Türkmen döwletiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda milli ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi ýylsaýyn giňeýär. Olar ýurduň ösüş, şol sanda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşme şertlerine laýyk gelýär, bu bolsa bilim ulgamyna köpdilliligi ornaşdyrmagy talap edýär.
Şundan ugur alnyp, şu ýyldan başlap, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamasyna ýapon we hytaý dilleri-de girizildi.
Täze açylan Oguz han adyndaky Inženerçilik-tehnologiýa uniwersitetinde ýapon dili esasy dildir, okuwyň birinji ýyly talyplar dil taýýarlygyny geçerler, ikinji ýyldan başlabam halkara bakalaweiat ulgamyna laýyklykda ýapon dilinde hünär öwrenerler.
Şol dilde gürleýänler bilen söhbetdeşlik daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmäge ýardam edýär. Golaýda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çagyrmagy bilen aýkido boýunça 6-njy danyň eýesi Ýudzi Horikoşi bu ýokary okuw mekdebinde myhmançylykda boldy. Duşuşykda myhman talyplary gyzyklandyrýan diňe bir sport däl, eýsem Ýaponiýanyň häzirki döwri, halkyň medeniýeti we däp-dessurlary baradaky köp sanly sowallaryna-da jogap berdi.
Ýylyň başyndan bäri öwrenenleri birinji ýyl talyplaryna ýaponiýaly myhman bilen terjimeçisiz gürleşmäge mümkinçilik berdi, ol söhbetdeşlerini okuwda gazanan üstünlikleri bilen we maksada okgunlylyklary üçin öwdi.
Uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, şeýle duşuşyklar yzygiderli geçiriler, gelejekde bolsa dili ýapon hünärmenleri öwrederler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetnde döredilen Ýapon medeni-bilim merkezinde işleýän Tokiýonuň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň mugallymy Ýuko Sogame Oguz han adyndaky Inženerçilik-tehnologiýa uniwersitetiniň birinji ýyl talyplary üçind-de sapak geçdi.
Sapagyň birinji bölümi Ýaponiýa bilen tanyşlyga bagyşlandy, ikinji bölri bilsa, jedelleşme görnüşinde geçirildi.
* * *
Golaýda takyk, tebigy dersleri we dilleri çuňlaşdyryp öwredýän ýörüteleşdirilen 140-njy orta mekdebe baryp gören Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärlri ýurdumyzda ýapon diline islegiň ulydygyny bellediler.
Bu ýerde ýapon dilinden Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň uçurymy Jennet Batyrowa sapak berýär.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri täze okuw ýylynyň başyndan bäri eýýäm ikinji gezek bu mekdebe myhmançylyga gelýärler. Olar çagalary ýapon halkynyň taryhy we ozboluşly medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýarlar.
Diplomatik wekilhanada bellenilişi ýaly, indi birnäçe ýyl bäri okuwçylar üçin tematiki çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler türkmen-ýapon medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýgjamlaşmagy netijesinde çagalaryň Ýaponiýa baradaky düşünjesini we dünýägaraýşyny artdyrmagy maksat edinýär. Şeýle sapaklaryň bir tapgyry origami sungatyna bagyşlandy. Ilçihananyň işgärleri paýtagtymyzdaky ýapon dili öwrenilýän beýleki mekdeplerde-de şeýle bilim beriş-düşündiriş çärelerini geçirýärler.