Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy

view-icon 766


Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle hem Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini, Russiýadan we Latwiýadan gelen işewür toparlaryň wekilleri tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna matalar we nah ýüplükler, dürli görnüşli trikotaž we tüýjümek önümler, azyklyk bugdaý, saryja goýunlaryň ýüňi, polipropilen haltalar ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, BAE, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 186 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 36 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 327 müň manatlykdan gowrak awtoulag we azyklyk bugdaý satyn aldylar.