Tokiýonyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň goldamagynda türkmen-ýapon gumanitar gepleşiklerini giňeltmek maksady bilen döredilen bu merkez diňe bir bu ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny we mugallymlaryny däl, eýsem ýapon dilini özleşdirmegi isleýänleriň hemmesi, Günüň dogýan ýurdunyň taryhy we medeniýeti, onuň häzirki zaman gazananlary bilen tanyşmak isleýänler üçin hem döredilendir. Interaktiw görnüşde guralan sapaklary ylymlaryň kandidaty, Tokiýonyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň mugallymy Ýuko Sogame alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, ýapon dili dünýä dilleriniň onusynyň hataryna girýär, ol dünýäde 125 million adamyň ene dili bolup durýar, 140 milliondan gowrak adam onda erkin gürläp bilýär. Ýuko Sogame sapagyň barşynda gepleýiş ukyplylyga we ieroglifleriň ýazylyş tehnikasyna aýratyn üns berýär. Lingwistik sapaklaryndan başga hem, ol ýapon halkynyň däp-dessury we medeniýeti, milli tagamlary taýýarlamagyň syrlary bilen tanyşdyrýan tematiki çäreleriň tapgyryny gurady. Türkmen kärdeşleri hem öz gezeginde Ýuko Sogame bilen türkmen tagamlarynyň taýýarlanyş usullary bilen paýlaşýarlar.
Golaý wagtda geçirilmeli çäreleriň hatarynda – origalar we ikebanalar sungatyna, ýapon sazyna we milli tansyna bagyşlanan ýapon medeniýetiniň günleriniň geçirilmegi bolup durýar.
Bilim ulgamynda netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýene-de biri Tokiýonyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň talyplary Merkezi Aziýa dilleri fakultetiniň okuw maksatnamasyna goşulan türkmen dilini öwrenmäge başlamaklary boldy. Onda türkmen dili we edebiýaty bölümi hem açyldy.
Ýakynda Tokiýonyň bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Масахиро Оку Halkara gumanitar ylymlary we ösüş uniwersitetiniň myhmany boldy hem-de talyplar bilen birnäçe sapaklary geçdi. Масахиро Оку türkmen dilinde gürläp bilmek bilen, iki dile deňeşdirme we seljermegi geçirdi, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada birnäçe teklipleri berdi.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Halkara gumanitar ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokiýonyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Memoranduma gol çekilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu iri iki sany ýokary okuw mekdepleriniň netijeli hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berdi. Özara ylalaşyklaryň netijesinde HGYÖU okuw maksatnamasyna ýapon diliniň ýörite okuw sapagy girizildi hem-de Ýaponiýanyň medeniýet-bilim merkezi açyldy. Bu başlangyja jogap hökmünde golaý wagtda Tokiýonyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmen bilim-medeniýet merkezini açmak meýilleşdirilýär.