Ï Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty «Talyplaryň halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijisi»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty «Talyplaryň halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijisi»

view-icon 1708
Talyplaryň açyk halkara internet-olimpiadalarynyň guramaçylyk komitetiniň başlyklarynyň biri W.G. Nagornow şeýle hormatly adyň dakylandygyny bu ýokary okuw mekdebiniň rektoratyna iberen hatynda habar berdi.

Hatda: „Siziň talyplaryňyz olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda institutyňyza mynasyp wekilçilik etdiler. Siziň ýokary okuw mekdebiňiz innnowasion häsiýetli olimpiadalara gatnaşyp, zehinli ýaşlary saýlap almaga uly üns berýän geljegi uly bilim edarasy hökmünde özüni tanatdy“—diýilýär.

Türkmen talyplaryny ençeme gezek gazanan üstünlikleri bilen gutlap, hatyň awtory olary indiki möwsümdäki internet-olimpiadalara-da işjeň gatnaşmagyna umyt bildirýär. Zehinleriň bu bäsleşigi Bilim ulgamynda innowasiýalary goldamak milli gaznasynyň we Bilimiň hiline gözegçilik ylmy-barlag institutynyň (Mariý El Respublikasy, Ýoşkar-Ola şäheri, Russiýa) howandarlygynda geçirilýär.

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplaryna abraýly halkara adyň berilmegi--innowasion bilim milli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň anyk mysalydyr.