Däp bolşy ýaly, ýaş owgan raýatlary her ýylda biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hataryny artdyrýar. Türkmenistan dostlukly Owganystanyň durmuş-ykdysady gurluşynyň dikeldilmegi üçin gerek bolan dürli hünärler boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda uly kömek berýär.
Şu ýyl owgan talyplaryny tölegsiz esasda okatmaklyk ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dördüsinde: S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda we Halkara nebit we gaz uniwersitetinde guraldy.
Owganystanyň wekilleri okuwa başlamazyndan ozal S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda biziň ýurdumyzyň döwlet dilini öwrenýärler.Türkmen diliniň söz baýlygyny öwrenmek dostlukly ýurduň wekillerine ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaklaryna ýeňillikleri we mümkinçilikleri döredýär. Olaryň dil üsti bilen gürleşmekleri dili çalt öwrenmeklerine we talyp durmuşyna, şeýle hem türkmen halkynyň däp-dessurlaryna hem-de ýaşaýyş durmuşyna çalt öwrenişmeklerine şertleri döredýär.
Goňşy döwletiň wekilleriniň onusy Mary welaýat merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň birinji ýyl talyplygyna kabul edildi.Umumylykda alanyňda, bu günki gün bu ýokary okuw mekdebiniň dürli kurslarynda 2004-nji ýylda badalga alan ynsanperwer hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek bilen, Owganystanyň wekilleriniň 44-si bilim alýar. Ondan bäri oglan we gyzlaryň 48-si Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň uçrumy bolup, olar Owganystanyň energetika pudagynda üstünlikli işleýärler.
On adamdan ybarat bolan owgan talyplarynyň ýene bir topary biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri, halkara standartlary esasynda milli ÝET üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan Halkara nebit we gaz uniwersitetine kabul edildi.
Owganly talyplar HNweGU iki fakultetinde – nebit we gaz hem-de energetika we inženerçilik gurluşlary fakultetlerinde bilim alyp başladylar. Olara hünär taýýarlygynyň bu ugry boýunça birnäçe hünärleri – taslama düzmek we nebitgaz geçirijilerini we nebit ammarlaryny ulanmak; elektrik üpjünçiligi; nebitgaz enjamlary we senagat gurluşygy; gaztrubina enjamlary we gazkompressor beketleri ýaly we beýleki hünärleri özleşdirmek garaşýar.
Olar okuwyň birinji hepdesinde dil taýýarlygy we maksada okunlylygy boýunça görkezen netijeleri erbet bolmady. Owganly talyplar okuwyň netijeli bolmagy üçin her günde türkmen we iňlis dilleri, fizika, matematika, himiýa we informatika boýunça goşmaça sapaklara gatnaşýarlar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty şu okuw ýylynda owgan ýaşlarynyň 30-ny dil boýunça bir ýyllyk okuw sapagyna kabul etdi. Olar bu dil boýunça taýýarlyk okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra biziň ýurdumyzyň belli ýokary okuw mekdeplerinde saýlap alan hünärleri boýunça bilim almaga başlarlar.