Ýokary hilli, halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 46 görnüşini çykarýan Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini çykarýan kärhanasynda ýakyn wagtda önümleri eksporta ugratmak göz öňünde tutulýar.
Medisina senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe ýyl mundan ozal işe girizilen kärhana demirgazyk sebitiň ýokary tehnologiýaly önümçilikleriniň biridir. Ýewropanyň belli kompaniýalaryndan alnan enjamlarda her ýyl 13 million gaba golaý zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleriniň dürli görnüşleri öndürilýär, olar ýurdumyzyň bejeriş edaralarynyň we ilatynyň talabyny doly ödeýär.
Şu ýylyň sekiz aýynda üç million manatlykdan gowrak önüm, şol sanda zyýansyzlandyrylan we zyýansyzlandyrylmadyk sargy serişdeleri, şol sanda dürli ölçegli gips we elasriki bintler, zyýansyzlandyrylan tamponlar, kompressor joraplar, dyz sargylary, daban bilen injigiň arasynyň sargylary we beýleki önümler öndürildi.