Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň neşiri bolan bu ylmy-populýar žurnalyň nobatdaky sanynyň makalalary şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça Döwletara iş toparynyň mejlisi hakyndaky makala bilen açylýar.Ýurdumyz DÖbDIT-a 2015-2016-njy ýyllarda başlyklyk edýär, onuň esasy ýörelgesi ekologiýa meselesinde sebitde özara hereketi işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Mejlise gatnaşanlar döwrüň ähliumumy meselelerini çözmäge hemmetaraplaýyn çemeleşýän, tebigy serişdeleri aýawly we rejeli ulanmaga uly üns berýän Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler.
Makalalaryň biri soňky ýyllarda syýahatçylaryň ünsüni çekýän, geologlar, minerologlar we biologlar üçin gyzyklanma döredýän ýurdumyzda ýerleşýän arheologiýa we tebigy ýadygärliklere bagyşlanypdyr. Köýtendagyň karst gatlakly gowaklary olaryň biridir. Suratlar bilen bezelen makalalaryň biri Kapkutan gowaklar ulgamyna bagyşlanypdyr.
Köýtendag geologik, paleontologik ýadygärliklere we zyýarat edilýän ýerlere baýdyr. Döwlet baştutany 2011-nji ýylda Köýtendaga gelende bu ýerde syýahatçylygy ösdürmegiň geljegine ünsi çekipdi we Köýtendagyň özboluşly ýerlerini ÝUNESKO-nuň bütindünýä mirasynyň Sanawyna goşmaga taýýarlyk görmek barada başlangyç bilen çykyş edipdi.
Gowaklar baradaky makalada şeýle tebigy ýerleriň Uly we Kiçi Balkanda, Garabilde, Köpetdagda, Badhyzda, Tagtabazar etrabynda we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň Gaplaňgyr döwlet goraghanasynda hem bardygy bellenilýär. Balkan daglaryndaky Jebel, Gaýly, Dam-dam çeşme gowaklary daş eýýamynda gadymy adamlaryň ýaşan ýeri hökmünde bellidir. Merkezi Köpetdagdaky Köw ata ýerasty kölem speleosyýahatyny ösdürmek üçin amatlydyr.
Ýene bir makala Badhyzyň merjeni hasaplanýan Ýeroýlanduza bagyşlanandyr. Onuň çuňlugy 500 metr, umumy meýdany bolsa 300 inedördül kilometre barabardyr. Bir wagtlar bu ýerden alnan nahar duzy Horezme, Eýrana we Owganystana äkidilipdir.
Ýerli toprak üstüniň açylmagy netijesinde alymlar gadymy ösümlikler we jandarlar barada maglumatlary ýygnaýarlar. Has gadymy ösümlikleriň galyndylarynyň üsti Badhyzda ilkinji gezek baryp 1925-nji ýylda açyldy. Bu ýerden gadymy žirafyň süňkleri, antilopanyň dişi we düýeguşuň ýumurtgasynyň bölekleri tapyldy. Alymlar olary öwrenip, Badhyzyň gündogar bölegindäki Kagyzlysüýji guýysynyň golaýynda boz syçanlaryň, uly alakalaryň we atýalmanlaryň ýaşandygyny aýan etdiler.
Beýleki bir makalada seýrek duşýan saýgaklar barada gürrüň edilýär, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we ýurdumyzyň alymlary, şeýle hem halkara guramlarynyň wekilleri olary goramak, sanyny dikeltmek we ýaşaýan ýerlerini gorap saklamak meseleleri bilen meşgullanýarlar.
Günbatar Türkmenistanyň gözel tebigatyna bagyşlanan makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Hazaryň gündogar kenarynyň günorta böleginde wulkanlaryň 500-si we laý patlawukalryňam şonçasy bar. Makalada Çekişler, Tüýnükli, Akpatlawuk, Gyzyl Porsyköl patlawygy, olaryň tapylyşy we mineral düzümi barada gyzykly gürrüň berilýär.