Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrabynda goýaltma öndürýän hususy kärhana dörediler. Onuň gurluşugy üçin ýerli telekeçi Şatlyk Kakajanowa döwlet tarapyndan bir gektar ýer uzak möhletleýin bölünip berildi. Häzirki wagtda önümçilik binasynyň düýbi tutuldy. Telekeçi bu ýerde ýokary öndürijilikli ýörüte enjamlar oturtmakçy, ol ýewropaly kompaniýalar bilen olary satyn almak barada gepleşikler geçirýär.
Esasy önüm bolan goýaltmadan başga-da, telekeçi pomidor şiresini we ketçup hem öndürmekçi. Öz çig mal binýadyny döretmek üçin ol pomidor ýetişdirmäge döwletden ep-esli meýdany kärendesine almakçy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi barada başlangyç bilen çykyş etdi. Olar diňe bir ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça uly möçberli işiň degerli bölegi bolman, eýsem täze iş orunlarynyň döredilmegine-de ýardam eder. Agrosenagat toplumyny ösdürmäge Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalary-da işjeň gatnaşýarlar.
Ýerli senagatçylaryň we telekeçileriň tagallasy bilen Daşoguz welaýatynda ýakyn ýyllarda ýyladyş hojalyklaryny, et we süýr öndürmek boýunça maldarçylyk fermalarynyň birnäçesini, gaplanan gök önümler çykarýan kärhana gurmak göz