Ï Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi

view-icon 4111
Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Petank boýunça Aşgabadyň bäşinji açyk birinjiliginiň --«5th Ashgabat Tissot Open 2019» ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy. Ýaryş Bouygues Turkmen kompaniýasynyň ýörite meýdançalarynyň on dördüsinde geçirildi. Birinjiligi şu ýyl döredilen Petank milli federasiýasy, ýaryşyň baş hemaýatkäri –dünýä belli şweýsar sagatlaryny öndüriji «Tissot» kompaniýasy guradylar. Şeýle hem ýerli kompaniýalar bolan Biyat HJ, Arassa deňiz HK, Dogrulyk HJ hemaýatkärlik goldawyny berdiler.

Oňa Aşgabatda geçirilen ýaryşlaryň taryhynda iň köp türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşiklere professional we höwesjeň türgenleriň 100-e golaýy gatnaşyp, olar erkekler, zenanlar we garyşyk toparlaryň 30-syna bölündi, olaryň 11-si sportuň şu görnüşi boýunça Milli federasiýanyň hemişelik agzalarydyr. Aýry meýdançada çagalar toparlarynyň dördüsi çykyş etdiler.

Türkmen türgenleri, daşary ýurtly diplomatlar, ýerli we daşary ýut kompaniýalrynyň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary petank oýnamaga başarnygyny görkezdiler.

Ilki saýlama ýaryş, soňra toparlaýyn tapgyr geçirilip, ol Grand Prix we Cub B finalyna gatnaşjak 8 topar kesgitledi. Asia mix we Mages toparlary takyk taktika, dürs, gujurly, iň esasy-da, agzybir oýnap, baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Aşgabadyň açyk birinjiliginiň Kubogyna hatarynda Zinowiý Arşawskiý, Begenç Ballyýew, Kemal Mehtiýew çykyş eden Asia mix topary mynasyp boldy. Olar Aleksandr Nowokşonowyň, Gaýgysyz Orazgulyýewiň, Merdan Bäşimowyň oýnan Mages toparyndan 13:11 hasabynda üstün çykdylar. Üçünji orny Süleýman Ataýewiň, Ýegor Kiforenkonyň, Azat Akmämmedowyň wekilçilik eden Legion topary eýeledi.

Cub B tapgyryndaky ýaryşda hatarynda Nicolas Dufau, Johann Bourgeos, Michel Bourdanove dagy çykyş eden Bouygues kompaniýasynyň «Gladiateur» topary öňe saýlandy. Toparlaryň kapitanlarynyň ses bermegi netijesinde erkekleriň arasynda Oleg Osadçiý, zenanlardan – Aziza Arşawskaýa, ilkinji gezek ýaryşa gatnaşan güýçli türgen diýlibem – Azat Akmämmedow yglan edildi.

Türkmen pentakçylary içerki çempionatlara, şeýle hem Bütindünýä petank federasiýasynyň (FIPJP) howandarlygynda geçirilýän ýaryşlara köpräk gatnaşmagy göz öňünde tutýarlar.

Petank milli federasiýasynyň baş sekretary Batyr Kadyrow ýakyn geljekde göz öňünde tutýan meýilnamalary barada gürrüň berdi. Aşgabadyň açyk birinjiliginiň Kubogy ugrunda ýaryşyň netijesi boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary düzüler. Zenanlar topary Pnompende (Kamboja) geçiriljek Dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşar.

Erkekler ýygyndy topary 2020-nji ýylyň Dünýä çempionatyna saýlama ýaryş bolan dekabr aýynda Wýetnamda geçiriljek Aziýa çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin goşmaça meýdançalary döretmek işi tamamlanar, şeýle hem çagalar petank bölümi açylar.