Ï V Aziadanyň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde geljekki Oýunlara taýýarlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

V Aziadanyň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde geljekki Oýunlara taýýarlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaaşyldy

view-icon 789
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryň başlanmagyna ýene ýarym ýyldan hem az wagt galan V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine milli Liderimiziň Aziada — 2017-niň taslamasyny durmuşa geçirmek, sentýabr aýynda boljak oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Maslahata gatnaşyjylar tarapyndan garalyp geçilen esasy mesele Aziada — 2017-niň nyşanlary, oýunlaryň şekili Wepaly atly alabaý barada boldy. Şeýle hem Wepaly bäsleşikleriň geçiriljek sport görnüşleriniň 21-sinde hem şekillendirilipdir. Milli Liderimiziň teklibi boýunça bu şekiller köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, giň jemgyýetçilige hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat Aziadasyna taýýarlyk meselelerine yzygiderli üns berýär we Türkmenistanda sport-sagaldyş hereketini mundan beýläk-de ösdürmekde, oňa ýaşlary hem-de çagalary çekmäge durmuş, medeni babatda bu wakanyň has-da ähmiýetlidigini nygtaýar. Milli Liderimiz sport ulgamynyň döwrebap düzümini giňeltmegiň diňe bir ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda däl, eýsem, berk bedenli ýaşlary terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak üçin möhüm şertleri döretmekde hem ähmiýetlidigini belleýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzda ýokary derejedäki giň möçberli ýaryşlaryň ilkinji gezek geçirilmegi Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň ýokary galmagynda hem ähmiýetlidir. Türkmenistanyň özüniň daşary syýasat ugrunda parahatçylyk döredijiligi we bitaraplygy ynsanperwer gatnaşyklarynda, şol sanda sport ulgamynda netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde görmegi ýaly birnäçe ýagdaýlar döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýynyň we ornunyň pugtalanmagyny üpjün edýär.

Türgenleriň gazanýan ýeňişleriniň ýurduň abraýyna oňyn täsir edýändigini aýratyn bellemeli. Ýeňiş gazanan türgeniň hormatyna şol ýurduň Döwlet senasy ýaňlanýar we Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlarynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysady kuwwatyny, ylmyň, bilimiň, sungatyň ösüşini giňden äşgär etmäge mümkinçilik döredi.

Häzirki döwürde Aşgabat döwrebap we ýokary derejede enjamlaşdyrylan köp sanly sport toplumlary, stadionlary bolan iri sport merkezine öwrülýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Milli Liderimiziň hut özi bu ýerde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik edýär we onuň ýokary derejä eýedigini tassyklaýar. Bu ýerde halkara derejesindäki birnäçe synag ýaryşlary we şäherjigiň desgalary bilen tanşyp, taslamanyň göwrümine haýran galýan daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe ähmiýetli çäreler geçirildi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygydygyny, sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna — Hormat ordenine mynasyp bolandygyny ýatlamaly.

... Aziada — 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň bu gezekki mejlisiniň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Çykyş edenler diňe bir ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek meselelerine däl, eýsem, daşary ýurtly wekiliýetleri kabul etmek, ýerleşdirmek, naharlamak, medeni maksatnamasy we beýlekiler ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine aýratyn üns berdiler.

Bu işler mahabat-maglumat çärelerini öz içine alýan işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýän Baş meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziadanyň köp sanly wekiliýetlerini we myhmanlaryny kabul etmegiň meselelerine ünsi çekmek bilen, oýunlaryň nyşanlarynda, Olimpiýa şäherjiginiň binagärlik aýratynlyklarynda, meýletinçileriň hem-de türgenleriň lybaslarynda milli ýörelgeleriň üsti bilen, türkmen halkynyň mirasynyň we medeniýetiniň özboluşlylygynyň beýanyny tapmalydygyny belleýär.

Pederlerden miras galan bahasyz gymmatlygy aýawly saklamak, olary nesillere geçirmek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Milli medeniýet milletiň özboluşlylygynyň esasynda ösdürilmelidir we baýlaşdyrylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz beýleki halklaryň medeniýetleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň halklaryň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagyny, birek-birege hormat goýmagyň, Ýer ýüzünde parahatçylygyň ösdürilmegini üpjün etmekde “Aşgabat —2017” taslamasynyň ruhy aýratynlygy bolup durýandygyny belleýär.

Ýaş türgenleri höweslendirmek, olara goldaw bermek, sport ulgamyny ýokary hünärli mugallym-tälimçiler hem-de zerur serişdeler bilen üpjün etmek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň möhüm ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, daşary ýurtly hünärmenler bilen özara gatnaşyklar ösdürilýär. Daşary ýurtlaryň tejribeli tälimçileri çagyrylýar we okuw sapaklary guralýar. Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça Milli federasiýalaryň we merkezleriň alyp barýan işi netijeli häsiýete eýe bolýar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem yzygiderli guralýar.

Aziada — 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşy yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn syýasaty oňyn netije berýär. Häzirki döwürde türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykýar. V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetleri halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we özleşdirmek üçin daşary ýurtlarda saparlarda bolýarlar.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde Aziýa sebitinde, şeýle hem Awstraliýa we Okeaniýa ýurtlarynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça giň möçberli maglumat işleri ýaýbaňlandyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherinde “Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly sport kongresini we sergini geçirmäge taýýarlyk meselelerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara sport federasiýalarynyň, köp ýurtlaryň sport ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň ugurlaryna seredildi.

Aşgabatda oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, türkmen hünärmenleriniň doping synag tehnologiýalaryny öwrenmegi üçin Merkezi Aziýa sebitleýin dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de milli hünärmenleri doping-gözegçiligi boýunça taýýarlamaga gönükdirilen okuw maslahaty guraldy. Olaryň netijeleri boýunça türkmen hünärmenlerine degişli resminamalar gowşuryldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň şu günki maslahatynda bu ulgamda ägirt uly tejribe toplan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, Milli dopinge garşy komiteti döretmek boýunça geçirilen işleriň netijelerine garaldy.

Paýtagtymyzda geçiriljek Aziada — 2017-ä daşary ýurtly žurnalistleri çagyrmak boýunça meýilnama, oýunlara Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17-siniň hem gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda baglaşylan şertnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň wekilleriniň hem-de Milli sport federasiýalarynyň,

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Olimpiýa desgalaryny dolandyrmak, ulanmak we hyzmat etmek, meýletinçiler toparyny hem-de beýleki işgärleri taýýarlamak çäreleri işjeň alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, oýunlaryň dessin meýilleşdirilmegini we taýýarlyk çärelerini amala aşyrýan “Trivandi Chanzo Limited” hyzmatdaş britan kompaniýasy Oýunlara taýýarlygyň çäklerinde ähli kompaniýalaryň we guramalaryň alyp baran işlerini utgaşdyryp, Aşgabatda boljak giň möçberli ýaryşlary üstünlikli geçirmek boýunça taýýarlan tekliplerini hödürledi.

Maslahatda oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary bilen baglanyşykly maglumatlar aýdyldy. Aziada — 2017-niň şekili bolan Wepaly ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli ruhy we özboluşlylygy özünde jemleýän V Aziýa oýunlarynyň şekilini döretmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Oňa Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy çekildi.

Ozal oýunlaryň nyşany we tumary tassyklandy. Olarda hem türkmen medeniýetiniň özboluşlylygy äşgär duýulýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynda ahalteke bedewiniň, alabaýyň şekillendirilmegi tötänden däldir. Çünki olarda halkyň milli gymmatlygy gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Oýunlaryň şekili ählihalk söýgüsine mynasyp bolan Wepaly atly alabaýda jemlenýär. Ol milli we sport lybasynda şekillendirilipdir.

Mertebelilik, özüne bolan pugta ynam türkmen alabaýyna mahsus aýratynlykdyr. Köp ýyllaryň zähmeti, köpasyrlyk yhlas olarda şeýle häsiýetiň kemala gelmegini üpjün etdi. Hünärmenler alabaýlaryň Ýer ýüzünde itleriň iň gadymy görnüşidigini tassyklaýarlar. Bu ugur boýunça ýörite iş alyp barýan hünärmenler alabaýlaryň 3 müňden 6 müň ýyla çenli taryhynyň bardygyny çaklaýarlar.

Her neneň bolsa-da, alabaý wepaly dost, goragçy, güýçli we batyr, onuň bilen özüňi howpsuz duýmak bolýar. Halkymyzyň aňynda bu itler ýeňşe bolan erki, yhlasy we örän ýokary derejedäki joşguny alamatlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde bu itleriň çäksiz wepalydygyna we ynamdardygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle görnüşdäki itlere örän ynamdarlyk we dostluk häsiýetleri mahsusdyr.

Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk öwüşginini, myhmansöýerligi, mähremligi we dostanalygy döretmek babatda hut şu şekile aýratyn ähmiýet berildi. Ol özüniň hoşniýetli garaýyşlary bilen Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzy gurşap alar.

Şeýle hem alabaý we bedew şekillerini Aziadanyň tumarynda görmek bolýar. Ol özüniň çeýe görnüşi bilen zergärçilik önümlerini ýatladýar. Ýöne onuň reňki, gurluş ulgamynyň ösüşi boýunça geçmişden geljege gönükdirilen sazlaşygy, ösüşi alamatlandyrýar. Hereketiň çeýeligi türkmen laçynynyň gerlen ganatlaryna çalym edýär. Bir-de bolsa ol Bagt guşuna meňzeýär. Bu görnüş tutuş şekili emele getirýär.

Şeýlelikde, tutuş jemgyýetçilik Aziada — 2017-niň şekili bilen tanşyp başlady. Olar mahabat-maglumat kompaniýalarynyň işleri bilen bilelikde dünýä ýaýraýar. Onuň esasy wezipesi Aşgabatda geçiriljek oýunlara ünsi çekmekden, Türkmenistanyň hoşniýetli erki bolan, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki täze keşbini kemala getirmekden ybaratdyr.

Şol bir wagtyň özünde syýahatçylyk, medeniýet, bilim ýaly beýleki ulgamlarda hem wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler watansöýüjiligiň ýokarlanmagyna, bedenterbiýe-sport we meýletinçilik hereketiniň, milli mirasyň nesilden-nesle geçijilik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 500 günlük dabaraly atly ýörişiň guralmagy we onuň Olimpiýa şäherjiginiň baş sahnasynda Aziadanyň açylýan gününde tamamlanmagy ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň biri bolup durýar.

Telegepleşikler we gazet makalalary arkaly ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ajaýyp künjeklerini öz içine alýan bu dabaraly ýörişiň barşy bilen tanşylýar. Şeýlelikde, biz tutuş dünýäni ýurdumyzyň ähli künjegi, ajaýyp taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrýarys. Şol bir wagtyň özünde hem buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewleriniň özboluşlylygyny görkezýäris.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Aziadanyň senasyny döretmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Bäsleşige dürli ýaşdaky we dürli wezipedäki döredijilik bilen meşgullanýan adamlar gatnaşyp bilerler.

Ýapyk binalarda we Söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň maslahatyna gatnaşyjylar Aziada — 2017-niň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we onda türkmen türgenleriniň ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmaklary ugrunda bellenilen ähli wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Aşgabat giň möçberli sport baýramçylygynyň geçirilmegi bilen, diňe bir iri sport çärelerini guramakda däl, eýsem, sporty ösdürmekde, dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna ýygyndy toparlary taýýarlamakda-da oňyn tejribe toplar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň sport ulgamyndaky syýasatynyň baş maksady sagdyn we ruhy taýdan güýçli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýörelgelerini ösdürmekden ybaratdyr. Sport—munuň özi güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň, täze belentliklere tarap ruhy göterilişiň sazlaşygydyr diýip, sagdyn durmuş ýörelgelerini umumymilli hereketiň, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegiň, oňa halkymyzy, aýratyn-da, ýaşlary işjeň çekmegiň ýörelgesini öňe sürýän döwlet Baştutanymyz yzygiderli belleýär.