Ï Ildeşimiz ylmy işleriň VI Halkara olimpiadasynda kümüş baýraga mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşimiz ylmy işleriň VI Halkara olimpiadasynda kümüş baýraga mynasyp boldy

view-icon 1316
Aşgabat şäheriniň 89-njy ýörüteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Röwşen Orazmyradow Russiýanyň „Ylym ugry“ Ylmy-önümçilik edarasynyň gurnan „Ylham joşguny“ atly paýhas bäsleşiginde ikinji orna we ýörüte diploma mynasyp boldy. Ýaş programmaçynyň „Lokal ulgamda maglumatlar binýadyny kodlaşdyrmagyň usullary“ diýen işi üçin oňa şeýle ýokary baha berildi. Onuň mugallymy Dünýägözel Urazowa hem ýokary mugallymçylyk ussatlygy üçin ýörüte diplom gowşuryldy.

Türkmen mekdep okuwçylary „Ylym ugry“ Ylmy-önümçilik edarasynyň (Taganrog) yzygiderli gurnaýan ylmy işleriň halkara olimpiadasynda ýygy-ýygydan ýeňiş gazanýarlar, bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan innowasion bilim özgertmeleriň netijeliligine şaýatlyk edýär.