Ï BMG-niň ulag boýunça täze Rezolýusiýasy — Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ykrar edilmegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň ulag boýunça täze Rezolýusiýasy — Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ykrar edilmegi

view-icon 3736
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçil syýasaty dünýä giňişliginde türkmen döwletiniň abraýynyň artmagyny şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýeti hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň uly ynam bildirmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň teklipleri bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ozal kabul edilen resminamalara, has takygy, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Durnukly ösüş maksadynda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýa hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksadynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmäge tarap ýolda” atly Rezolýusiýa salgylanandygyny bellemek gerek.

Milletler Bileleşigi bu resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyny geçirmegi babatda Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallalaryny goldady hem-de bu forumda Aşgabat beýannamasynyň kabul edilmegini kanagatlanma bilen belledi.

Mundan başga-da, Rezolýusiýada 2014-nji ýylyň 3-nji we 4-nji sentýabrynda türkmen paýtagtynda Ýewropa ykdysady topary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we durmuş topary hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen bilelikde getirilen Halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny hakynda mesele boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şu ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde milli Liderimiziň munuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu ugurda kabul eden ilkinji Rezolýusiýasy däldigini nygtady. Bu ýagdaýyň özi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyga saýlanmagy dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine we onuň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ulag ulgamy boýunça indiki Ählumumy maslahaty Aşgabat şäherinde ýa-da «Awazada» geçirmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk pudagynda – dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň başyny çekýän möhüm böleginde halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Köpugurly, howpsuz halkara ulag düzümini döretmek ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleriniň biridir, ol bu meseläniň BMG-niň işiniň uzakmöhletleýin ugry hökmünde halkara guramanyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylmagyny talap edýän şert bolup durýar.

Bu ugurda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesiniň başyny başlady. Olaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny häzirkizaman derejä çykarmaga, geljek üçin sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň gurluşynyň binýadyny goýmaga mümkinçilik berer.

Giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürmek bilen Türkmenistanyň olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ädýändigini bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” diýen Rezolýusiýa baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, onuň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen hem-de ulag we üstaşyr kommunikasiýalary ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat Jarnamasynyň esasy pursatlarynyň beýan edilendigini bellemek gerek. BMG-niň agza-ýurtlarynyň 66-sy bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hödürlän ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Rezolýusiýany kabul etdi, dünýä döwletleriniň 85-si onuň awtordaşlary bolup çykyş etdi. Bu eýýäm biziň döwletimiziň başyny başlan hem-de Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan makullanylan halkara ulag meseleleri boýunça ikinji resminama bolupdy. Bu wakadan öň ähli derejelerde we köp ugurlarda şol döwürde Türkmenistan tarapyndan uly işler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu Rezolýusiýanyň örän uly ähmiýetini belläp, onuň intermodal logistiki merkezleriniň hem-de gury ýük portlarynyň üsti bilen, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny utgaşdyrýan ulag ulgamlaryny döretmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny, olaryň sebit we halkara derejesinde ykdysady taýdan ösüşe hyzmat etjekdigini nygtady.

Degişli ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde umumy tagallalary birleşdirmek işinde işjeň orny eýelemek bilen, Bitarap Türkmenistan iri düzüm taslamalarynyň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyryp, sebit we dünýä derejesinde birleşen ulag düzümini döretmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamy boýunça ählumumy gatnaşyklar baradaky başlangyç bilen BMG-niň derejesinde belleýşi ýaly, Türkmenistan bu meseläniň Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen gös-göni bagly bolup durmagyndan ugur alýar. Tutuş dünýäde millionlarça adamlara hyzmat etmäge, dünýä serişdelerini gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň esasy wezipelerini çözmegi ugur edinýän döwrebap ulag gurluşyny döretmek – şu ugurda halkara strategiýasynyň maksady bolup durýar.

Halkara ulagyny ösdürmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulmagy bilen olaryň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň halklarynyň durmuş derejesi babatda deňsizligi aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Döwrebap ulag we üstaşyr düzümi döretmek, oňa täze çäkleri çekmek diňe ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyny, ýolda wagtyň tygşytlanmagyny, goşmaça maýalary we beýleki artykmaçlary däl-de, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş desgalarynyň gurulmagyny aňladýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmak arkaly ulag akymlarynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek şunda ileri tutulýan ugur bolmalydyr.

Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda gatnawlary we çatryklary baglanyşdyrýan esasy baş ýollar boýunça halkara ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we düzümi mundan beýläk-de giňeltmek ýakyn geljegiň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmegiň we Ýewraziýanyň iki dünýä ykdysady polýuslaryny birleşdirmegiň maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklykda bu ugurlarda möhüm ulag geçelgelerini emele getirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly ýurtlara, Aziýa we Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlara çykýan günorta we gündogar ugurlarda geljekde halkara ulag düzümlerine birikmegi hem göz öňünde tutýar. Has giň ölçegdäki täze hyzmatdaşlygy döretmek taglymy geoykdysadyýetde düýpgöter täzeçil pikirlenmegiň, ony ösdürmegiň strategik geljegini täzeçe görmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soňky ýyllarda döwrebap ulag üstaşyr logistik infrastrukturany çalt emele getirmek bilen baglanyşykda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän anyk işleri diňe bir milli ykdysadyýete däl, eýsem, ösüşiň sebitleýin ugurlaryna hem güýçli depgin berdi. Örän bähbitli çäk ýagdaýyna eýe bolan hem-de sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan ýurdumyz bu ugurda ählumumy bähbidiň hatyrasyna özüniň örän uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.

Türkmenistan BMG-niň ýörite düzümleri, ozaly bilen hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Topary (ÝYT) hem-de Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin BMG-niň Ykdysady we durmuş topary (ESKATO) bilen ykjam hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýar. Şular ýaly netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginiň yklymlaýyn ýollarynyň çatrygynda ägirt uly tebigy serişdelere hem-de bähbitli çäk ýerleşişe eýe bolan Merkezi Aziýa sebitiniň häzirki zaman ösüşiniň kadalaryna laýyk gelýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini emele getirmegiň möhüm halkasy bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin milli maksatnamalar munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurlygyna oňat düşünýän ýurdumyz häzirki zaman ulag infrastrukturasynyň döredilmegine ägirt uly ähmiýet berýär. Döwletimiz gyzyklanýan ähli hyzmatdaşlar, ýagny aýry-aýry döwletler hem-de abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär hem-de olary yzygiderli durmuşa geçirýär.

Her ýylda 10-12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ulanyşa girizilmegini bu ugurdaky mysal hökmünde görkezmek bolar. Ykdysady bähbitler bilen birlikde bu ýol hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň hem netijeli ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlaryň halkara bazarlaryna bökdençsiz gysga möhletde çykyp bilmegi, harytlary we hyzmatlary ibermegiň ynamlylygy we durnuklylygy dünýädäki umumy ýagdaýa, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetlerine we ugurlaryna, ol ýa-da beýleki döwletleriň dünýä ösüşiniň ýagdaýyna çekilmeginiň derejesine barha oňyn täsir edýär.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda ulagda ýükleri daşamagyň möhüm düzüm bölegi bolar. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Ymamnazar demir ýol menzilinde transmilli polat ýoluň – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Kerki (ozalky Atamyrat) –Ymamnazar  Akina ýolunyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň ulanyşa girizilmegi bilen iki döwletiň üstaşyr ulag kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna täze mümkinçilikleriň dörejekligi gürrüňsisdir. Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berer.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň deňiz flotunyň ösdürilmegine, hususan-da 2013-nji ýylyň awgustynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. Hazaryň kenarynda gurulýan port deňiz ýük daşalyşynyň häzirki zaman ulgamyny emele getirmekde möhüm halka bolar. Ol Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarar.

2017-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň giňelmegi bilen baglanyşykly birnäçe çäreler guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasyna Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň zolagynda ulag aragatnaşyk düzümlerini ösdürilmeginiň geljegine gyzyklanma bilen garamagy teklip edýär hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen özara ykjam gatnaşyklary alyp barmaga taýýardygyny nygtaýar.

Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 74 döwletiň awtordaşlygyna «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Ýokarda agzalanlary jemlemek bilen, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasyny Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitini strategik durnuklylygyň mäkäm halkasy, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzakmöhletleýin ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag üstaşyr düzüm hökmünde görmegiň düzýändigini aýtmak bolar. Türkmenistan möhüm tekliplerini, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek baradaky teklipleri öňe sürmek bilen täze geoykdysady giňişligi emele getirmäge mynasyp goşant goşýar.