Ï Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklary artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklary artdyrylýar

view-icon 3906
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda Mary welaýatynda Türkmenistanyň serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada çygyş etmek bilen, demir hem-de gara ýollarynyň gurluşygy bilen birwagtda,elektrik geçirijileriň hem çekilýändigini belledi. Biziň ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklary hem hasaba almak bilen Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmak bilen çäklenmän, Türkmenistan –Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işleri alyp barýar.

Milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň elektrik energetikasy hem halk hojalygynyň beýleki pudaklary ýaly düýpli döwrebaplaşdyrylýar, önümçilik we durmuş ulgamynyň ösüşiniň, ykdysady galkynyşyň ygtybarly binýady döredilýär.

Ýokary we has ýokary güýjenmelerde işleýän häzirkizaman elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bilen, aýry-aýry kuwwatlyklaryň, tutuş türkmen energiýa ulgamynyň işlemeginiň has amatly kadalaryny kesgitlemäge hem-de önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçilik peýda boldy.

Elektroenergetika pudagynda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen düzümleýin taslamalary ýokary depginlerde ilerletmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipesini durmuşa geçirmek bilen şu günler Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly usulda işleýän kuwwaty 1574 megowata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginlarde alnyp barylýar. Onuň düzümine 4 gaz turbinasy, 4 galyndyny gaýtadan işleýän enjam, 2 bug turbinasy girýär. Şu ýyl türkmen energetikasynyň bu iri kärhanasynda iki gaz turbinasy gurnalar, olaryň her biriniň kuwwaty 263,5 megowata deňdir. Häzirki wagtda elektrik stansiýanyň ilkinji nobatdakysyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny, Ahal welaýatyndaky gazturbina elektrik stansiýasyny utgaşykly iş tertibine geçirmek boýunça çäreler işlenip taýýarlanylýar, sebäbi ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýa elektrik energiýasy önümçiliginde tebigy gazyň her ýyl sarp edilýän möçberleriniň tygşytlanmagy üçin şertleri üpjün eder we daşky gurşawa taşlanýan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda 500 kBt açyk paýlaýjy enjamyň durky täzelenildi.

Bu Konsepsiýanyň çäklerinde soňky birnäçe ýylyň dowamynda eýýäm meýilleşdirilen gazturbina stansiýalarynyň 14-sinden 6-sy ulanmaga berildi. Pudagyň hünärmenleri 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde umumy kuwwaty 3854 megawata deň bolan täze energetika desgalaryny işe girizmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, şol döwre çenli Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiliginiň çak edilýän derejesi 26 milliard 380 million kilowat sagada ýetiriler, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi bolsa birnäçe esse artar.

Geçen ýyl Lebap welaýatynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze, kuwwaty 254 megawata deň bolan gazturbina elektrik stansiýasynyň işe girizilendigini mysal getirmek bolar, ol bir gije-gündizde 6 million kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürýär, bu welaýatda sarp edilýän elektrik energiýasynyň möçberinden köpdür, munuň özi onuň galan bölegini Türkmenistanyň umumy energiýa ulgamyna goşmaga hem-de Owganystana iberilýän elektrik eneergiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen welaýatyň günortasynda 500 kWt güýjenmeli kiçi stansiýa eýýäm hereket edýär. 220 kWt güýjenmeli “Watan” we “Farap” kiçi stansiýalaryň durky täzelenildi. Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň 500 kW açyk paýlaýjy desgasyndan Lebap welaýatynyň günorta tarapyndaky kiçi stansiýa çenli 500 kW güýjenmeli howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy tamamlandy, ondan Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli şonuň ýaly howa elektrik geçirijisi çekildi.

28-29-njy noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça gepleşiklere täze ýol açdy, mejlis ýurdumyzyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.

Dünýäniň ähli yklymlarynyň 52 döwletinden, iri halkara we sebit guramalarynyň, energetika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forumyň jemleri boýunça strategiki orta möhletli resminama hökmündeHalkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, onda Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň netijelerine hem ýolary baha berildi.

Forumyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda kabul edilen möhüm çözgütler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda alnyp barylýan syýasatyň netijeli hem öňden görüjilikli häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady.Milli Liderimiz energetika ulgamda hyzmatdaşlygyň ХХI asyrda dünýä ösüşiniň durnuklylygyny hem-de okgunlylygyny kesgitleýän şertleriň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Halkara energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri, energetika giňişliginiň häzirkizaman keşbiniň döredilmeginiň esasy ýörelgeleri, onuň howpsuzlygy we durnuklylygy – bularyň ählisi köp babatda uzakmöhletleýin geljek üçin ählumumy ösüşiň umumy ugruny kesgitleýär.

Häzirkizaman ýagdaýlary nukdaýnazaryndan energiýa serişdeleriniň önümçilik ulgamyny, şeýle hem olaryň iberilmegini we ahyrky sarp edilişini öz gerimine alýan ählumumy we bitewi energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň ygtybarlylygynyň hem-de goraglylygynyň kepillikleri hakyndaky başlangyçlarynyň esasynda hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme bardyr, bu başlangyçlar dünýäde barha giň düşünilmegine eýe bolýar. Muňa “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we dürnukly ösüşiň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň üpjün edilmeginde onuň orny” atly Rezolýusiýalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilmş,egi hem şaýatlyk edýär.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Toms Gremingeriň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabatda geçirilen mejlisiniň barşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki wagtda sebitiň döwletlerini energiýa serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek wezipelerini çözmekde, degişlilikde olaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi syýasy gepleşikleriň ilerledilmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.