Ï Puşkin adyndaky teatryň döredijilik topary “Zoraýakdan tebip bolan” oýnuny sahnalaşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Puşkin adyndaky teatryň döredijilik topary “Zoraýakdan tebip bolan” oýnuny sahnalaşdyrdy

view-icon 1205

Onuň awtory Molýer tahallusy bilen tanalýan beýik fransuz komediografy Žan Batist Poklendir. Ol belli dramaturgyň Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda goýlan ikinji eseridir, olaryň birinjisi—“Skapeniň pyrryldagy” atly eseri aşgabatly teatr muşdaklarynyň halaýan oýunlarynyň birine öwrüldi.

Moýeriň “Tartýuf”, “Don Žuan” we beýleki belli eserleri öz döwrüniň ahlak sypatlaryny açyp görkezen ozboluşly aýna bolup, Ýewropa teatr sungatynda täze ugruň başyny tutupdy. Molýer çeper dil we kinaýa bilen ahlaksyzlygy, bahyllygy, ikiýüzlüligi ýazgaryp, gahrymanlarynyň kemçiligini açyp görkezýär.

Oýny goýan režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow oýnuň edebi esasynda we gahrymanlaryň häsiýetinde häzirki döwürde gabat gelýän ýagdaýlary görkezmekçi bolupdyr. Rahmanowyň Sganareli ýönekeý bir agaç çapýan däl-de, eýsem köňli ylhamly adam, ýogsa agaçlaryň zenan kaddyna meňzedilip çekilmesini nähili düşündirjek diýsene. Žerontyň ýanyndaky seýilgäh oturgyjy-da täsirli çykypdyr. Oňa geçip oturan, hamala, Sganareliň gujagyna düşen ýaly bolup dur. Özem onuň bir tarapyna gök, beýlekisine—gara reňk çalnypdyr. Belki, oňa agaç çapýanyň adamlary gowy we erbet häsiýetlilere bölýär diýip düşünmeli bolsa gerek. Onuň pikirine görä, ýaramaz adamlary aldanyň bilen günä galmarsyň, ýagşylara welin—hökman kömek etmeli...

Molýer öz eserinde kezzap we nadan tebipleri ýazgarýar. Baş gahrymana ussat tebipdir öýdýärler. Sganarel özüniň täze “kärine” yhlasly ýapyşýar hemem aşyklara bir-birine gowuşmaga kömek edýär. Molýeriň Sganareli oýnuň ahyrynda: “Ady belli tebip bolanyň biçem däl-ow!”—diýse, Rahmanow oňa: “Näme diýseňem, her kim öz başarjak işini etmeli!”- diýdirýär. Şeýdibem baş gahryman başarsa-başarmasa adam bejerýän tebipsumaklary paş edýär.

Režisýor Aşyrmuhammet Rahmanow oýnuň ahyryny teswirläp: “Gynansagam, soňky döwürde lukmançylyk ugrundan bilimsiz “tebipler” köpeldi, sada adamlaryň käsi olara ýüz tutýarlar. Ol Molýeriň döreden eserini ýada salýar. Teatryň esasy wezipesi hem öz sungaty bilen adamlaryň ünsüni döwrüň wajyp meselelerine çekmekdir”--diýdi. Baş gahrymanyň keşbini Kerim Ataýew döredipdir. Ol ak manžetli gök eşik geýipdir welin, agynjak XYII asyr lukmany bolaýypdyr. Kerim köpugurly artist, ol öz gahrymanyna dürli häsiýetleri berip, çylşyrymly keşp döredipdir. Onuň gahrymany bir tarapdan, çemeçil hem mekir, başga bir tarapdan—öte mähirli we ýagşylyga ilgezik adam.

Anastasiýa Balandina owadanlygy bilen erkekleriň başyny aýlap, adamsynyň ýüreginde gabanjaňlyk duýgusyny döredýän Žakliniň keşbini ussatlarça açyp görkezýär, onuň ýanýoldaşynyň keşbini Rahym Hommadow döredipdir.

Oýnuň özboluşly saz bezegini düzen Begenç Kakaýew häzirki zaman eserlerini ulanyp, režisýoryň aýtjak bolýan pikirini nygtaýar. Sahna bezegini ýerine ýetiren Pyragy Amangeldiýewiň işi-de şowly bolupdyr, aýratynam oýna sazlaşykly bezeg berýän bagdaky oturgyç täsirli çykypdyr.

Gürrüňsiz, tomaşaçylar oýny goýmaga gatnaşanlaryň ählisiniň zehinine mynasyp baha berseler gerek, Molýeriň “Zoraýakdan tebip bolan” oýny Puşkin adyndaky teatryň repertuarynda özüne mynasyp orun eýelär diýip umyt edýäris.