Täze inženerçilik desgasy köne, indi barha artýan ulag gatnawlarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän, iki zolakly köprä derek gurlar. Täze köprüniň ganatlary uzynlygy 110 we 64 metrlik demir gurnamalardan, şeýle hem demir-beton pürslden gurlar, olar ýokary ýük göterijiligini we desganyň durnuklylygyny üpjün ederler. Köprüde emeli yşykly we germewli ini iki metrlik pyýadalar üçin zolak bolar.
Täze köpri Türkmenistanyň Günbatarynda gurulýan logistika ulgamynyň bir bölegidir. Onuň üstünden awtomobil ýoly geçer, ol Aşgabat-Türkmenbaşy multimodal garaýolunyň dowamy bolar we Türkmenistan bilen Gazagystany baglaşdyrar, bu bolsa iki ýurduň arasynda ulag akymyny hem-de haryt dolanşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.