Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 1164
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler we beýlekiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen (“Türkmengaz” DK) awtobenzini, şeýle hem tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Rusiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen telekeçiler nah ýüplük, portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 41 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýeden gelen işewür toparlaryň wekilleri umumy bahasy 5 million manat bolan nah ýüplükleri satyn aldylar.