Aşgabatda ÝHHG ýardam bermeginde guralan internet-žurnalistika boýunça amaly okuw tamamlandy. Oňa Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň kyrk sanysy gatnaşdy. Treningiň tematikasy häzirki zaman tehnologiýa gurşawy, žurnalist etikasy we maglumat serişdelerini ulanmak ýaly meseleleri öz içine aldy. Talyplar internet-köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdylar, on-laýn-žurnalistikada tekstleriň gurluşyny we materiallary bermegiň usullaryny seljerdiler. Şeýle hem dört günlük okuw sapagynyň dowamynda habarlaryň görnüşlerine çemeleşmegiň usullary ýaly meselelere garalyp geçildi.
- Internet žurnalistlere täzelikleri toplamagyň täze usullaryny goşmak bilen, reportaž döretmek üçin we diňleýjiler hem-de okyjylar bilen özara gatnaşyklary döretmekde giň mümkinçilikleri döredýär diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd gürrüň berýär. Häzirki zaman žurnalistleri makalalary ýazmak, interwýuny almak we faktlara daýanmak ýaly žurnalistika işleriniň esasy binýat ugurlaryna ýeterlik üns bermek bilen, çalt hereketli, internet-giňişliginde ugruňy ýeňil kesgitleýän bolmaly. Okuw maksatnamasyna metbugat maslahatynyň oýun-simulýasiýasy goşuldy. Onuň dowamynda talyplar hökümet guramalarynyň, milli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri hökmünde çykyş etdiler. Metbugat maslahatynyň jemleri boýunça talyplar gysgajyk makalalary ýazdylar.
“Şular ýaly çäreler žurnalistika bilim ulgamynda Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyna şaýatlyk edýär. Bu çäreleriň talyplaryň hünär endiklerini we olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek babatda kämilleşdirjekdiklerine ýardam berjekdigine ynanýaryn ” diýip, Natalýa Drozd sözüniň üstüni ýetirdi. Indiki hepdede şunuň ýaly çäräni Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary institutynda geçirmek meýilleşdirilýär.