Ï Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň innowasion ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň innowasion ýoly

view-icon 7248
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” möhüm resminama bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň geçen maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu maksatnamanyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, sebitlerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ulgamynda anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar.

Bellenilen döwürde işjeň maýa goýum syýasatynyň geçiriljekdigi, hereket edýän taslamalary, şeýle hem täze, şol sanda halkara we sebit ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmegiň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

2018-2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge 240 milliard manatdan gowrak serişdäni goýbermek göz öňünde tutulýar, şunda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat maýa goýumlary gönükdiriler.

Maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ugurlary we wezipeleri kesgitlenildi. Beýleki pudaklaryň ählisi ýaly, ýangyç-energetika toplumy hem innowasion ösüşiň täze tapgyryna geçýär. Nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak üçin geologiýa-gözleg işleriniň gerimini giňeltmek bilen birlikde, energetika ulgamynyň kärhanalaryny täze tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, döwrebap düzümleri, nebit we gazhimiýa önümleriniň köp görnüşlerini çykarýan ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berler.

Umuman, bularyň ählisi ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin tebigy serişdeleriň has netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan syýasat açyklyk, aýanlyk, özara jogapkärçilik, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly çemeleşmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakyndaky kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda köpugurly energetika düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar milli, sebit we halkara energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hyzmat edýär. Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýakyn ýyllarda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwaty tapgyrlaýyn artdyrylyp, 65 milliard kub metre çenli ýetiriler. Gün tertibinde bu iri energiýa geçirijisiniň dördünji şahasyny (D) gurmak meselesi durýar. Onda müňýyllyklaryň dowamynda yklymyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy.

Möhüm strategiki başlangyçlaryň ýene-de biri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre barabar bolan turbageçirijiniň 214 kilometrlik türkmen bölegini çekmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bu taslamany Owganystanyň we Pakistanyň çäginde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly tehniki işlere badalga berildi.

Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna türkmen gazynyň uzakmöhletleýin iberiljek TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Hususan-da, täze iş orunlarynyň müňlerçesini, degişli elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümini döretmäge mümkinçilik peýda bolar.

Ozal bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitleriň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olarda kuwwatly senagat toplumlaryny döretmäge iri maýa goýum serişdeleri gönükdiriler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda öňde goýan wezipelerini çözmek nebitgaz pudagyny ösdürmek bilen berk baglanyşyklydyr. Ol milli ykdysadyýetimiziň hem-de durmuş ulgamynyň energiýa serişdelerine bolan artýan isleglerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ugrunda dürli düzümleýin desgalaryň gurluşygy dowam etdiriler. Bu gaz geçirijisi iki ýyl mundan ozal ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birleşdirdi. Şunuň netijesinde, hususan-da, “mawy ýangyjy” Döwletabat, Malaý, Ýaşlar, Galkynyş ýaly iri tebigy gaz ýataklary ýerleşýän Mary welaýatyna hem-de senagat zawodlarynyň we fabrikleriniň, durmuş maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurulýan ýeri bolan Ahal we Balkan welaýatlaryna ibermek mümkinçiligi peýda boldy.

Mundan başga-da, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen energetika pudagynda köptaraplaýyn, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açyldy. Zerur bolan halatynda ol türkmen energiýa serişdelerini Hazar sebiti arkaly halkara bazarlaryna ibermek üçin işledilip bilner.

2018-2024-nji ýyllar üçin geologiýa-tehniki çäreleriň meýilnamasy—“Türkmennebit” döwlet konserniniň “ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy. Ol nebitgaz gorlarynyň 600-den gowragyny birleşdirýän 30-a golaý ýatagy ulanýar. Hususan-da, meýilnamada täze ýataklary – Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Uzyn ada ýataklaryny işjeň özleşdirmek, uzak wagtlap ulanylyp gelinýän ýataklarda önümli gorlarda nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak, guýulary düýpli abatlamak ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geologiýa-gözleg işleriniň gerimi giňeltmek, şol sanda üç ölçegli seýsmiki usullary ulanmak arkaly işleriň netijeliligi ýokarlandyrmak barada görkezme berdi. Burawlaýyş işleriniň, gözleg we ulanyş guýularyny gurmagyň möçberleri ep-esli artdyrylar. Uly çuňlukda – 7 kilometre çenli çuňlukda ýerleşýän düzümleri öwrenmäge aýratyn üns berler.

Ýokary netijeli, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ulanmak, şol sanda elektrik usulynda burawlamak, ýapgyt we dik guýulary gurmak ulgamynda türkmen burawlaýjylary uly tejribe topladylar. Munuň özi netijeli gorlardan ýangyç çig malynyň çykarylyşyny ep-esli artdyrmaga, mundan başga-da, uly bolmadyk we barmasy kyn bolan gorlary özleşdirmäge mümkinçilik berer. Hususan-da, bu döwrebap tehnologiýalar Balkan welaýatyndaky ýataklarda giňden ulanylýar.

Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda, Amyderýanyň kenarynda, Merkezi Garagumda geljegi uly nebitgaz ýataklaryny, şeýle hem dünýädäki iň iri gaz ojaklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz ojagyny senagat taýdan çalt özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek dowam etdiriler. “Galkynyş” gaz ojagynyň gorlary Ýaşlar we Garaköli ýataklaryndaky bilen bilelikde häzirki wagtda 27 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.

Ozal bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanylmaga berildi, häzirki wagtda şeýle kuwwatlykdaky toplumlaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olar TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge ýardam eder. Bu gaz geçirijisi üçin gaz gysyjy bekedi “Malaý” ýatagynda hem gurmak meýilleşdirilýär.

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bilen birlikde, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen öwdürmäge, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli desgalary gurmaga uly üns berler.

Hazaryň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumy, Garababogaz şäherinde bolsa ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamide hem-de 640 müň tonna ammiaga barabar bolan zawod ulanmaga berler. Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we Euro-5 ölçegine laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanar.

Sebit we dünýä bazarlarynyň ýagdaýyny, gazhimiýa önümine bolan islegleri seljermegiň esasynda gaz we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda polimerleri çykarýan iri önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, Lebap welaýatyndaky Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we suwuklandyrylan gazy çykarýan desganyň durkuny täzelemek hem-de onuň binýadynda kuwwaty ýylda 80 müň tonna butadiýen – stirol kauçugyna hem-de 45 müň tonna polistirola barabar bolan gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Merkezi Garagumda, Daşoguz welaýatynyň Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň golaýynda ýerleşen ýataklarda iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär. Bu ýerde iri zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Onda ýylda 2 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işleniler hem-de 70 müň tonna suwuklandyrylan gaz çykarylar. Bu kärhananyň desgalarynyň ikinji nobatdakysy ýylda pes dykyzly polietileniň 200 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda pes dykyzly polietileniň 200 müň tonnasyny, polipropileniň 390 müň tonnasyny, poliwinilhloridiň 100 müň tonnasyny, suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasyny, kaustiki sodanyň 82 müň tonnasyny hem-de duz kislotasynyň 10 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýylda 1,5 milliard kub metr tebigy gaz we 117 müň tonna tehniki duz gaýtadan işleniler.

Mundan başga-da, suwuklandyrylan gazy, metildietanolamini, formaldegidi öndürýän desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýakyn 10 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň uly bolmadyk bölegidir.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzda A-95 kysymly benzine hem-de dizel ýangyjyna islegler iki esse artar. Şundan ugur alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda, dizel ýangyjyny arassalamak, katalitiki izodeparafinizasiýa, mazutlaryň katalitiki krekingi, ikinji gezek ulanylýan benzinleri arassalamak, wodorod öndürmek we beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda kuwwaty ýylda 20 müň tonnadan gowrak önüme barabar bolan polipropilen plýonkasyny öndürýän desgada goýberiş – sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, polistirol we kauçuk almak üçin zerur bolan benzoly öndürmegiň tehniki we ykdysady maksada laýyklyklylygy öwrenilýär. Benzoly bölüp aýyrýan desganyň gurulmagy türkmen nebithimiýaçylaryna EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän benzinleriň önümçiligine doly geçmäge, ýokary hilli sintetiki ýaglaryň (“iki plýus” we “üç plýus” toparlary) çykarylyşyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Nebit koksundan grafit öndürmegiň mümkinçiliginiň üstünde işlenilýär. Owadandepedäki metallurgiýa zawodynda gurnalan synag desgasynda eýýäm bu önümiň ilkinji tapgyry alyndy. “ÜLKE” hususy kärhanasynyň we “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň hünärmenleri bu tehnologiýany synap gördüler.

Grafitiň we ondan alynýan önümleriň nebitgaz, atom, metallurgiýa, himiýa, komos pudaklarynda işjeň ulanylýandygyny bellemelidiris. Ol ýakynda peýda bolan täze tehnologiki işlerde, hususan-da, biolukmançylyk senagatynda, mikroçipleri taýýarlamakda, ýagtylyk diod tehnikasynda hem zerurdyr. Bu pudaklar tutuş dünýäde güýçli depgin bilen ösýär, diýmek, grafite bolan islegler yzygiderli artar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde garaşylýan düzümleýin özgerişlikler bilen birlikde, tebigy gazy we elektrik energiýasyny tygşytlamak, ýagny maksada laýyk energiýa tygşytlaýjy syýasaty durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk we tehnologiki çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, nebitgaz pudagy üçin ýokary tehnologiýaly desgalary gurmak ulgamynda iň täze işläp taýýarlamalara eýe bolan daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer.

Şeýlelikde, Türkmenistan energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň harytlyk düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň giňeltmegiň hasabynda bazarda eýelän ornunyň häsiýetini hil taýdan özgerder.

Nebitgaz toplumy hil taýdan özgerer we ýurdumyzyň tebigy-serişdeler hem-de ylmy-tehniki kuwwatyna, dünýäniň bu ulgamda gazananlaryna daýanýan döwrebap, ýokary tehnologiýaly, netijeli, durnukly ösýän topluma öwrüler.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýakyn ýyllar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň we onuň möhüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky ugrunyň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, has-da rowaçlanmagyna we ösmegine ýardam eder.