Okuw sapaklaryna ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinden iňlis dilini kämil bilýän wekilleriniň 450-den gowragy gatnaşdy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen bilelikde D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri meýletinçilik işlerini kämilleşdirmek endigini öwrendiler.
Her gün iki sagatlap geçirilýän okuw sapaklary olaryň esasy okuwlaryndan boş wagtlarynda geçirildi. Okuw sapaklaryny bu uniwersitetiň mugallymlary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri alyp bardylar. Okuw sapaklarynyň temasy iri halkara forumlarynda hereket edýän meýletinçiler üçin gerek bolan bilim derejelerine laýyklykda düzüldi.
Meýletinçiler merkeziniň ýolbaşçysy, Magtymguly adyndaky TDU ekologiýa kafedrasynyň müdiri Şeker Aşyrmyradowanyň belleýşi ýaly, okuw sapaklary interaktiw görnüşde geçirildi. Okuň maksatnamasyna leksiýalar we tanyşdyrylyşlar, şeýle hem tematiki çekeleşik klublary goşuldy. Meýletinçileri taýýarlamak maksatnamasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýurduň daşary ykdysady iş aspektlerini, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegi, diplomatik etikasyny bilmegi öz içine alýar, Mundan hem başga, meýletinçileriň okuw maksatnamasyna Türkmenistanyň taryhy we biziň ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlary goşuldy. Biziň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, milli aşhanasyna we sungatyna, ata Watanyň ajaýyp tebigatyna aýratyn üns berildi.
Bu okuw sapaklaryndan alynan bilimler talyplara meýletinçilik işlerini amala aşyrmaga we türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatynyň işleýän günlerinde myhmanlara ýurdumyzy mynasyp görkezmäge mümkinçilik berer.