň, oba hojalyk ylmynyň,, şeýle hem oba hojalyk okuw mekdepleriniň – ýokary okuw mekdepleriniň we hünär okuw mekdepleriniň öňünde durýan häzirki zaman reallaryna we meseleleri netijeli çözmäge başarnykly çemeleşýär. Olaryň üçisi Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişlidir. Bu okuw mekdepleri – Aşgabatda, Baýramalyda we Türkmenabatda - okatmaklygy ýokary okuw mekdebine ýakyn derejede alyp barýarlar. Şu ýyl olaryň birine – Aşgabatda ýerleşýän Agrosenagat orta hünär okuw mekdebine bäş ýyl boldy. Paýtagtyň agrosenagat mekdebinde okuwyň ugurlaryny we okatmagyň usullaryny işläp taýýarlamaga Oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrliginiň düzüm bölümleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu hünär okuw mekdebiniň okuw maksatnamasy ýokary hünärli-tejribeli hünärmenleri we oba hojalyk uniwersitetiniň ukyply talyplaryny taýýarlamaga gönükdirilendir. Okuw mekdebi gerek bolan okuw edebiýaty we goldanmalar bilen üpjün edilendir, özbaşdak sapaklaryň hasabyna bilimleriniň giňeltmek isleýänleriň ygtyýarynda bolsa internete irmäge ygtyýarly kompýuter otaglary, yzygiderli üsti ýetirilýän tehniki kitaphana, barlaghana bardyr. Häzirki wagtda bu okuw mekdebi gekjekki ýer gurluşykçylary üçin şweýsariýada öndürilen häzirki zaman abzallaryna we enjamlaryna eýedir. Golaý geljekde tehnikleri-mehanikleri we gidromelioratorlary taýýarlaýan tehnologiki we agrosenagat bölümini üpjün etmek üçin goldanmalaryň gelmegine garaşylýar.


Bu agromekdebi Oba hojalyk uniwersitetine degişlidir. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň ösen ylmy-tehniki binýadynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, sapaklary dürli-dürli etmäge mümkinçilik berýär. TOHU mehanizasiýa fakultetiniň görkeziş meýdançasynda hünär okuw mekdebiniň talyplary dürli oba hojalyk tehnikalarynyň hereketlendirijilerini sökmegi we ýygnamagy, diagnostlaşdyrmagy we abatlamagy öwrenýärler, Türkmenistanda giňden ulanylýan däne ýügnaýjy we pagta ýygýan “Jon-Dir”, “Keýs”, “Klass” ýaly kombaýnalaryň, şeýle hem ýurduň ekin meýdanlarynda ýaňy testleşdirilýän täze tehnikalaryň tehniki ölçeglerini kesgitleýärler. TOHU mehaniki sehlerinde oba hojalygynyň dürli agregatlary sökülen ýagdaýynda ýerleşýär. Bu bolsa amaly sapaklar üçin örän oňaýlydyr. “Açyk” sapaklar ulanylýar, hususan-da “Kamaz” firmasynyň ulaglaryny öwrenmek boýunça onuň wekiliýeti bilen agromekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlandyr. Hünär okuw mekdebiniň mugallymlary oba hojalyk ylmynyň we tehnikasynyň ösüşini, tehniki taýdan kämilleşdirilmegini, pudagy agrohimiýa taýdan üpjün etmegi nazara almak bilen, sapaklaryň maglumatlar kontentine düzedişler girizýärler.

Agromekdebiň weterinariýa hünäriniň talyplary maldarçylyk, oba hojalyk mallaryny idetmek we saklamak, epizootiki faktorlary seljermek, şeýle hem sanjym endiklerini, weterinariýa lukmançylygy we farmasewtika boýunça umumy bilim alýarlar, oba hojalyk uniwersitetiniň tejribe-okuw hojalygynda geçirilýän işler bilen tanyş bolýarlar. Okuw sapaklarynyň dowamynda paýtagtyň tebigy ylymlar muzeýlerine, şeýle hem Janly tebigatyň milli muzeýine meýilleşdirilen gezelençler guralýar. Şeýle hem okatmagyň metodikasynda ekologiýanyň, oba hojalygyny alyp batmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullary ulanylýar. OST alnyp barylýan işler gyzlary has hem özüne çekýär. Olar agromekdebinde agrohimiýany we ösümçiligi, çörek bişirmek işini we beýleki köp sanly hünärleri özleşdirýärler. Okuw-terbiýeçilik işinden başga hem döredijilikli ösüşe we watansöýüjilik taýdan terbiýelemek işlerine hem uly üns berilýär. Hünär okuw mekdebiniň talyplary okuw ýylynyň dowamynda predmet olimpiadalaryna, medeni-köpçülikleýin we tematiki çärelere, sport ýaryşlaryna, şol sanda öňde duran Aziada-2017-ä bagyşlanyp geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşarlar.