Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 628
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat bilen çykyş etdi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini häzirki döwrüň talabyna laýyk getirmek, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp garşylamak, Aziada — 2017 boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, paýtagtymyzda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we olaryň öz wagtynda tabşyrylmalydygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna ykjam taýýarlyk görmek, aýratyn-da, ekinlere zyýan berijilere garşy göreş çärelerini degişli derejede alyp barmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän gymmatlygy bolan türkmen bedewleriniň hormatyna guralýan şanly dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda ak ekinlere ideg etmek, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda ýaýbaňlandyrylan işler, Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp derejede garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmegiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp derejede dabaralandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, galla oragyna taýýarlyk işleri hem-de sebitiň oba hojalygy ulgamyna ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullary ornaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýaty ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, gowaça ekişi, galla oragyna taýýarlyk we zyýankeşlere garşy göreşmek bilen baglanyşykly ähli işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlygy bolan Türkmen bedewiniň baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi we onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, tehnikalary we beýleki degişli düzümleri galla oragyna taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmen bedewiniň baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlanylan medeni maksatnama hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň häzirki ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy, daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlary we Aşgabat şäherini ähli ugurlar boýunça ösdürmek, pudaklara täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, şanly seneleri dabaralandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýratyn möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.