Ï Telekeçileriň saldamly goşandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçileriň saldamly goşandy

view-icon 1035
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda alkogolsyz içgileri öndürýän hususy önümçilik işe girizildi. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Döwür gurluşyk” hususy kärhanasy “H. Myradow” daýhan birleşiginde gurnady. Önümçilik sehinden başga-da, kärhanada taýýar önümi saklar ýaly ammar hem bar.

Täze önümçiligiň häzirlikçe synag edilýändigine garamazdan, onuň önümlerine welaýat alyjylar bazarynda isleg uly. Kärhanada 0,5 we 1,5 litrlik plastik çüýşelerde ýürek sowadyjy içgileriň ondan gowrak görnüşi öndürilýär. Bu ýerdäki laboratoriýanyň hünärmenleri önümiň hiline gözegçilik edýärler. Işiň şowly başlangyjy önümiň görnüşlerini we möçberini artdyrmak üçin täze enjamlary satyn almaga isleg döredýär.

Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldanylmagy hususy haryt öndürijileriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda ömdürmek we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam edýär. Sebitde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň iki ýarym müňden gowragy hasaba alyndy. Et, süýt, gök-miwe we beýleki önümleri öndürip, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmeklige olaryň goşandy barha artýar.