Ï Türkmenistanly okuwçylar «Infomatrix 2018» halkara taslama olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly okuwçylar «Infomatrix 2018» halkara taslama olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

view-icon 3120
Buharestde «Infomatrix 2018» atly informatika halkara taslama olimpiýadasy geçirildi, oňa dünýä ýurtlaryň 43-sinden 11 ugur boýunça 595 işiň awtorlary bolan 1016 okuwçy gatnaşdy.

Taslama işleriniň 7-sini, şol sanda bilelikdäki işleri taýýarlan okuwçylaryň 11-si ýurdumyza wekilçilik edip, kümüş medallaryň 2-sini we bürünç medallaryň 9-syny eýelediler. Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň informatika mugallymy Maksat Meredow türkmen intellektuallar toparynyň halypasydy.

Aşgabadyň 86-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Ejegül Akmämmedowa we Gözel Nazarowa kümüş medala mynasyp boldular.

86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Enejan Annamuhammedowa we Aýşat Geldimyradowa, Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň wekilleri Resul Şamuhammedow, Leýli Aşyrowa we Maral Durdyýewa, şeýle hem 97-nji mekdepden Atajan Joraýew, Ahmet Akyýew, Merdan Nepesow we Didar Hallyýew dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmen okuwçylaryň abraýly halkara olimpiýadalarynda üstünlikli çykyş etmegi ösüp gelýän ýaş nesliň intelelktual we döredijilik mümkinçiligini, analitik endiklerini we öz-özüňi kämilleşdirmegini höweslendirmäge gönükdirilen innowasion bilimiň milli strategiýasynyň netijeliliginiň subutnamasydyr.