Dil boýunça okuwlaryň maksady hünär ylymlaryny kämilleşdirmäge we 2017-nji ýylyň güýz paslynda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna meýletinçileri taýýarlamaga gönükdirilendir.Okuw sapaklary geçen ýylda ýokary okuw mekdebiniň we kompaniýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň ýardam bermeginde geçirildi.
Bu ylalaşygyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň nebitgaz toplumy üçin geljekki hünärmenleriň hünärlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen dürli öwrediji başlangyçlary üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” – bu biziň ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Kompaniýanyň işleriniň bir ugry hem – işgärleri taýýarlamak maksatnamasy bolup durýar. Oňa laýyklykda türkmen hünärmenleri dürli treningiň çäklerinde öz hünärleriniň derejesini ýokarlandyrýarlar.
“Dragon Oýl-yň” ýardam bermeginde talyplar we mugallymlar gerek bolan okuw kitaplary we usulyýet gollanmalary, şol sanda elektron häsiýetli hem, bilen üpjün edilendir.