Kärhanada ýurtda ilkinji bolup laminadyň aşagyna ýazylýan penopolietilen düşeklik çykarmak özleşdirildi. Indi açylmaly sehde gije-gündizde kuwwatlylygy ini iki metrden on metre, galyňlygy 150 mikrondan 300 mikrona çenli 10 tonna polietilen plýonka çykarmaga niýetlenen enjam oturdylýar. Ol ýyladyşhana hojalyklarynda ulanylar.
Şol bir wagtyň özünde zawodyň meýdançasynda firma dükany gurulýar, ondan «Türkmen şöhle» kompaniýasynyň çykarýan plastmass önümleriniň ähli görnüşini satyn alyp bolar. Kärhanada günde 300 tonnadan gowrak ýerli çig mal gaýtadan işlenilip, çagalar üçin oýnawaçlar, durmuşda ulanylýan esbaplar, gaplaýyş serişdeleri, paketler -- önümleriň jemi 100-den gowrak görnüşi çykarylýar. Kompaniýanyň önümleri tutuş ýurt boýunça ýörüteleşdirilen dükanlarda bar, olary ýerli kompaniýalaryň 10-dan gowragy satyn alýarlar.
Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem Gyýanlydaky polimer kärhanasyndan alynýar, bu ýerden eýýäm 1000 tonnadan gowrak has dykyş polietilen we polipropilen alyndy, bu bolsa işi üç çalşykda guramaga hem-de harytlaryň täze, şol sanda eksporta gönükdirilen görnüşlerini çykarmagy özleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Kompaniýa harytlaryny daşary ýurt bazarlarynda ilerletmek işlerini hem alyp barýar. Eýýäm olary Owganystana, Belarusa, Özbegistana we beýleki ýurtlara ugratmak ýola goýuldy.
Ýurduň plastmass önümler bazary işjeň ösdürilýär. «Türkmen şöhle» kompaniýasyndan başga-da, bu ugurda “Derýa plastik”, “Ak Gap”, “Uly Çynar”, “Bir dünýä”, “Saka”, “Baky Bina” hojalyk jemgyýetleri, “Lälezar Zaman”, “Tämiz gap”, “Sazlaşykly ösüş” hususy kärhanalary üstünlikli işleýärler. TSTB-niň maglumatlaryna görä, polimer önümlerini öndürýän hususy kärhanalarda 2000-e golaý adam işleýär.