Türkmenistanyň demirgazygynda milli özgertmelr maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar.
Meselem, Daşoguz welaýatynyň alys sebitleriniň biri bolan S. Türkmenbaşy etrabynda orta basyşly täze gaz geçirijileriň birbada birnäçesi çekilýär. Aşyr Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň obalaryna çekilýän täze gaz geçirijileriniň ikisiniň umumy uzynlygy iki kilometr alty ýüz metrden-de geçýär. “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň ýörüteleşdirilen edaralarynyň tagallasy bilen has ýokary geçirijiligi we berkligi bilen tapawutlanýan täze turbalardan “Görelde”, “Gurbansoltan eje” we “Dostluk” geňeşliklerinde şu günler dürli aralyklara orta basyşly täze gaz geçirijiler çekilýär. Umuman, etrabyň täze gurlan jaýlaryna eýýäm kommunikasiýalaryň ýedi kilometre golaýy çekildi. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijini 21 kilometr 800 metre ýetirmek göz öňünde tutulýär.
Ägirt uly serişde gorlary bolan Türkmenistanda ilat üçin amatly durmuş gurşawyny kemala getirmek we oňaýly şertler döretmek üçin çäreler toplumy durmuşa geçirilýär. Daşoguz welaýatynda aglaba bölegi oba ýerlerindäki hususy jaýlar bolan gurlup ulanmaga berlen binalary gazlaşdyrmak boýunça işler etraplaryň ählisinde ýokary depginlerde alnyp barylýar. “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň ýörüteleşdirilen edaralary ýylyň ahyryna çenli bir ýüz ýigrimi bäş kilometrden gowrak täze gaz kommunikasiýalaryny çekmegi göz öňünde tutýarlar.