Ýerli toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, demirgazyk sebitde ozalda ekilýän miwe agaçlary saýlanyldy. Olaryň arasynda almanyň ir we ortaça möhletlerde ýetişýän görnüşleri, şetdaly, armyt, garaly, alça, çereşnýa, wişnýa, injir we beýleki agaç nahallary bar. Häzirki wagtda welaýatyň bagbanlary nahallara zerur agrotehniki ideg edýärler. Güýzden bagçylyk hojalyklara ýene-de 12 müň nahal berler.
Baý tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak döwlet syýasytynyň ileri tutulýan ugrydyr. Bagçylygy ösdürmek sebitiň ilatyny ekologiýa taýdan arasa witaminli önümler bilen üpjün etmäge ýardam etmäge we daşky gurşawa oňyn täsir etmäge niýetlenendir. Ýylyň başynda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agrosenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlylgyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirliýän harytlary özümizde öndürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilaty ýylboýy ter gök we miwe önümleri bilen üpjün etmek durmuş-ykdysady özgertmeleriň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belläpdi.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda miweli baglar hasylly ýerleriň 2234 gektar ýerini titýar. Sebitiň ähli etraplarynda miweli baglaryň meýdany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, diňe şu ýylky bahar aýlarynda S.A. Nyýazow adyndaky, Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe etraplarynda we beýlekilerde geçen ýyldakydan ýedi müň düýpden gowrak täze agaç nahallary ekildi. Ýerli kärendeçiler döwrebap tilsimatlary ornaşdyrmak arkaly gök-miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga çalyşýarlar. Olaryň köpüsi yzygiderli ýokary netijeler gazanýarlar. Mysal üçin, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň „Täze durmuş“ daýhan birleşiginden Atahan Abdyllaýew bir gektar ýerden geçen ýyl 35 tonna ekologiýa taýdan arassa witaminli önüm aldy. S.A. Nyýazow adyndaky, Gubadag etraplarynyň we beýlekileriň kärendeçi-bagbanlary alyjylar bazaryny gök-miwe önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Demirgazyk sebitde öndürilýän gök-miwe önümleriniň möçberi we oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň geljegi göz öňünde tutulyp, geçen ýyl Daşoguz şäherinde üç müň tonna gök-miwe önümlerini we kartoşka saklamaga niýetlenen iri iň döwrebap sowadyjy ammar guruldy.