Ï Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň birinde – Garaýalçyda – ylmy-usulyýet ekspedisiýasy guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň birinde – Garaýalçyda – ylmy-usulyýet ekspedisiýasy guraldy

view-icon 3038
Bu depeli “düzlük” guş uçar belentlikde ýerleşýär. Bu ýerler ajaýyp bolup, - Köpetdagyň belentliklerine tarap näçe ýokary galdgyňça, baýyrly depeler, çuň jülgeler, köp ösümlikler gabat gelýär. Gaýalaryň belentligi bu ýerlerde 1500 metr töweregidir, şonuň üçin hem bir meňzeş dag gaýalary aýratyn howa şertleri – dag, ýabany ösýän ösümlikler dünýäsinden emele gelen oazis, hemme tarapdan goralan dag ulgamlary bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp tebigy künjek Garaýalçy diýlip atlandyrylýar. Ol Merkezi Köpetdagyň Günorta-Günbatar tarapy bilen sepleşýän, has takygy – Baharly şäherçesiniň günbatarragynda we Nohur obasynyň günorta-gündogarragynda, Ahal welaýatynyň administratiw sähedinde Balkan sebiti bilen araçäkleşýän çäklerde ýerleşýär.


Dag ösümlikleriniň gymmatly genofondunyň saklanýan ýeri bolan Garaýalçy 1987-nji ýyldan bäri ýadygärlik derejesine eýedir we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan goralýar. Bu ýerde göýül we ýüzärlik ýaly ösümlikleri çöl görnüşleri iri ösümlik dünýäsi – kawkaz karkasy ýa-da dagdan bilen ýanaşyklykda ýerleşýär. Belli bir ýerde ýerleşýän jülgäniň Günbatar Köpetdag bilen tebigy aragatnaşygyny ortaýer deňziniň gadymy miwesi bolan grek hozunyň bolmagy hem tassyklaýar. Onuň Garaýalçynyň we Galanhozuň suwly jülgelerindäki uly bolmadyk tokaýlyklary bu miwäniň has uly meýdanlarda hem köp bolan döwrüne şaýatlyk edýär.

Bu ýeriniň landşafty adatdan daşary owadan – beýiklik kanonlar bilen uly bölünipdir, olaryň birinden birnäçe gözbaşlardan suwlanýan Tyrnaw çeşmesi akýar. Tebigy ekoulgamynyň bütin goralýan bölegi uly bolmadyk çägi – bary-ýogy 20 gektary eýeleýär. Ýöne bu türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň biridir. Ýakynda bu ýere üç günlik ylmy-amaly ekspedisiýa guraldy. Onuň işine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri we hünärmenleri, şeýle hem Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Göçme meýdan işleriniň barşynda bu anyk ekoulgamynyň çäkleriniň biodürliligi, şeýle hem grek hozunyň we türkmen arçasynyň tebigatda gaýtadan dikeldilmegi üçin bu ösümlikleriň bioekologiki aýratynlyklary öwrenildi.


Mundan hem başga ösümlikler dünýäsiniň endemiki we ýitip barýan, seýrek duşýan we örän gymmatly, “gyzyl kitaba” girizilen we dermanlyk ösümlikleriň ösýän ýerleri we ýagdaýlary kesgitlendi. Kiçi we uly ýaşly arçalaryň we hozlary gözlemek we hasaba almak işleri utgaşdyrylyp alnyp baryldy. Botanikaçylaryň pikirlerine görä, bu ýerdäki gadymy grek hozlarynyň ýaýramak ewolýusiýasynyň uzak wagtlap izolirlenen möhleti ajaýyp alamatlary toplapdyr we saklapdyr. Bu bir gapdaldan gadymy zat hökmünde onuň gymmatlylygyny nygtaýar, beýleki tarapdan bolsa genetiki material hökmünde onuň hiliniň saklanyp galandygyny nygtaýar. Ýerli hozuň gadymylygyny ýokary mel döwrüne degişli bolan paleontologiki tapyndylar tassyklaýar. Ýüz million ýyl mundan ozal bu ýerlerde hoz agajynyň bitendigini göz öňüne getirmek kyn, ýöne biz olaryň nesillerini häzirki günlerde hem gözümiz bilen görüp bilýäris.


Gury dag gerişleriniň arasynda, gurak howa durnukly ösümlikleriň – otlaryň we gyrymsyň agaçlaryň ýerleşen ýerlerinde, alymlar eňňitleriň birinde sübse görnüşli, daşyndan hwoýnige ýa-da efedra örän meňzeş uly bolmadyk toplumyna gabat geldiler.Tebigy ýadygärlige golaýlaşdygyňça kerkaw agajynyň gür bolmadyk tokaýlygy görünýär. Olar jülgäniň çuňlaşdygyça güri ösümliklere öwrülýär, soňra bolsa geçip bolmajak gür tokaýlyga öwrülýär. Daglaryň daşky görnüşi düýpli özgerýär – indi arçanyň belent daragtlary duş gelýär, sosna we tuýa agaçlary ýaly şäher seýilbagyndaky ýaly dag ýolunyň ugry boýunça düzülipdir. Bu ýerler jadyly taýajygyň yşaraty ýaly ot örtügi bilen ýapylýar hem-de sawannalar poluny ýatladýar, itburun, miweleriniň üç görnüşli – türkmen, iberiý we güri gülli görnüşli zirk agajy köp gabat gelýär.


Köp sütünli, köp ýaprakly, köp ýaşan hoz agajynyň saýasynda şaglap akýan çeşmäniň boýunda taryhy döwürden öňki zamandan biziň günlerimize gelip ýeten ýaly çitçiti, seldereý we kyrkbogna meňzeş ösümlikler ösüp otyrlar. Miweläp oturan itburun, Begger bägüli, öz tikenleri bilen haýbat atýan böwürslen, şeýle hem uly bolmadyk näzijek miweler bu ýerlerini endemiki ösümlikleri bolup durýar. Otlaryň dürli görnüşleri hem haýran galdyrdy. Olar öz ýapraklaryny gül görnüşinde ýere düşäpdirler. Şeýle hem bu döwürlerde gülleýän zweroboý, örän ýakymly ysly käkilik oty ýaly dermanlyk ösümlikleriň köplügi haýran galdyrýar.

Ekspedisiýa gatnaşyjylaryň biri, Köpetdag goraghanasynyň Germaw bölüminiň başlygy Gulmyrat Gulbatyrow Garaýalçynyň we onuň ýakynynda ýerleşýän sebitleri barlamagy utgaşykly amala aşyrdy, çopanlar we ýakynda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary bilen ekologiýa medeniýeti, tebigy künjeklere barmagyň düzgünleri, ýangyn howpsuzlygy we çeşmeleri peýdalanmagyň şertleri barada gürrüňdeş boldy.


Gulmyrat Garaýalçynyň ekoulgamyny saklamak goraghananyň hünärmenleriniň borjy bolup durýar, olar tebigy zolak çäklerine ýakyn ýerleşýän ýerlerde biotehniki we ekodikeldiji çäreleri amala aşyrýarlar diýip, nygtady. Şunlukda, Malaý we Uly bakja çeşmeleriniň ýakynynda ekodürliligi baýlaşdyrmak üçin şu ýylyň bahar paslynda 15 gektar meýdana bag nahallary oturdyldy. Bu ýerde goraghananyň nahalhanasynda ösdürilip ýetişdirilen ýabany ösýän miweli baglar ekildi. Mirzidag we Massinew dag gerişleriniň ýakynynda guşlaryň we haýwanlaryň iýmitlik binýadyny güýçlendirmek üçin umumy meýdany iki gektar bolan uçastoklarda däneli ekinler ekildi. Ekologlaryň edýän tagallalary netijesinde bu ýerde ownuk haýwanlara köp gabat gelmek bolýar, Germapda bolsa möjek, syrtlan, samyr, dag pişigi ýaly haýwanlar ýaşaýarlar. Hatda Garaýalçynyň çäklerinde bu ýerlerde özlerini oňaýly duýýan gaplaňa, dag goçyna, geçä hem gabat gelmek bolýar.

Ekspedisiýa gatnaşyjylar bu ýerleriniň ýol ugra gabat gelen ösümlik dünýäsini, ownuk haýwanlary, süýrenijileri surata düşürdiler. Bu ýerde göwenek we bürgüt ýaly ýabany guşlaryň uçuşlaryna syn etdiler. Ýokarda kert gaýada görünen dag geçisini hem surata düşürmek başartdy. Şeýle hem gerbar materiallary hem ýygnaldy. Ekologlaryň bagtyna arça baglarynyň dürli ýaşdagy görnüşleriniň onlarçasy tapyldy. Aýratyn hem grek hozunyň tohumynda köpelen nahallary begendirdi. Şeýle hem ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini ýüze çykarmak boýunça möhüm mesele ýerine ýetirildi, gyzyl kitaba girizilen pars rýabina agajy tapyldy.


Garaýalçy daglyk ýeriniň ösümlikleriniň ýagdaýy adatça güýz we ýaz aýlary öwrenilýär. Sebäbi bu ýeriniň howasynda ösümlikleriň köpüsi güýz paslynyň gelmegi bilen gülleýär. Şular ýaly saparyň dowamynda ösümlikleriň örtüginiň hil düzümi seljerilýär, şeýle hem ekoulgamylarynyň üýtgemegi ýa-da tebigy hadysalar hasaba alynýar. Bularyň hemmesi “Tebigatyň ýyl ýazgysynyň” sahypalarynda beýan edilýär.