Ï Oraz Agabaýewiň şahsy sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oraz Agabaýewiň şahsy sergisi

view-icon 95
Oraz Agabaýewiň şahsy sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp grafika eserleriniň şahsy sergisi açyldy. Sergi myhmanlarda uly täsir galdyrdy: suratkeşiň eserleri bilen birinji gezek tanyş bolan tomaşaçylar onuň işlerine haýran galdylar, ony öňden tanaýanlar bolsa, ony üstünlikli döredijiligi bilen gutladylar. Serginiň açylyş dabarasynda sungat işgärleri we myhmanlar hormatly suratkeşe öz hoşallyklaryny bildirdiler.

1976-njy ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini tamamlanyndan soň Oraz Agabaýew çopanlar barada grafika taýdan kitap taýýarlady. Bu eser suratkeşiň şeýle bir ünsüni çekdi welin, ol onuň döredijiliginiň möhüm bir bölegi boldy. Şeýlelikde biziň ýurdumyzda başga suratkeşleriň eserlerine meňzemeýän özboluşly grafika eserler döredi. Çeperçilik sungatynyň bu görnüşine höwesi bolan Oraz Agabaýew bilimini Iwan Fýodorow adyndaky Ukrain poligrafik institutynyň grafika fakultetinde dowam etdirdi. Okuw döwründe ol grafika sungatynyň surat çekme, galam, kömür galam, estamp, haşamçylyk we litografiýa görnüşlerini başarýardy. Ol grafika degişli ähli zady öwrendi. Ýöne suratkeş – bu, şol bir wagtyň özünde, uly bilim gory bolan we öz kalbynda dörän temany aýdyň görkezmegi başarýan filosofdyr.

– Men döredijilikde adamyň ruhubelentligini, beýikligini we gözelligini wasp edýärin – diýip, Oraz Agabaýew aýdýar. – Adatça bir keşp barada oýlanýaryn, ýöne işimiň dowamynda nämedir bir zat maňa surata başga bir şekil goşmalydygymy aýdýar.

Sungaty öwreniji Oraz Agabaýewiň haýsy biçüwde işleýändigini bilmek üçin kelle döwýärler. Bir tarapdan, ol milli dünýäni duýşuna esaslanýar, beýleki tarapdan bolsa öz işini modern biçüwde alyp barýar. Oraz Agabaýewi öz işini gowy bilýän suratkeş hökmünde atlandyrýarlar. Düzgün boýunça, ol bir temadan başlaýar, emma oňa ýekeje surat ýetmeýär, oňa ikinji, üçünji, dördünji surat gerek bolýar. Şeýlelik bilen hem «Magtymguly sözlär tili türkmeniň», «Meniň Watanym», «Miras», «Oguz äheňleri», «Dört çemen» we beýleki suratlary döredi.

Suratkeşiň «Dört çemen» eserinden soň sungat işleriniň sergisi başlandy. Türkmen halkynyň durmuşyny dürli taraplardan görkezýän bu dört suratlarda şahyryň näme şekillendirendigi hemişe düşnükli däl. Ýöne Oraz Agabaýewiň aýtmagyna görä: – Esasy zat tomaşaçylaryň özüniň many çykarmagydyr.

Sergidäki suratlaryň birinde täze öýüne öwrenişip bilmeýän ýaş gelniň suraty şekillendirilen. Ol gör nähili uly şatlyk bilen böwetlerden geçip öz ejesine, uýalaryna dolanmak islärdi, emma gaýyn enesiniň alarlyp duran bakyşy ony hiç gününe goýanokdy. Ýöne bu meniň öz garaýşym. Oraz Agabaýewiň eserlerinde simwolizm köp. «Maşgala» suratynda bolsa agaç görnüşinde şekillendirilen ýaş erkek adam bar. Oňa direge mätäçlik çekýän ýaşy uly aýal söýenip dur, aşak tarapyndan bolsa gorawsyz çagalar aslyşyp dur. Iň gyzykly bölegi – erkek adam kellesinde tersine goýlan gazany saklap dur. Beýle görnüşde bolsa gazan ähli maşgalany goraýan gümmeze meňzeýär. Bu suratynda Oraz Agabaýew erkek adamynyň geçmiş we geljek arasyndaky halkadygyny, esasdygyny ýatladypdyr.

Sergä goýlan suratlara üns bilen syn eden tomaşaçylaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow hem bar. «Öwgi sözleriňizi gysganmaň – diýdi ol maňa, Oraz Agabaýewi näçe öwseň hem azdyr»