18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, sapar türkmen Lideri tarapyndan özüniň gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.
Ministrler Kabinetiniň 14-nji aprelde geçirilen mejlisinde bellenilişi ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, ol oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
Milli Liderimiz Astanada boljak ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýetini belläp, onuň köptaraply hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly itergi berjekdigine, ikitaraplaýyn bähbitlere, şeýle hem ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň täze möhüm derejesine çykarylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Muňa iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň yzygiderli özara saparlary, iki döwletiň Baştutanlarynyň has ýygjamlaşan şahsy gatnaşyklary gönüden-göni ýardam berýär, bu gatnaşyklar hoşniýetlilik we ýokary ynam ýagdaýyna eýedir. Milli Liderimiziň 2013-nji ýylyň maý aýynda Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.
Iki döwletiň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi olaryň dünýä giňişliginde oňyn hyzmatdaşlyk etmegi üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan bilen Gazagystan ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça meňzeş garaýyşlara eýedirler. Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.
Türkmenistan bilen Gazagystan giň ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Iri bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy işewür gatnaşyklaryň guralmagyna oňyn çemeleşmegiň aýdyň mysallarydyr. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän halkara gaz geçirijisi, “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesiniň “altyn” halkasy bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, sebit we halkara derejeli ulag-üstaşyr düzümleri şol taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Göni ykdysady bähbitlerden başga-da, häzirki wagtda amala aşyrylan iri möçberli taslamalar hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, bu taslamalara gatnaşýan döwletleriň ykdysadyýetleriniň durnuklylygynyň aýdyň görkezijileridir.
Bularyň ählisi Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara gatnawlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bilen Gazagystanyň şol mümkinçilikleri diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy doly derejede peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasydyr. Şeýlelikde, köp babatda ýurtlarymyzyň tagallalary netijesinde gadymy döwürlerden bäri Ýewraziýanyň halklaryny birleşdiren, dostluga we özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygyň nyşany bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändigi barada aýtmak bolar.
Bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň guralmagy, iki ýurtda geçirilýän ýarmarkalara we sergilere gatnaşylmagy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.
Türkmenistan şu ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek “EKSPO — 2017” sergisinde bölümini ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu sergide dünýä bileleşigini tolgundyrýan möhüm meseleleriň biri — energiýa çeşmeleriniň alternatiw görnüşleri we “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylmagy giňden beýan ediler. 100-den gowrak ýurduň we halkara guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýan bu sergide döwletimiziň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda energetika ulgamynda gazanan üstünlikleri görkeziler. Mundan başga-da, sergi halkara jemgyýetçiligi “Aşgabat—2017” taslamasy bilen hem-de türkmen paýtagtynda şu ýylyň güýzünde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.
Şol bir wagtda Türkmenistan bilen Gazagystany diňe bir ykdysady hyzmatdaşlyk birleşdirmeýär — döwletlerimizi häzirki wagtda, ösüşiň täze tapgyrynda däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy we medeni umumylyk ýakynlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurt däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda bilim, ylym hem-de amaly barlaglar, medeniýet we döredijilik alyşmalary ugry boýunça gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýärler.
Iki goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berer, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylýazgysyna täze ajaýyp sahypany ýazar, dostluk, özara ynam we düşünişmek hemişe bu gatnaşyklaryň tapawutly taraplary bolmagynda galýar.