Şu günki güne çenli alyjylar tarapyndan ykrar edilen önümiň bäş ýüz tonnasy ugradyldy. Öndürilýün ýüpligiň hiliniň ýokaryly netijesinde ol daşary ýurt bazarlarynda uly islegli haryda öwrüldi. Çykarylýan önümiň segsen göterimine golaýy daşary ýurtlara iberilýär.
Iň täze tehnologiýaly dokma kärhanasy 2014-nji ýylda işe girizildi. Onuň önümçilik bölümleri Germaniýanyň «Trützschler» we «Schlafhorst» ýaly öňdebaryjy kompaniýalarynyň çig mal serişdelrini we energiýa tygşytlaýan ýokary öndürijiikli enjmalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Fabrik «Open End» tehnologiýasy boýunça ýylda 6 müň 700 tonna pagta süýümini gaýtadan işläp, dünýä bazarlarynda islegli ýokary hilli nah ýüplügiň 6 müň tonnasyny öndürýär.
Dokma senagaty milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň biridir. Onuň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerli çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenen ýokary tehnologiýalay kärhanalar guruldy, olar döwrebaplaşdyrylan kärhanalar bilen birlike içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli dokma önümleriniň önümçiligini has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi.